Mazmuna geçiň

Içiz

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Höküm sürdi: b.e.öň 126—b.e.öň 114

Özünden öň: Kuniçen

Özünden soň: Uweý

Öldi: b.e.öň 114.

Kakasy: Kuniçen

Aýaly: ???

Çagasy: Uweý

Umumy maglumat

[düzet | çeşmäni düzet]

Içiz şanýuý miladydan öňki 126-njy 114-nji ýyllarda hökümdarlyk eden Hun imperatorydyr. Onuň häkimýet döwri iň gowy döwürleriň biri hasap edilipdir. Ol Kiokyň ikinji ogly we Kuniçeniň jigsidi. Şerk Luli şazadasy tituly bolan Içiz jigsi ogly sol tarapdaky serhetleriň şazadasy bolan Ýuýbiniň üstüne çozup häkimýeti ele aldy. Ýuýbi Çyn-maçyna gaçdy we bir näçe aýdan soňra öldi. Içiz häkimýete dyrjaşýanlar bilen haklaşdy. Hun döwletindäki bulaşyklykdan peýdalanan Imperator Wudi uruş oglan etdi. Hunlar muňa jogap edip Çynmaçynyň serhet taraplaryndan 2000 adamy gul edip alyp gitdiler. Hökümdarlygyň 2-nji ýylynda üç topar bilen hüjüme geçen we 30.000 esgeri bir topara bölen Içiz, Şofan şäherini zabt etdi. Muňa jogap edip 100.000 esgerden ybarat Çyn-maçyn goşuny 15.000 hunlyny ýesir alyp dyza çekildi. Soňky ýyl Çyn-maçyn goşuny bütin goşun birliklerini herekete geçirdi. Serkerde Siu Fan gaçsa-da beýleki serkerde Çao Hsin olara ýesir düşdi we Içiziň bajysyna öýlendi. Asly Hunlardan bolan Hsin täzeden taýpalarynyňka dolandy. Soňky ýyllar Hun goşunlary has erbet urgulara sezewar bolup heläk boldylar, köpüsi yza çekilip gaçyp gutuldylar. Içiz uruşda ýeňilen iki serkerdäni, şazada Hunýe we Sýuçuny ýanyna çagyrdy. Jezalanmakdan gorkan Hunýe Çyn-maçyna gaçmagy ýüregine düwse-de Sýuçu onuň bilen gitmek işlemedi. Şol sebäpli Hunýe Sýuçuny öldürdi we gaçdy. 114-nji ýylda täze planlary düzen Içiz öldi. Ýerine ogly Uweý geçdi.