Mazmuna geçiň

Türkmenbaşy Bank

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Türkmenistandaky Banklaryň Sanawyny Bärden Görüp Bilersiňiz

Häzirki wagtda Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” PTB köp şahamçaly ulgamy döretdi. Türkmenistanyň çäklerinde bankyň Merkezi diwany we 22 şahamçasy hem-de 1 bank gullugy hereket edýär. Daşary ýurt walýutasyny çalyşýan nokatlaryň 30 sanysy ähli welaýat merkezlerinde we ýurdumyzyň etraplarynda ýerleşdirilendir, olaryň biri bolsa gije-gündizleýin tertipde işleýär. Bankyň şahamçalarynda “Ýyldyrym” pul geçirmeleri we “Western Union” daşary ýurt walýutasynda pul geçirme ulgamlary işleýär.

"Türkmenbaşy" Paýdarlar Täjirçilik Banky
Turkmenbaşy Bank
Headquarters744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Çandybil şaýoly, 121
Established2000 ýyl, aprel
OwnershipTürkmenistan
Governing bodyHäkimiýet
PresidentSkript ýalňyşlygy: "getValue" funksiýasy ýok.
Websitehttps://www.tbbank.gov.tm/
Tel +993 (12) 44-42-96, +993 (12) 44-41-06

Fax +993 (12) 44-41-06

Email info@tbbank.gov.tm

Bank Barada

[düzet | çeşmäni düzet]
"Cashback" Hyzmaty

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik banky ýurdumyzda ilkinji döredilen iri banklaryň biri bolup, ýurdumyzyň iri senagat pudaklaryna, hem-de hususy önüm öndürijilerine we raýatlarymyza hyzmat edýär. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini pugtalandyrmakda, sanly ykdysadyýetimizi ösdürmekde, halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda giň gerimli alynyp barylýan işleriň çäklerinde häzirki wagtda halkymyza döwrebap bank hyzmatlary hödürlenýär.

Muňa mysal edip, bankymyz tarapyndan önümçilikleri goldamak maksady bilen, ýurdumyzyň raýatlaryna olaryň melleginde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk şerişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksatlaryna kiçi göwrümli karzlary hödürleýär.

Bankymyz tarapyndan ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklary ösdümek boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň çäklerinde 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna bankomatlaryň 354 sanysy, töleg terminallaryň 5885 sanysy ornaşdyryldy. Müşderilere berlen jemi „Altyn asyr“ bank kartlarynyň sany 706 528-e deň bolup, şol sanda “Goýum” bank kartynyň sany 45 595, Maşgala bank kartlarynyň sany 5 798, karz kartynyň sany 41 717, telekeçi kartynyň sany 6 390, pensiýa kartynyň sany 7 673, aýlyk zähmet haky kartynyň sany 599 355 deň boldy. 2025-nji ýylyň dowamynda müşderilere jemi berlen kartlaryň sany 42 027-e deň boldy.

Hasabat döwründe töleg terminallardan nagt däl görnüşinde geçirilen amallaryň sany 10 963 340 amala deň bolup, jemi 2 704 209 müň manat möçberinde tranzaksiýa geçirildi we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkezijimiz 107% göterime deň boldy.

Şeýle hem bankomatlaryň üsti bilen nagt däl görnüşinde geçirilen amallar 192 366 sany bolup, jemi 62 960 müň manat möçberinde tranzaksiýa geçirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirlende 112% göterime deň boldy.

Şeýle hem ýurdumyzda döwrebap bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak, halka edilýän hyzmatlaryň göwrümini has-da giňeltmek maksady bilen, bankymyz tarapyndan “Internet bank” hyzmatynyň 196 454 sanysy, “Mobil-bank” ulgamynyň 13 464 sanysy raýata birikdirildi. Bu ulgam bankymyzyň müşderilerine bank kart hasaplaryndaky pul serişdelerini nagt däl görnüşinde internet arkaly dolandyrmaga we ýurdumyzda ýola goýlan elektron hyzmatlaryň töleglerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Bankymyz tarapyndan nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksatlarynda, “Cashback” sylaglandyrmak hyzmatlary girizildi:

“Cash back” hyzmatlary boýunça 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwar ýagdaýyna nagt däl görnüşinde geçirilen amallaryň sany 1 693 257 amala deň bolup, müşderler tarapyndan jemi 305 613 499,88 manat möçberinde tranzaksiýa geçirildi we “Cash back” hyzmatlary boýunça umumy 1 557 296,46 manat pul baýragy müşderilere gaýtarylyp berildi.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda banka barmazdan şu aşakdaky täze bank hyzmatlary girizildi:

Banka barmazdan bankymyzyň tbbank.gov.tm web saýty arkaly hödürlenýän sanly hyzmatlar we müşderileri höweslendiriş maksatnamalary boýunça mahabatlandyryş makalalary hem-de wideorolikleri, şeýle hem ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş-ykdysady syýasat barada täzelikler yzygiderli halk köpçüligine ýetirildi. Olardan:

