Mazmuna geçiň

Beýik Seljuk Türkmen döwleti

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Seljuk türkmen döwleti sahypasyndan gönükdirildi)
Beýik Seljukly Türkmen döwletiniñ baýdagy
Beýik Seljukly Türkmen döwletiniñ baýdagy

Paýtagty: Merw, Nişapur, Reý, Yspyhan.

Dini: Yslam.

Dolandyryjylar: Kagan, Soltan, Şa.

Başlangyç şahsyýet: Seljuk beg (960-1009) Soňky şahsyýet: Ahmet Sanjar (1118-1157)

Taryhy bellikler

Dańdanakan söweşi (1040) Malazgirt söweşi(1071) Katwin söweşi (1141) Sanjaryň Oguzlar tarapyndan ýesir alynmagy (1153)

Seljuklylardan öň:

Gazna döwleti. Günbatar Garahanlylar. Buweýh ogullary. Gündogar Rim hökümdarlygy

Seljuklylardan soň:

Horezmşalar döwleti. Anadolydaky seljuk döwleti. Ildeňizliler. Zeňňiler. Artykly begligi. Türkmen taryhynyň üçünji eýýamynda uly öwrülişigi Beýik Seljuk döwletiniň döremegi bilen baglanyşdyrmagyň taryhy ähmiýeti bardyr. Çagry begiň we Togrul begiň döreden Beýik Seljuk döwleti gysga döwrüň içinde Günbatara, kiçi Aziýa tarap ummasyz giňişliklere ýaýraýar. Bu döwlet dargandan soň, onlarça özbaşdak döwletler döreyär.

Mälik şa aradan çykandan soň (1092) Horasanda Sanjara mäliklik wezipesi berlipdir. Şeýlelikde Sanjar hem meşhur atalary Çagrybeg, Alp Arslan ýaly Seljuk türkmenleriniň Horasandaky döwletiniň başyna geçipdir. Merw şäherinde oturyp hökümdar eden Mälik Sanjar otuz iki ýaşynda, ýagny 1118-nji ýylda gündogarda turan birtopar Seljuk türkmenleriniň häkimligine garşy, baş galdyrlan gozgalaňlary basyp ýatyrmak bilen özüniň bu ägirt döwletiň soltanlygyna tarap aýgytly ädimleriniň ilkinjisi ädipdir.

Seljuk döwletine ýarym garaşly, garaşsyz onlarça döwletler ozalky ýoluny dowam edipdirler. Beyik Seljuk türkmen döwletiniň esaslandyrylmagynda uly ähmiýetli waka bolan Daňdanakan söweşinden soňra Seljuklar häzirki Mary welaýatynda uly maslahat geçiripdirler hem-de tabyn eden ýerlerini neberäniň agzalarynyň arasynda peýdalanypdyrlar. Şu paýlanyşykda Eýranyň Tabes we Kerman welaýatlary Gurda berlipdir. Türk taryhy çeşmelerinde onuň ady Kabert hökmünde geçip onun “Gurt” manysynda gelýändigi barada aýdylýar. Gurt Dawut Çagry begiň ogly bolupdyr. Oňa gara Arslan hem diýlipdir.

Gaznalylaryň Daňdanakanda ýeňilmeginden soňra Seljuklar günorta tarapa akgyn edip başlapdyrlar. Bu döwürde Kerman Büweýhi hökümdary Ebu Kalijar Merzubanyn gol astynda bolupdyr. Togrul beg Reý şäherine girenden soň esgerleriniň bir toparyny Kermana gönderipdirler. Seljuklar bu ýere gelip käbir etraplary özüne boýun egdiripdirler. Emma buweýhiler olara garşy söweşde ýeňiş gazanyp birnäçe ýyllap kermandaky ýagdaýy öz peýdalaryna saklamagy başarypdyrlar, ýöne Gara Arslan 1048-nji ýylda Demirgazyk Kermany özüne tabyn etmagi başarypdyr. Şeýlelikde Kermanda Seljuk türkmen döwletini esaslandyrypdyrlar. Kermana köp mukdarda türkmen ilaty göçüp gelipdir. Kermandaky Seljuk türkmen döwleti Mälik Gurt Kermana häkim bolanda Arabystan ýarymadasynyň gündogaryndaky oman ülkesi Büweýhileriň golastyndady. Hazynalara baý bu ülke derrew Gurduň ünsüni özüne çekipdir. Ony boýun egdirmek maksady bilen gurt ýörişe başlapdyr. Seljuk türkmenleriniň taryhynda ikinji sapar deňiz ýörişini amala aşyran Mälik Gurt Ummana häkim bolupdyr. 1062-nji ýylda Kermanyň günbatarynda ýerleşýen Fars welaýatyny eýeläpdir. Gurt Kermana häkim alyp barypdyr. Häkimiýet alamaty bolan hökümdar saýawanyny ýanyndan goýmandyr. Onuň ýüzünde Seljuk neberesiniň alamaty bolan ok-ýaýyň şekili bolupdyr. Mälik Gurt öz dolandyran welaýatynda özbaşdak bolsa-da Beýik Türkmen Seljuk Soltanlaryna tabynlykda bolupdyr. Mälik Gurt Mälik şa garşy söweşde wepat bolýar.

