Türkmenistan XV – XVI asyrlarda

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

“Türkmen ruhunyň III eýýamy X – XVI asyrlary öz içine aldy. Bu döwür diňe bir türkmen gylyjynyň däl, eýsem türkmen ruhunyň hem dünýa çykan eýýamydy. Bu döwrüň beýik türkmen döwletiniň dünýa ýaň salan eýýamydygy dünýä taryhy tassyklaýar.” (Ruhnama, 292 sah.)

XIV asyryń ortalarynda mongollaryń döreden döwletleri dargap başlady. Altyn Orda, Çagataý ulusy, Hulagu döwleti bir topar maýdaja döwletlere bölündiler. Bular özara uruşlar alyp barýardylar.

Teýmiriń asly Mawerennahra göçüp gelen mongollaryń barlas taýpasyndan. Ol Şährisebiziń golaýyndaky bir obada takmynan 1336-ýylda dogulýar. Oglanlykdan at münmäni gowy görüpdir, çapyksuwarlyga türgenleşipdir, ok-ýaý atmaga ezber bolupdyr, goňşy uruşlara gatnaşyp, harby tälim alypdyr. Ol dura – bara öz töweregine ońat at-ýarag bilen üpjün edilen goşun ýygnap, kerwen ýollaryny kesip ýa-da gońşulykda ýerleşen obalaryń üstüne çozup, alamançylyk edipdir. Türki we täjik dillerini gowy bileni üçin, özüniń batyrlygy, edermenligi, jomartlygy bilen onuń serdar bolarlyk häsiýetleri ýüze çykýar we töweregindäki ýaranlary günsaýyn köpelip başlaýar, owazasy bütin Kaşkaderýa boýlaryna ýaýraýar. Ol ýerli häkimleriń harby gullugynda gezip, eýýäm 25 ýaşynda bir tümeniń – welaýatyń emiri bolýar. Gońşulykda ýaşaýan emir Hüseýin bilen dostlaşýar, onuń uýasyna öýlenýär we köplenç bile hereket edip, ikisi-de güýçlenipdirler.

Söweş wagty Teýmir agyr ýaralanýar, sag eli ysmaz bolýar, sag aýagy bilen bolsa tä ölýänçä agsap gezmeli bolýar. Şol sebäpli ońa Teýmir leń, ýagny aýagy agsak ady galýar, ýewropalylar bolsa onuń adyny Tamerlan diýipdirler. Şu at bilen onuń owazasy meşhur basybalyjy serkerde hökmünde sońra bütin dünýä ýaýrady.

Teýmir bilen Hüseýin birleşip, Mawerannahryň häkimi Ylýas Hojany kowup Samarkandy we Buharany eýeläpdirler. Emma 1365 – nji ýylda Ylýas Hoja goşun toplan yzyna gelýär. Sol ýylda taryhda “Laýly söweş” diýip atlandyrylýan uruş bolýar.Teýmirleň bilen Hüseýin gaçmaly bolýarlar. 1366-nji ýylda ýene-de olar Samarkanda çozuş edip, ony eýeleýärler. Soň iki dost oňuşman başlapdyr. Hüseýin Balha çekilip, ýarag toplap başlaýar. Teýmirleň bolsa 1370-nji ýylda Balhy gabaýar, Hüseýini öldürtýär. Indi Teýmirleň ýek-täk hümdar bolup, Samarkandy öz paýtagtyna öwürýär we şol ýerde köşk, içki we daşky galanyň diwarlaryny gurduryp başlaýar. Bu mongollaryň çozuşyndan sönky 150 ýylyň içinde ilkinji amala aşyrylan gurluşyk işleridi.

1370-nji ýyldan soň Teýmirleň sähelçe wagtyň içinde Mawerannahrdaky maýdaja häkimlikleriň hemmesini bir merkezleşen döwlete berkidipdir. Şundan soň onuň 35 ýyllap üznüksiz dowam eden basybalyjylykly ýörişleri başlanýar.