Banka barmazdan bankymyzyň web saýty arkaly karz almaga isleg bildirýän raýatlaryň arzalaryny “online” tertibinde elektron görnüşinde menzilara kabul etmek mümkinçiligi ýola goýuldy;

Has aýdyňlaşdyryp aýdylanda, raýatlar banka barmazdan:

•        Karzy almak üçin arzasyny;

•        Pasportynyň nusgasyny;

•        Girdejisi barada güwanamasyny;

•        Telekeçilik işini alyp barýan raýatlar bolsa girdejileri barada salgyt deklarasiýalaryny;

•        Maşgala düzümi we ýaşaýan ýeriniň ýazgysyny kesgitlemek üçin kepilnamasyny we beýleki elektron görnüşindäki zerur resminamalary Internet ulgamy arkaly banka ibermek mümkinçiligi döredildi.

Raýatlaryň rahatlygy hem-de wagtlarynyň tygşytly bolmagy üçin, ýokarda bellenip geçilen resminamalary bankyň karz işgäri tarapyndan deslapky seredilmegi we öwrenilmegi üçin bankyň internet sahypasy arkaly elektron maglumatlary ýüklemäge mümkinçilik döredildi. Şeýle hem, Karz alyjy öz arzasynyň statusy barada islendik wagtda maglumat alyp biler.

Banka barmazdan internet ulgamy arkaly müşderilere bank kartlaryny açmak, täzeden çap etmek boýunça elektron arzalaryny kabul etmek we bu arzalar boýunça tölegleri Altyn-asyr bank kartlary arkaly online tölemek üçin mümkinçilikler döredildi.

Bankymyz tarapyndan banka barmazdan internet ulgamy arkaly bankyň ýuridiki tarap bolan müşderilerine we telekeçilere bank hasaplaryny görmäge, elektron göçürmelerini almaga we elektron töleg tabşyryklaryny taýýarlamaga mümkinçilik berýän ulgamy barlag-synag tertibinde işe goýberildi. Bu ulgamy doly derejede ýola goýmak üçin zerur bolan maglumat howpsuzlyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri alnyp barylýar.

“Altyn-asyr” kartly töleg ulgamynyň Smart töleg terminallary arkaly galtaşyksyz bank kartlaryny ulanmak bilen, tölegleri geçirmek mümkinçiligi barlag-synag tertibinde ýola goýuldy.

Bu Smart terminallary gurnalan söwda we hyzmat ediji nokatlarynda raýatlara açylan galtaşyksyz bank kartlary arkaly dürli görnüşli tölegleri ýola goýlar.

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik banky öz taryhyny XX asyryň 20-nji ýyllarynyň başlaryndan alyp gaýdýar. 1924-nji ýylda Türkmenistanyň çäginde Söwda-senagat bankynyň türkmen bölümi açyldy. 1928-nji ýylda senagaty we elektrik hojalygyny uzak wagtlaýyn karzlaşdyrmak diňe bir banka tabşyrylýar. SSSR-iň HKG-niň 1928-nji ýylyň 14-nji fewralyndaky karary bilen Prombankyň we Elektrobankyň gysga möhletli amallary Döwlet bankyna geçirilýär. 1958-1959-njy ýyllarda Selhozbankyň we beýleki banklaryň bölümleri ýatyryldy, olaryň iş wezipeleri Döwlet bankyna we soňra düýpli maýa goýumlaryny maliýeleşdirmek boýunça Stroýbank diýlip atlandyrylan Bütinsoýuz banky bolan Prombanka geçirilýär.

1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagy Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” PTB-nyň taryhynyň üýtgemegine täsir edýär. Ozal bar bolan “Türkmenpromstroýbank” “Inwestbank” paýdarlar maýa goýum täjirçilik bankyna öwrülýär. Bu bank ilkinjileriň biri bolup, milli we daşary ýurt walýutasynda amallary geçirmäge ygtyýarnama hem-de maýa goýum edarasy hökmünde iş geçirmäge mümkinçilik berýän Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň № 1 ygtyýarnamasyny alýar, bu bolsa raýatlar bilen işlemäge hukugy bolan maýa goýum edarasy hökmünde gymmat bahaly kagyzlar bazarynda işleri geçirmäge hukuk berýär. Şu derejede bank 1991-nji ýyldan 1999-njy ýyla çenli işledi.

1999-njy ýylyň ýanwarynda “Inwestbank” Paýdarlar maýa goýum täjirçilik banky ýöriteleşdrilen döwlet täjirçilik bankyna öwrülýär. Ol senagaty we senagat düzümini maliýeleşdirmäge gönükdirilip, döwlete degişli bolmadyk ykdysadyýetiň hukuk taraplaryna, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlarynyň gatnaşmagyndaky kärhanalara, şeýle hem şahsy taraplara hyzmat etmäge hukuk berýär.

2000-nji ýylyň aprelinde “Inwestbank” Paýdarlar maýa goýum täjirçilik banky Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky diýlip atlandyrylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji 9-njy iýulyndaky 2316 belgili karary esasynda Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik banky diýlip atlandyryldy.

Archived 2021-09-09 at the Wayback Machine