Tegelek agyzlylar

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Tegelek agyzlylara minogalar we miksinler degişlidir. Bu topara degişli haýwanlaryň hereketli äňleri bolmaýar.

Tegelek agyzlylaryň agzalary (minogalar we miksinler) biri-birlerinden düýpgöter tapawutlydyrlar. Minogalar ýarym, miksinler bolsa doly mugthorlyk edip ýaşaýarlar. Minogalar balyklaryň ganyny sorup iýmitlenýärler. Miksinler bolsa, balyklaryň bedenine girip, olaryň etini, hatda içki synalaryny hem iýýärler. Şonuň üçin tegelek agyzlylar belli bir derejede balyk hojalygynyň zyýankeşleridir.

Şeýle-de bolsa, minogalaryň käbir görnüşleri oňat tagamly etleri bar bolanlygy üçin az-owlak awlanylýarlar.