1372-nji ýylda Köneürgenje ýöriş edýär. Köneürgenjiń hökümdary Huseýin Sufy Teýmirleňiń goşunlaryna berk gaýtawul berýär, ýöne şondan soň ol aradan çykýar. Onuń orun tutary Ýusup Sufy bolsa Teýmirleň bilen ýaraşyk baglaşýar.

1373 we 1376 – ýyllarda Teýmirleniń Köneürgenje eden ýörişleri degerli netije bermeýär. Şonuń üçin 1379-ýylyń başlarynda Teýmirleň güýç toplap, Köneürgenje täzeden ýöriş edýär. Bu sapar ol Ürgenji ańsatlyk bilen basyp alýar. Sebäbi şol wagtlar Ürgençde baý toparlaryń özara ońşuksyzlygy dowam edýär eken. Teýmirleň Merkezi Aziýanyń çäklerinden çykyp, Günbatara basybalyjylykly ýörişe giden mahalynda , Köneürgenjiń hökümdary Süleýman Sufy we Altyn Ordanyń hany Togtamyş Mawerennahra çozupdyrlar. Teýmirleniń howlukmaçlyk bilen yzyna gaýdyp gelmegi olary gaçmaga mejbur edýär. Gahar-gazapdan ýańa donuna sygyp bilmedik Teýmirlen Ürgenjiń üstüne 5-nji gezek harby ýöriş geçirýär. Teýmirleň köneürgençlilere jeza bermek maksady bilen 1388-nji ýylda Urgenji basyp alýar, 10 günläp ony talaýar, ilatynyň köpüsini Samarkanda sürüp alyp gidýär, şäheri bolsa ýer bilen ýegsan edýär. Ol Ürgenji düp-düz edip, şol ýerde arpa ekmegi buýrupdyr. Şondan soň Köneürgenç Teýmirleňiň döwletiniň düzümine girip, özbaşdaklygyny ýitirýär.

Teýmirleň 1381 ýylda Merwi, Nusaýy dolandyran Aly begi, Gürgeni, Mazanderany , Dehistany öz häkimýeti astynda saklan emir Walyny özüne boýun egdiripdir. Tizara Aly beg we Emir Waly ýene-de Teýmirleňe garşy çykyş edipdirler. Bu bolsa 1382-ýylda Horasanyń üstüne Teýmirleňiń täze ýöriş etmegine getiripdir. Onuń goşunlary Kelet galasyny gabaýar. Aly beg jezalandyrylyp öldürilýär. Gozgalańa gatnaşan türkmen taýpalarynyń käbir topary , esasan hem jangurbany tiresi Daşkendiń töwereklerine göçürilýär. Emir Waly hem Teýmirleňiń raýatyna tabyn bolmakdan boýun gaçyrypdyr.Muny bahana edinen Teýmirleň 1384-ýylda goşunlary bilen Sarahs, Abiwert, Nusaý we Durun şäherleriniń üstünden geçip, Gürgeni we Mazanderany basyp alypdyr. Şeýlelikde, Günorta Türkmenistan Teýmirleňiń döwletiniňń düzümine giripdir.

Teýmirleňiń harby güýjüniń esasy bölegini çarwa taýpalardan bolan meýletin goşun düzüpdir. Onuń düzüminde türkmen atlylary hem bolup, olar uzak harby ýörişlere gatnaşypdyrlar. 1391-ýylda Altyn Orda edilen ýörişde Şyh Dawudyń ýolbaşçylygyndaky türkmen nökerleri aýratyn tapawutlanypdyr.Teýmirleňiň bütin ömri “ondan gelseň oňa sür”diýeniňki ýaly,elmydama ýörişlerde geçipdir.Köneürgençden gelse Eýrana,Eýrandan gelse Altyn Ordanyň üstüne, ol ýerden gelenden soň Kiçi Aziýa, Kiçi Aziýadan Hindistana, Kawkaza, Russiýa, şeýdip ömrüni harby ýorişlerde geçiripdir.Ol Alty Ordanyň, Köneürgenjiň söwda merkezlerini Astrahan, Ürgenç ýaly şaherleri ýöne ýerden ýumurmandyr. Ýewropany, Kiçi Aziýany Hytaý bilen birleşdirýän Altyn Ordanyň we Köneürgenjiň üstünden geçýän söwda ýollaryny sowup Mawerannahryň üstünden geçer ýaly etmekçi bolupdyr.

