Wikipediýa:Mynasyplyk

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Mynasyplyk şertleri
Bu sahypa Wikipediýa kadalary we ýörelgeleri baradadyr.

Mynasyplyk, Bir mowzugyň Wikipediýada öz başyna bir makala açylmagyna mynasypmy ýa-da däldigini kesgitlemek üçin ulanylýan ýörelge.

Mynasyplyk gollanmasy

Mynasyplyk kriteriýalary

Bir mowzuk birnäçe bitarap, abraýly we ygtybarly çeşme tarapyndan ähmiýetli biçüwde we giňişleýin hasaba alynan bolsa we ol mowzuk "Wikipediýa näme däldir" kadalaryna girmeýän bolsa onda ol mowzuk Wikipediýada özbaşyna makalasy bolmagyna mynasyp saýylýar.

  • Ähmiýetli biçüw: Mowzuk ol çeşmede gönüden öz başyna hasaba alynan bolmaly. Elin gözlege zerurlyk galdyrmajak biçüwde bolsa bu mowzuk Wikipediýa mynasyp hasaplanýar.
  • Birnäçe ygtybarly çeşme diýlende biri-birinden garaşsyz we biri-birinden tapawutly çeşmeler gözöňünde tutulýar. Çeşme sany çeşmeleriň hiline baglydyr. Çeşmeler bitarap nukdaýnazara eýerýändigi we ygtybarlydygy anyklamaga elýeter bolmaly.
  • Mynasyp saýylýar diýilmegi mynasypdygyna kepil geçýär diýip teswirlenmeli däldir, bu mowzuk özbaşyna makala ýazylmagy üçin uly ähtimallyga eýedir. Beýle mowzuk meselem haýsydyr bir mowzugyň içinde aýratyn bölüme ýerleşdirilmegi mümkindir ýa-da bu mowzuk "Wikipediýa näme däldir?" kadalaryna gabat gelýän bolup biler, şu sebäpden bir makala özbaşyna sahypa eýe bolmaga mynasypdygy ýa däldigi çekeleşige açykdyr.

Bu kriteriýalar Mynasyplyk kadalarynyň düýp ýörelgesidir. Eger-de bir mowzuk bu kriteriýalara gabat gelmeýän emma şonda-da giňden meşhur bolan bir mowzuk bolsa onda ol başga makalanyň içinde ýerleşmegi çekeleşilip bilner.

Mynasyplyk kadalary makalalar üçindir, makala mazmuny üçin däl

Makala içine alynjak maglumatlar ýa-da materiallar Mynasyplyk kadalaryna tabyn däldir. Olar Wikipediýa:Tassyklama, Wikipediýa:Bitarap nukdaýnazar we Wikipediýa:Elin gözleg gadagan kadalaryna tabyndyr.

Mynasyplyk nämedir - näme däldir

Makala mazmuny mynasyplyga täsir etmeýär

Mynasyplyk statusy makala mowzugy üçindir, makala içinde üpjün ediljek maglumatlar näçe pes hilli ýa-da az bolsa hem sahypa öz başyna bar bolmaga dowam edip biljekdigine ýa-da däldigine täsir etmez. Makala mazmuny garyp bolsa o makala "Ownuk makala" statusy berilmelidir, özbaşdak makala mynasyp däl diýlip öçürlip bilinmez. Eger makala mazmuny baý emma taraply ýa-da elin gözleg bolsa degişli kadalara görä şablon ýerleşdiriler, makala mazmuny taraply ýa-da elin gözleg netijesi bolmagy o makalanyň mynasyplygyna garşy sebäp hökmünde ulanylyp bilinmez.

Mynasyplyk üçin tassyklanyp bilinjek delil hökmanydyr

Bir mowzuk mynasyp saýylmagy üçin ýeterlik üns çekendigi barada delil bolmalydyr. Bir makalanyň özbaşyna makala bolmagyny anyklamak isleýän ulanyjy o makala ýeterlik çeşmeden üns görendigini anyklap bilmelidir.

Mynasyplyk jaýdar çeşmeleriň barlygyna baglydyr, makalada ýeterlik çeşme sitata edilmegine däl

Makalada ýeterlik ýa-da hiç çeşme ýok bolmagy makalanyň mynasyp däldigini aňlatmaýar. Mynasyplyk bu mowzugyň ýeterlikli çeşmelerden üns çekip çekmändigine bagly, o çeşmeleriň sitata edilendigine ýa-da edilmändigine däl. Meselem haýsydyr bir o diýen meşhur däl bir şahyr bir näçe ygtyýarly resmiler tarapyndan (meselem ýokary okuw we orta mekdep gollanmalary) hasaba alnan bolsa o şahyr özbaşyna sahypa mynasypdyr.

