Wasiliý Ýan

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Wasiliý Ýan (1875-1954) —Meşhur rus ýazyjysy Wasiliý Grigorýewiç Ýan (hakyky familiýasy - Ýançeweskiý) 1875-nji ýylda, Kiýew şäherinde dünýä inipdir. Onuň kakasy latyn hem grek dili mugallymy bolup işleýän eken, Wasiliý hem onuň okadýan gimnaziýasynda bilim alypdyr. 1897-nji ýylda geljekki ýazyjy Peterburg uniwersitetiniň taryh-filologiýa fakultetini tamamlapdyr. Wasiliý Ýan syýahat etmegi halapdyr. Ol uniwersitetden soň iki ýyllap Russiýada syýahat edip, başyndan geçirenleri barada «Pyýadanyň ýazgylary»(1901) atly ilkinji kitabynda gürrüň beripdir. Soňra ýazyjy bir ýyllap Angliýada ýaşaýar, syýahat edýär, Britaniýa muzeýiniň kitaphanasynda işleýär.

1901-nji ýylda Ýan ilkinji gezek Aşgabada (ol wagt - Ashabad) gelýär. Bu ýerde ol gündogar dillerini we ýerli ilatyň durmuşyny, däp-dessurlaryny öwrenýär. 1902-nji ýylda Ýan ylmy-statistik maksat bilen (kerwen ýollarynyň ugrundaky guýylary barlamak üçin) Hywa ugraýar, Hywa hanynyň diwanynda myhman alynýar. Biziň güneşli ülkämize ýazyjy soň-soňlaram birnäçe gezek gelendir, çünki biziň sada halkymyz ýazyjyda örän uly täsir galdyrypdyr. Ýazyjy birnäçe ajaýyp eserlerini ata-babalarymyzyň miras goýan rowaýatlarynyň esasynda döredipdir.

Wasiliý Ýan soňra ýene birnäçe ýerleri syýahat edýär, Sankt-Peterburgda, Daşkentde, Türkiýede, Birinji Jahan urşy döwri Rumyniýada, soňra Sibirde, Minusinskde, Samarkandda işleýär. Ahyryn 1928-nji ýylda Moskwa dolanyp, taryhy hekaýlaryny we powestlerini ýazmaga girişýär.

Wasiliý Ýanyň iň esasy we iň meşhur eserleri - «Mongollaryň çozuşy» trilogiýasydyr. Onuň birinji bölümi - «Çingiz han» romany 1939-njy ýylda çap edildi. Ýazyjy bu eserinde rehimsiz mongollaryň serdary Çingiz handan ötri, birnäçe edermen türkmen gerçekleriniň, şol sanda Jelaleddin Meňburnuň ýatda galyjy keşpini döredipdir. Trilogiýanyň ikinji kitaby «Baty han» 1942-nji ýylda okyjylara ýetirildi. Bu eserleriň ikisi hem türkmen diline terjime edildi. ««Iň soňky deňze» sary» atly üçinji kitap Wasiliý Ýan aradan çykanyndan soň, 1955-nji ýylda okyjylara gowuşdy.

Uruş döwri ýazyjy Watan goragyna gitjek bolupdyr, emma ýaşy gartaşan ýazyja ýol bermändirler. Ol wagt ýazyjy Daşkentde ýaşapdyr. 1942-nji ýylda ýazyja «Çingiz han» romany üçin birinji derejeli Stalin baýragy berildi.

Uruşdan soň Ýan birnäçe hekaýalar ýygyndysyny, powestlerini, «Aziýanyň mawy alyslyklary»(1947-1948) ýol ýazgylaryny çap etdirýär. Emma soňky ýazan eserleriniň hiçisi hem kämilligi boýunça «Çingiz han» romany bilen bäsleşip bilmez.

Wasiliý Ýan 1954-nji ýylda, Moskwada aradan çykypdyr.