Keseki ýurtlary basyp almak, şol ýerlerden baý olja getirmek Teýmirleňiň esasy wezipesi bolupdyr. Ol Hyrady basyp alan badyna bütin Horasany boýun egdiripdir. 1382-1397-nji ýyllar aralygynda Häzirbegjany, Ermenistany, Gürjüstany basyp alýar. 1386-1399 – njy ýyllarda Eýrana ýöriş edip, ony eýeläpdir. 1398-1399-njy ýyllarda Hindistany basyp alýar. Bu ýurdy rehimsizlik bilen talapdyr. Ýogsam Hindistana ýoriş etmek üçin syýasy ýa-da harby zerurlyk ýokdy. Teýmir 1399-njy ýylda Deliniň ýanyndaky söweşdi hindi goşunlarynyň “Gök gümmerdeýän” topuň iň ilkinji sadaja görnüslerini duşmana haýbat üçin ulanypdyr. Soň 1400-nji ýylda Teýmir olary Damasky alanda Siriýada gümmürdedip ulanypdyr.

1402-nji ýylda Ankaranyň golaýynda Teýmirleň bilen Baýazidiň arasynda bolan uly söweşe her tarapdan 200 müň goşun gatnaşypdyr. Söweşde kuwwatly Osman imperiýasynyň soltany Baýazit I-niň “ýyldyrym” goşunlary ýeňilip, özi ýesir düşýär. Şondan soň Teýmirleň Hytaýa ýorişe 1404-nji ýylyň ahyrynda ýöreýär. 1405-nji ýylyň başynda ýolda Teýmirleň ölýär we bu ýöriş togtadylýar.

Teýmirlen özüni ýeńilmez serkerde hökmünde tanatjak bolup, basyp alan ýurtlarynda erbet elhençlikler edipdir. Onuń goşunlarynyń geçip giden yzynda dińe ýakylan şäherler we obalar galypdyr. Basyp alnan ýurtlaryń iń ökde hünärli senetçilerini Mawerannahra äkidipdir. Olary Samarkand we öz doglan ýeri Keş şäherinde ajaýyp Ymaratlar gurmakda ulanypdyr. Teýmirleň öz döwründe gaty zalym adam bolupdyr. Yspyhanda 70müň adam kellesinden minara gurdurýär. Owganystanda 2 mün adamy gurlup duran galanyň pagsasyna palçyk ornuna dirligine gömdürýär. Özüniň asly çingizitlerden bolmany üçin Teýmir hiç haçan “han” adyny almandyr. Diňe “emir” ady bilen öňmaly bolupdyr.

Teýmirleń döwründe ekerançylygyń ösüşi garamaýak daýhanlaryń gün-güzeranyny kän bir gowulaşdyrmandyr. Sebäbi özara tozgunçylykly uruşlar , keseki basybalyjylaryń jebir-sütemleri we salynýan dürli salgytlar olaryń ýagyrnysyna ýel çaldyrmandyr. Döwletiń ýa-da aýry-aýry han – begleriń peýdasyna girizilen hyraç esasy salgyt bolupdyr. Mundan başga-da bigar suwaryş ulgamlarynda , gurluşuk işlerinde mejbury işlemek borçlulygy, jan, mal salgydy, ýerli dolandyryş edaralary ekläp saklamak üçin alynýan dürli görnüşli salgytlar daýhanlary agyr güne salypdyr. Teýmirleń ölenden sońra ýurtdaky syýasy ýagdaý büs-utinleý üýtgäpdi. Ol ölmänkä basyp alan ýurtlaryny edara etmek üçin ogullary Jahangire, Omar şaha, Miranşaha, Şahruha paýlap berýär. Teýmirleň öenden soň bäş ýyllap Teýmiriň tagtyny eýelemek ugrunda göreş dowam edipdir. 1409-njy ýylda kiçi ogly Şahur tagta çykýar we onuň döwletiniň baştutany hasaplanýar. Şahruh 40 ýyla golaý (1409-1447ýý.) edara edipdir. Bu döwürde Teýmiriň döwleti iş ýüzünde ikä bölünýär. Olaryń birinjisine tutuş Horasan , şol sanda günorta Turkmenistanyń ýerleri giripdir we paýtagty Hyrat şäheri bolupdyr. Ol Teýmirleńiń ogly Şahruh tarapyndan dolandyrylypdyr. Ikinjisine Mawerannahr we Köneürgenç ýerleri degişli bolup, Samarkand şäheri onuń paýtagtyna öwrülipdir. Bu ýerleri Şahruhyń ogly Ulug beg dolandyrypdyr. Şahruh ölenden son Teýmiriň uly döwleti gös-göni dargap başlaýar. Eýýam 1453-nji ýylda Häzirbegjana häkim edilip goýlan Garagoýunly nebereleriniň baştutany Jahan şa özbaşdaklygyny yglan edip, günbatar Eýrany özüne birikdirýär we Teýmirleňiň döwleti bilen bäsleşip biljek ullakan döwlet döredýär.

