Türkmenistanyň emeli hemrasy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa


Kanaweral burnunyň kosmodromynda (ABŞ, Florida ştaty) Türkmenistanyň ilkinji «TürkmenÄlem 52°E» aragatnaşyk hemrasynyň äleme çykarlyşy geçirildi. Biziň ýurdumyzyň buýurmasy esasynda «Thales Alenia Space» fransuz kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan kosmiki enjam «Falcon 9» göteriji-raketa bilen älem giňişligine çykaryldy.


27-nji aprelde dünýä wagty boýunça 23 sagat 03 minutda (haçan-da Aşgabatda 28-nji aprel 4 sagat 03 minut wagty) bortunda türkmen aragatnaşyk hemrasy bilen iki basgançakly raketa SLC-40 göýberiş toplumyndan badalga bellenilen kada laýyklykda amala aşyryldy. Älem giňişligine çykyp we uçuş ugrunda zerur orny eýelän «TürkmenÄlem 52°E» aragatnaşyk hemrasy göteriji raketadan şowly aýryldy.


Uçuşy amala aşyrýan «SpaceX» amerikan kompaniýasy kosmos enjamynyň aralyk geogeçiş orbitasyna üstünlikli çykarylandygyny we bu uly ähmiýetli taslamanyň bir tapgyrynyň şowly tamamlanandygy barada hasabat berdi. Şundan soňky birnäçe günüň dowamynda hemra geostasionar orbitanyň belentligine çykar we gündogar uzaklygynyň 52 gradusynda öz orbital ornuny eýelär.


Şu waka mynasybetli Aşgabat bilen «SpaceX» (ABŞ) kompaniýasynyň badalga meýdançasynyň arasynda teleköpri guraldy. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.


Teleköpriniň göni ýaýlymynda raketa göterijisinde gurnalan kameranyň wideoşekilleri görkezildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Türkmenistanyň «TürkmenÄlem 52°E» emeli hemra aragatnaşygynyň kosmos giňişligine çykarylmagy bilen gutlap, bitarap döwlet bolan ýurdumyzyň parahatsöýüjilikli we ynsanperwer başlangyçlar hem-de hoşniýetli goňşuçylyk we dost-doganlyk gatnaşyklaryna eýermek bilen halkara giňişligine çykýandygyny belläp geçdi.


«TürkmenÄlem 52°E» orbitada öz ornuna ýeteninden soňra Ahal welaýatynda ýerleşýän hemrany dolandyryş merkezi bilen aragatnaşygy ýola goýar. Şondan soňra hünärmenler hemra ulgamynyň işleýşini doly synagdan geçirerler. Tehniki synaglar üstünlikli geçirilenden soňra hemra äleme uçuryldy diýlip hasap ediler, şondan soňra kosmos enjamyny dolandyrmagy türkmen hünärmenleri öz üstüne alarlar.


Milli hemra tele we radio gepleşikleri alyp görkezmek hem-de eşitdirmek üçin peýdalanar. Aragatnaşygyň hemra kanallarynyň ýokary geçirijilik ukyby adaty we ýokary derejesi bolan onlarça telewizion ýaýlymlary alyp görkezmäge mümkinçilik berer.


Hemranyň antennasynyň täsir ediş zolagy Ýewropanyň, Aziýanyň onlarça döwletlerini, şeýle hem Ýakyn Gündogaryň we Demirgazyk Afrikanyň ýurtlaryny öz içine alýar. Hemranyň düzgünnamasy Türkmenistana Ýewropanyň we Aziýanyň kanallaryny alyp görkezmekde üstaşyr ýurt hökmünde hereket etmäge hem mümkinçilik berer.