Tagta bolsa Soltan şa çykypdyr. (1074) Mälik şanyň Kermana ýöriş eden wagty Soltanşa Berdesir şäherinde gizlenipdir. Soňra gymmat bahaly sowgatlar bilen Mälik şany garşylap, onuň gyzyna öýlenipdir. Ol Kermanda 12 ýyllap döwleti dolandyrypdyr. 1085-nji ýylda bolsa aradan çykýar. Şondan soň tagta Turan şa gecipdir. (Gurduň ogly). Turan şa kermandaky Seljuk türkmen döwletini 13 ýyllap dolandyrypdyr. Ol adalatly hökümdar bolupdyr. 1097-nji ýylda Turanşa hem aradan çykýar, onuň ogly Eýran şa tagta oturypdyr. Onun döwründe ilat horluk çekipdir.

Horasanda ýaşaýan oguzlaryň Kermana aralaşmagy bu ýerdäki türkmen Seljuk döwletiniň gowşamagyna hem-de onuň ýykylmagyna täsir edipdir. 1181-nji ýylda Oguzlar Berdesir basyp alýarlar. Şeýlelikde Kermanda 136 ýyl dowam eden Kermandaky türkmen Seljuk döwleti 1187-nji ýylda öz ornuny ýitirip, döwlet ýykylypdyr.

Dolandyryjy Şalary:

Togrul beg [ hakyky ady :Mikaýyl ogly Togrul ] unwany: Rukneddin, Ebu Talib, Beg, Soltan. Alp-Arslan [ doly ady: Dawut Çagry ogly Muhammet ] unwany: Abudeddewl Ebu Şuja, Soltan. I. Málik şa [ doly ady: Hasan ] unwany: Soltan Jelaluldewle weddin, Muzziddin, Ebul Feth, Málikşa. I. Mahmyt.[...] Unwany Nasireddin, Ebulkasym,soltan, Berkýaryk, (Muhammed Berkýaryk bin Málikşa. II. Málikşa. [...] Unwany: Muizziddin, Ebulfeth, Soltan. Muhammet Tapar [ Ahmet ] Unwany: Gyýaseddin, Ebu Şujja, Soltan. Sanjar: [ Ahmet ] unwany Muizzidin, Ebulharit, Soltan.

Seljuklar döwründäki meşhur alymlar we şahyrlar

[düzet | çeşmäni düzet]