Teýmirleňiň köp sanly agtyklarynyň arasynda iň uly we paýhasly döwlet işgäri beýik alym Ulugbeg bolýar. Onuň çyn ady Muhammet Taragaý. Ol 1394-nji ýylda eneden doglup, ejesiniň ady Göwherşat bolupdyr. 1449-nji ýylda Ulugbeg öldürilipdir. Şondan soň Horasanda, Mawerannahrda Ulugbegiň tagty ugrunda göreş güýçlenipdir. Şu dagynyklykdan peýdalanyp, özbek göçme taýpalarynyň hany Abdulhaýyr Syrderýadan geçip, Samarkandy talaýar. Horasanda-da, Hyradyň tagtyny eýelemek ugrunda göreş gidýärdi we şazadalaryň içinde Teýmirleň ýuwlugy Soltan Söýüne köp ýyllaryň dowamynda Horasanyň hökümdary bolmak başardýar. Onuň Sarahs, Abiwert, Nusaý, Maşat etraplarynda eden harby hereketleri üstünlik getiripdir we 1469-njy ýylýn Nowruz aýynyň 24-de Soltan Söýün dabara bilen Hyradyň tagtyny eýelemek miýesser edipdir. Soltan Söýün 37 ýyllap Horasanyň hümdary bolyar. Ol ömrüni dagynyklyga garşy, boýun synlajak bolýan ýerli häkimlere garşy göreşip geçiripdir. Şonuň üçin Horasanyň hojalyk we ykdysady durmuşy Mawerannahra garanda has ýokary derejede abat bolupdyr. Mawerannahrda bolsa Teýmirlerden bolan şazada häkimleri bir topar özbaşdak, biri-biri bilen duşmançylykly häkimliklere bölünip, diňe özara uruşlar bilen meşhur bolupdyrlar. Bu bolsa ykdysadyýetiň pese düşmegine getiripdir, halkyň hal-ýagdaýyny erbetleşdiripdir.

Teýmirleńiń nesilleriniń arasynda häkimýet ugrundaky özara göreşler döwleti gowşadan hem bolsa, 1507-ýyla çenli basylyp alynan ýerlerde olaryń täsiri saklanyp galypdyr. Şahruhyń Horasany dolandyran döwründe önümçilik gatnaşyklarynda , ekerançylykda we şäher senetçiliginde käbir üstünlik gazanylypdyr. Döwleti dolandyrmakda Şahruh harby çarwa han-beglere däl-de esasan ilata, ekerançylyk we söwda bilen baglanyşykly toparlaryna daýanypdyr. Mongollar tarapyndan ýumrulan Merw oazisiniń suwaryş desgalaryny dikeltmek işleri geçirilipdir. 1410-ýylda Murgap derýasyndaky bendi dikeltmek başlanýar. Munuń özi ekerançylygy birneme janlandyrýar. Şol döwürde Merw oazisinde ösdürilip ýetişdirilen ýokary hilli pagta we galla Hyrada hem äkidilipdir.