Mynasyplyk wagtlaýyn däldir

Bir makala bir döwürde Mynasyplyk derejesine ýeten bolsa we indi beýle däl bolsa (meselem 1950-nji ýyldaky aýdymçylar häzir ýeterlik derejede meşhur däldir, häzir üns çekýänem däldir belki) bu sahypa Wikipediadan öçürilmeli däldir, Mynasyplyk statusyna ýeten mowzuk hemişe mynasyp saýylmalydyr.

Mynasyplyk kadalary nämä gerek?

Mynasyplyk talaplary bolmasa Wikipediýa her mowzuga ýer bermeli bolar. Mundanam daşary:

  • Wikipediýa üçin giňişleýin hasaba alynmak zerurdyr bir mowzuk üstündäki makala diňe bir gysga kesgitleme ýa-da ýarym abzas bilen çäklenmezligi üçin.
  • Ygtybarly çeşmeler Wikipediýa üçin hökmanydyr her gabat gelen gybat Wikipediýa ýazylmagy üçin.
  • Bitarap 3-nji tarap çeşmeler hökmanydyr Wikipediýa her mowzuga adyl we deň çemeleşip bilmegi üçin; haýsydyr bir tarapyň propogandasyny ýa-da garalamasyny ýaýratmazlyk üçin.
  • Birnäçe çeşme hökmanydyr giňişleýin we köp taraply maglumat üpjün edip bilmek üçin.
  • Bitarap nukdaýnazar, Elin gözleg gadaganlygy we Tassyklama hökmanydyr Wikipediýada her kim öz bähbidini ýa-da garaýşyny öňe çykarmazlygy üçin.

Bu kriteriýalaryň ählisi düýp ýörelgelerdigi üçin ähli makalalar bu kadalara tabyndyr.

Adatdan daşary ýagdaýlar

Mahabat, ýaýbaňlandyrma we meşhurlyk

Meşhurlyk Wikipediýa mynasyplyk däldir, bir mowzuk meşhur bolmagy ony göni mynasyp derejä çykarmaýar.

Wikipediýa ýaýbaňlandyrma ýeri däldir. Tölegli ýaýbaňlandyrma, elin-ýaýbaňlandyrma, önüm ýaýbaňlandyrma ýaly maglumat berýän ýa-da mowzugy hasaba alýan çeşmeler mynasyplyga güwä geçmeýär. Mowzugyň mynasyp saýylmagy üçin garaşsyz we bitarap çeşmeler hökmanydyr.

Wakalar

Wikipediýa habar beriş serişdesi däldir, haýsydyr bir habar beriş serişdesi tarapyndan habar edilen waka gönümel mynasyp däldir. Metbugat jarnamalary, jemgyýetçilik jarnamalary, sport wakalarynyň beýany ýa-da mini-žurnalizm mynasyplyk üçin möhüm hasabat däldir. Hat-da metbugat tarapyndan giňişleýin beýanat hem mynasyplyga ýetmän biler eger-de waka tankydy göz bilen hem hasaba alynmadyk bolsa.

Mynasyp däl makalanyň üstünden barylsa näme etmeli?

Mynasyplyga gabat gelmeýän makalalar makala statusyny gorap bilmeýär. Bagly ýa-da ugurdaş bir mowzugyndaky özbaşdak makala bölüm hökmünde ýerleşdirlip biliner, eger beýle sahypa ýok bolsa onda mynasyp däl sahypa adatça öçürilýär.

Eger makala mynasyplyk şertleri bolan birnäçe çeşme talabyny üpjün etmeýän bolsa ulanyjylar özleri akýüreklilik bilen esas gözläp bilerler ýa-da:

  • Makalanyň çekişme sahypasynda makala döredijisine ýa-da Wikipediýa jemgyýetindäkilere bu barada geňeşip bilerler;
  • Makala {{Mynasyplyk}} şablonyny ýerleşdirip bilerler;

Eger akýürekli gözlegden soňra hem degişli mowzuk mynasyplyk şertlerine gabat gelmeýän bolsa ony birleşdirer ýaly sahypa gözläň. Ol hem ýok bolsa onda öçürilmegi talap edilip biliner we sahypa öçürilmelidir.