Mazmuna geçiň

Uweý

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Höküm sürdi: b.e.öň 114—b.e.öň 105

Özünden öň: Içiz

Özünden soň: Uşilu

Öldi: b.e.öň 105.

Hun türkmenleriň hökümdarlygy

Kakasy: Içiz

Aýaly: ???

Çagasy: Uşilu

Umumy maglumat

[düzet | çeşmäni düzet]

Uweý Şanýuý Miladydan öň 114-nji we miladydan öň 105-nji ýyllar aralygynda hökümdarlyk edipdir. Içiziň uly ogly bolan Uweý şanýunyň häkimýet döwri Hun imperiýasynyň durgunlyk döwri saýylýar. Hun Hökümdarlygynyň 4nji döwri saýylýar. Häkimýetiň 4-nji ýylynda Çyn-Maçyn ilçisi oňa imperatoryň ony huzuryna çagyrandygyny we Wassallygy kabul etmegini isleýändigini aýtdy. Uweý muňa gazaplanyp ilçini Baýkal köliniň etraplaryna sürgüne ugratdy we goşunyna dynç berdi. Ýan-sin atly Çyn-maçyn ilçisi ötünç sorap Şanýunyň rugsady bilen imperatoryň ýanyna gitmek isledi. Şanýuý bolsa oňa haýbat atyp Çyn-maçyn şazadasyny talap etdi. Şanýuý belli karara gelip bilmän özi Çynmaçyna gitmek isledi we Imperator Wudi Uweý üçin Çankanda bir saraý dikilmegini emr etdi. Şondan soňky ýyl Hun ilçisi Çyn-Maçynda syrkawlandygy üçin Uweý ony öldürüpdirler diýip pikir etdi we Çyn-Maçyna gitmek pikirinden ýüz öwürdi. Miladydan öňki 105-nji ýylda ölen Uweýiň ýerine heniz ýaş ogly Er şanýuý hökümdar diýlip yglan edildi[1].

1. ^ Bichurin N.Ya., "Collection of Information on Peoples in Central Asia in Ancient Times", vol. 1, p. 46.