XV asyrda Horasan daýhanlarynyń köpüsiniń öz ýerlerini ekip bejermäge gurby çatmandyr. Şonuń üçin olar baý adamlaryń hojalygynda ülüşli kärendeçi bolup işläpdirler. Teýmirler döwründe iri ýer eýeçiligi ösüpdir we onuń iń möhüm görnüşi süýrgal bolupdyr. Süýrgal miras geçýän ýer bolup, onda ilatdan salgyt ýygnamaga , bigar borçlulyga we sud-administratiw işleriniń hemmesine ýerli iri ýer eýeleriniń özi erk edipdir. Kähalatda tutş etraplar hem , uly welaýatlar hem süýrgal edilip berilýär eken. Teýmirler döwründe günorta Türkmenistanyń hojalygynyń az kem ösmegine we senetçiligiń köne däpleriniń saklanyp galmagyna garamazdan , başda belleýşimiz ýaly , mongol çozuşyndan öńki derejesine ýetip bilmändir. Bu bolsa içerki we daşarky söwdanyń pese düşmegine öz täsirini ýetiripdir.

Türkmen taýpalarynyń han – begleri Teýmiriler döwletiniń emeldarlary bilen dil tapmaga , ylalaşyk baglaşmaga mejbur bolan hem bolsa, olara doly boýun egmän, belli bir derejede özbaşdaklygyny saklap bilipdirler. Türkmen taýpalary demirgazyk tarapdan Deşti-Gypjagyń özbek çarwalarynyń çozuşlaryna häli-şindi sezewar bolupdyr. Deşti-Gypjagyń hökümdary Juçy neslinden bolan Abyl Haýyr (1426-1468) 1430-ýyldan başlap, Türkmenistanyń çäklerine aralaşypdyr we gysga wagtlaýyn Köneürgenji basyp alypdyr. Sońra özbek hany Mustafa derýalygyń kenarlaryny eýeläpdir. Şeýlelikde XV asyryń ortalaryndan başlap, demirgazykdaky türkmen taýpalarynyń bir bölegi özbek hökümdarlarynyń golastyna düşüpdir. Ondan soň, özbek hanlary Türkmenistanyń beýleki ýerlerine aralaşyp başlapdyr.

Türkmen taýpalary oturymly ýerlerini taşlap günbatara hem göçüpdirler. Şol döwürde (XV as.) türkmenleriň Gargumy çar tarapdan ýakalap oturan oazislerde ýerlşip, olaryň ençeme bölekleri Türkmenistan döwletiniň häzirki tutýan çäklerinden has gn ýerleri eýeleýärdi, ýagny Mangyşlakda, Etrek-Gürgen, Demirgazyk Owganystanda, belli bir derejede Maweranahrda ýaşayardylar. Xvi asyrda türkmen halkynyň häzirki etniki düzümine girýän taýpalaryň aglabasy Hazar deňziniň gündogar kenarlaryny tutuş diýen ýaly eýeleýardirler. Olar demirgazykda Mangyşlak, günortada bolsa Astrabat iki aralykda Etrek-Gürgen boýlarynda, Kiçi we Uly Balkan daglarynyň, Küren dagyň, Uzboý, Mangyşlak ýarym adasynyň giňişliklerinde ýaşaýardylar. Ahal, Etrek, Tejen, Mary etraplarynda-da gadymy türkmen taýpalary oturýardy. XVI asyrda ärsarylaryň garabekewül tiresi Mangyşlakda oturypdyr diýen maglumat bar, demirgazyk Horasanda baýat taýpasynyň uly orny bolupdyr.

XV asyrda Türkmenistanyň günbatar böleginde gadymy oguz taýpalary bilen birlikde täzeden dörän, kem-kemden güýclenip ugran türmen taýpalary ýaşapdyr. XVI asyryň ortalarynda Etrek-Gürgen boýlarynda ýaşaýan “Söýünhan” ýa-da “Ýaka türkmenleri” esasan gyzylbaşlaryň döwleti bilen Köneürgenjiň arasynda ýagny, iki oduň arasynda heläkçilik çekýärdiler. Bularyň üstüne bir tarapdan gyzylbaşlar häkim belleýärdi, ikinji tarapdan Köneürgenjiň ýarym özbaşdak häkimleri öz agalygyny dikeltjek bolup synanyşýardylar.

