Mazmuna geçiň

Kuniçen

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Höküm sürdi: b.e.öň.161 —b.e.öň.126.

Özünden öň: Kiok

Özünden soň: Içiz

Öldi: b.e.öň 126.

Kakasy: Kiok

Aýaly: Hytaý şagyzy.

Çagasy: Ýuýbi

Umumy maglumat

[düzet | çeşmäni düzet]

Günhan(KUNIÇEN一M. Ö. 161- M. Ö. 126) Günhan (Güniçen) miladydan öňki 161 ý. Miladydan öňki 126-njy ýyllar aralygynda hökümdarlyk eden Hun şanýusydyr. Onuň döwri Hun imperiýasynyň iň güýçli döwri hasap edilýär. Hun hökümdarlarynyň içinde iň uzyn ömür süren döwründe Çyn-Maçynda 4 imperator täzelenipdir. Gökhandan (Kiok) soňra Hun tagtyna ogly Günhan (Kunçin) (M. ö. 160m.ö.126 ý.ý.) geçdi. Gün han atasy Oguz han we kakasy Gök han ýaly agalyk ediji, berk hökümdar däldi. Bu döwûrde döwlet ugrynda Hytaý (Çyn-maçyn) çozuşlary we surnukdyryjy uruşlar möwç almaga başlady. Hytaýlylaryň yzly-yzyna gazanan ýeňişleriniň soňunda, Hun häkimýeti Gobi çölüniň demirgazygyndaky Orhon derýasynyň kenaryna çekildi. Döwletiň baý günorta-günbatar topraklary Hytaýyň eline geçdi. Hytaýdan alynan bergiler kesildi. Hun şazadasy arasyndaky çaknyşyklar we içki dawajeňjeller döwleti ysgyndan gaçyrdy