Mazmuna geçiň

Minogalar

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Derýa minogasynyň ugor balygyňky ýaly uzalan bedeniniň äňsiz öň ujynyň aşak tarapynda açyk wagty tegelek, ýapyk halynda bolsa kese ýarçyk şekilli agyz guýgyjy ýerleşen. Guýgyjyň gyrasy ownujak deri seçekleri bilen örtülen. Guýgujyň iç düýbünde, iki sany agyz plastinkasynyň ýokary tarapynda, olaryň her biriniň ujunda bir, aşakysynda bolsa birnäçe buýnuzlaşan dişjagazlar ýerleşen. Minoga dişleri bilen balygyň ýa-da beýleki haýwanlaryň bedenine berkleşýär. Dil ujunda hem dişjagazlar bolýar. Olar bilen minoga öz awlarynyň bedenini deşip, ganyny sorup iýmitlenýär. Kellesinde derisiniň aşagynda çala bildirýän gözleri, olaryň arasynda bolsa ýeke-täk burun deşigi ýerleşen. Minoganyň ýedi jübüt tegelek žabra deşigi we žabra haltajyklary bolýar. Onuň agzyndan barýan suw içki žabra deşikleri arkaly žabra haltajyklaryna baryp, öňünden daşa çykarylýar. Iýmitlenýän wagty bolsa suw daşky žabra deşiklerinden žabra haltajyklaryna baryp, kislorod- kömürturşy gazy çalşygy geçenden soň, ýene-de şol deşikden yzyna çykarylýar.

Minoganyň yzly-yzyna ýerleşen iki sany arka ýüzgüçleriniň yzkysy çowlanan guýruk ýüzgüji bilen birleşýar. Garny bilen guýrugynyň arasynda artbujak deşigi, onuň aşak ýanynda bolsa jyns-peşew deşigi ýerleşýär. Deri örtügi bir öýjükli mäzlere baý bolýar.