XV asyryň ortalaryndan başlap, ozalky Altyn Ordada ýaşap, türkileşen mongollar Orta Gündogara howp salyp başlapdyr. Bular Syrderýa we Aral deňzinden demirgazykda, ýagny häzirki Gazagystanda ýaşap, esasan göçme çarwaçylyk bilen meşgul bolyardylar. Gypjaklaryň, Özbekleriň ýaşaýan sähra çöllük etraplaryna Deşti-Gypjak diýen at berýärdiler. Orta gündogary göçme özbek taýpalarynyň basyp almagy Abdyhaýyr hanyň agtygy Şeýbany hanyň ady bilen baglydyr. Şeýbanynyň ýokary galmagynyň maksady: 1) göçme taýpalary töweregine birleşdirip, Deşti-Gypjakda öz agalygyny dikeltmek; 2) XVI asyryň başynda halys gowşan teýmirleriň ýurduny basyp almak.

Şeýbany han Köneürgenji gutarnykly suratda basyp almak üçin 1504-nji ýylyň gyşynda Ürgenje ýöriş edýär. 10 aýlap gabawdan soň, çekeleşikli we gazaply söweşler netijesinde özbekler 1505-nji ýylyň Alp Arslan aýynda Urgenji basyp alýarlar. Ürgenji goraýjylar esasan hem türkmenler bolany üçin ýeňijiler olardan zalymlyk bilen öç alypdyr.

Şa Ysmaýyl I Eýranda sefewileriň nebereleriniň düybüni tutan asly XI – XII asyrlarda Häzirbegjana göçüp giden gadym oguz – türkmen taýpalaryndan bolmaly. Başga maglumatlara görä, Ardebil şyhlaryndan bolup, ony we onuň ata-babalaryny şol ýerdäki türkmenler goldapdyr. Şa Ysmaýylyň goşunlary Maşatdan çykyp, Sarahsyň üsti bilen Mara gelýärler we ony gabap başlaýarlar. Şeýbany galanyň içinde gizlenip, Mawerannahrdan geljek kömege garaşypdyr. Gyzylbaşlar göz baglamak maksady bilen Mary galasynyň Abdyllahan eteginde sap-sap bolup ýola düşýärler we Garaýabyň köprüsinden geçip bukuda durýarlar. Şeýbany hanyň goşuny duzaga düşýär. Şa Ysmaýyl bolsa Mary söweşinden soň eglenmän Hyrada ugraýar we ony ýüzüniň ugrunda basyp alýar. Şeýlelikde XVI asyrda Orta gündogarda iki sany goňşy hanlyk emele gelýär. Türkmenler bu hanlyklaryň ikisinde-de ýaşaýardylar. Olaryň XVI asyrdan soňky taryhy Orta gündogarda emele gelen Hywa we Buhara hanlyklary bilen bagly bolupdyr.Etrek-Gürgen we Mary türkmenleri bolsa gyzylbaşlaryň Eýran döwletinde ýaşamaly bolupdyrlar.

XVI asyr türkmenleriň, aýratyn hem Horasanda ýaşan türkmen taýpalarynyň taryhynda olaryň üstünde Köneürgenç we Buhara halklarynyň hem-de Eýrandaky gyzylbaşlaryň dönük eden zamanasy bolupdyr.Elbetde,bu wakalar bilen XVI asyryň taryhy tamamlanmady,türkmenleriň Köneürgenç, Buhara, Eýran hanlary we şalarynyň garşysyna alyp baran göreşi dowam edýärdi.

1550-nji ýylda Astrabada gyzylbaşlaryň şahberdi soltan atly dikmesi gelýär.Türkmenler ony gutlamaga gelipdirler.Gutlamaga gelenleriň arasynda Aba atly bir ýaş görmegeý ýigit bar ekeni.Şahberdi soltan şoňa gözüni dikipdir.Abanyň Şahberdi soltana eden gahary gyzylbaşlara garşy bolan gozgalaň üçin bahana bolýar.Aly soltanyň goşuny bilen birleşip,eyran goşunlary köp adamlary gylyçdan geçiripdirler,Gürgeniň suwuna müň adama çenli gark edipdirler.Aba Serdar ukuda öldürilipdir.Onuň iň soňky gün dildüwüşenleriň ähli peýmanyna ynanyp,arkaýyn ýatandygy,onuň türkmene mahsus bolan sadadan ynanjaň adamdygyny görkezýär.

XIII-XIY asyrlaryň sepgidinde şäher durmuşy janlanyp ugrapdyr. Şäherlerde kem-kemden gurluşyk – dikeldiş işleri ýaýbaňlanyp başlapdyr. Kerwen ýollaryň Gürgenjiň üstünden geçmegi onuň çalt dikeldilmegine mümkinçilik beripdir.XYI asyryň 30-njy ýyllarynda Gürgenç giň köçeli,baý bazarlary,köp sanly owadan ymaratlary bolan,uly,gözel şäher bolupdyr.

XVI asyrda Günorta Türkmenistanyň ýerlerinde medeni taýdan ýokary göteriliş duýulypdyr.Il arasynda Hajymelegiň tamdyry ady bilen meşhur bolan soltangala bilen Abdyllahangalanyň aralygynda çig kerpiçden salnan buzhana ymaratlarynyň biziň günlerimize çenli saklanan galyndylarynyň ikisi hem XV asyrda gurlupdyr.

Teýmirleňiň agalygy döwrinde Günorta Türkmenistanyň uly şäherleriniň käbirinde suw saklamak üçin niýetlenen ýörite howdanlar gurlupdyr.Şonuň ýaly howdanlar Merwde, Änewde bar eken.Türkmenistanda çüýşe önümçiligide,haly dokamak işleri-de belli bir ösüşe eýe bolupdyr.Türkmen halkynyň ruhy medeniýetinde bagşylyk,sazandalyk sungaty,garry adamlaryň çagalara erteki-rowaýat aýdyp bermegi,milli oýunlar uly orny eýeläpdir.Türkmeniň taryhynda öçmejek yz galdyran magaryfçylar-da bolupdyr.Şolaryň biri Ärsary babadyr.

Teýmiriler döwründe Hyrat köp we berk galaly şähere öwrülipdir.Ol Orta Gündogarda iň uly şäherleriň biri bolup,tutýan meýdany 4 kwadrat kilometre ýetýärdi,daşyna çekilen galanyň 149 sany ululy-kiçili küňňerleri bolupdyr.Galanyň daşyna çuň hendek gazyp,içine suw goýberipdirler,baş derwezesiniň bäşisiniň hem öňünde galdyrylyp-düşürilýän köprüler bolupdyr.Säherde iki gat jaýlar hem az bolmandyr.Hyratda ajaýyp ymaratlar,köşkler,metjitler,medreseler,halkyň gündelik hajaty üçin gerek bolan hammamlary,keselhanalary,howuzlary,köprüleri gurmakda Alyşir Nowaýynyň bitiren işleri kän bolupdyr.Nowaýynyň özi-de ajaýyp sazanda bolupdyr.Birnäçe saz gurallary çalmagy başarypdyr.

Görogly begiň eýýamynda türkmen ruhy bürgüt bolup, kertden – kert gaýalara çykdy.Şeýdip ol beýiklik, howalalylyk häsiýetine eýe boldy. Howada, ýeriń ýüzünde öz awyny uçurup, gaçyryp aldy. Şeýdip hereketlilik, janlylyk häsiýetlerini aldy. Güne ýakyn boldy, günüń mährini özüne sińdirdi. Elýetmez, okýetmez, sesýetmez gaýada oturup, şol ýerden bu pany dünýäniń bimanylygyna , ötegçiligine, aşakdakylaryń hars uruşlaryna bakdy. Şeýdip, hem belentlik , hem çuńluk häsiýetine eýe boldy.