Abu Abdylla Muhammet ibn-Abdylmälik Muezzi (1045-1125) Mälik şanyň köşgünde “dilewarlyk meýdanynyň şasuwary” , “şahyrlar şasy” diýen belent ada eýe bolan adam. Onuň kakasy Abdylmälik Burhany hem köşk şahyry bolan. Muezzi öz ömründe 19000 beýt şygyr ýazan hem-de Soltan Sanjaryň döwründe şöhraty ýer sarsdyran şahyr bolupdyr. Emir Muezzi öz ömründe hökümdarlara, wezir-wekillere, olaryň ýaranlaryna, dogan-garyndaşlaryna, ogul-gyzlaryna bagyşlap örän köp medhnamalar ýazyp, Seljuk soltanlarynyň köşgünde iň ýokary derejä ýetýär. Baýlygy babatda-da “Gazanynyň tagany kümüşden, ähli gap-gaçlary bolsa altyndan ” diýilen örän baý şahsyýete öwrülen... Soltan Sanjaryň ýaýdan atan okunyň tötänlikde degmegi meşhur şahyr Emir Muezziniň ölümine sebäp bolupdyr. Muezziniň ýetginjeklik döwri Mälik şanyň köşgünde geçýär. Muezzi Mälik şanyň köşgünde edil şahyr Unsurynyň Soltan Mahmydyň köşgünde gazanan üstünlikeri we eýelän orny ýaly orun eýeläpdir. Muezzi öz döwrüniň şahyrlarynyň köpüsi bilen aragatnaşyk saklapdyr, olaryň arasynda uly abraýa eýe bolupdyr. Köp şahyrlar Muezziniň şygyrlaryndan görelde alyp, şygryýet äleminde şonuň ýeten derejesine ýetmäge çalşypdyrlar, oňa bagyşalap şygyrlar hem döredipdirler. Muezzi pars dilinde ýazan we Seljuklaryň häkimlik eden döwründe ýaşan şahyrlaryň biri hasaplanylýar. Aly Auhadeddin Enweri hem edil Mälik şa döwründe Emir Muezziniň meşhur bolşy ýaly, Sanjar Soltanyň şalyk eden ýyllarynda “Köşk şahyrlarynyň şasy” bolup, örän uly hormatdan peýdalanypdyr. Onuň öýünde dabarasy belent Soltan Sanjaryň özi telim gezek myhmançylykda bolupdyr. Orta asyr Gündogarynyň beýik şahyry ömrüniň dowamynda 14722 bent kasydalar, gazallar, kytgalardyr, rubagylar ýazan Enweriniň kakasyna Muhammet, atasyna hem Yshak diýipdirler. Enweri Abywerdiň “Deşdi - Haweran” düzlügindäki Badna obasynda eneden bolupdyr. Lakamy ilki Hawary, soňra welin Enweri bolan bu şahyr edebiýat taryhyna Aly Auhaddin Enweri ady bilen girýär. Ol ýaşlygyndan irginsiz okap, bilim alýar. Tusuy “Mansuriýe” medresesinde okap, astranomiýadan, matematikadan we pelsepeden düýpli bilim alýar. Soltan Sanjar öz söýgüli köşk şahyryny ýörüşlerde-de ýanyndan aýyrmaýar. Enweriniň Seljuk Horasanynyň medeniýetli adamlarynyň arasynda gyzykly, çylşyrymly, dogruçyly şahs bolandygy barada taryhy maglumatlar habar berýär. “Köşgüň birinji şahyry” , “Horasanyň meşhur hem başarjaň şahyry” ýaly atlara mynasyp bolan Enweri hakykatdan-da özüniň aşa ylymdar we sowatly bolandygy bilen köpleri haýran galdyrypdyr. Soltan Sanjara bagyşlap ýazan köp sanly kasydalaryndan başgada Oguzlaryň Maryny tozdurmagynyň öňüsyrasynda, Nyşapurda eden weýrançylyklaryna bagyşlap Enweriniň “Horasanyň gözýaşlary” at bilen ýazan elegiýasy-gynançnamasy şahyryň meşgurlygyny has-da artdyrypdyr. Soltan Sanjar oguzlar tarapyndan ýesir alnyp, Termeziň zyndanyna salnandan soň, Enweri kömek sorap özüniň “Horasanyň gözýaşlary” elegiýasyny Samarkandyň hökümdary Gylyç Tamgaç hana iberipdir. Soltan Sanjar ölenden soň, Enweri galan ömrüniň köp wagtyny Nyşapurda, Balhda geçiripdir. Enweri (takmynan 1186-1187-nji ýyllar) soň hem 4-5 ýyl ýaşap, 1191-nji ýylda 75-80 ýaş töwereklerinde Balhda aradan çykypdyr, şol ýerde-de jaýlanypdyr. Onuň gubury keramatly pir, Soltan Ahmet Hezrewiniň gubyrynyň ýanynda bolmaga çemeli. Mänije Soltan Sanjaryň garyndaşy hem-de dilewarlygy üçin hormatlanýan Seljuklar zamanynda öz öňüne oýunçy geçirmeýän ökde sadrançy (küştçi) hökmünde özüni tanadan zenandyr. Mahesti, XI asyrda ýaşan belli zenan şahyrlarynyň biridir. Onuň durmuşy, gelip çykyşy, alyp barýan işleri hat-da ýaşan zamanasy dogrusynda hem dürli garaýyşlar, ýazgylar bar. Esasy hem-de ygtybarly tezkirelerde Mahesti beýik Türkmen seljuklary döwründe ýaşap, Soltan Sanjaryň häkimlik eden döwründe (1117-1156) köşkde şygyr sungaty bilen meşgul bolupdyr diýlip maglumat berilýär. Mahesti öz goşgularyny Ýakyn we Orta Gündogarda IX asyrdan başlap, edebi dil hökmünde ykrar edilen pars dilinde ýazypdyr. Ol esasan rubagy ýazmaga ussat bolupdyr. Şonuň üçinem onuň edebi mirasynyň köp bölegi rubagylardan ybaratdyr. Bu bolsa oňa Omar Haýýamyň rubagylyk mekdebiniň belli bir derejede täsir edendigini görkezýär. Bu şahyryň edebi döredijiligi dürli temalary öz içine almak bilen, durmuşdan lezzet almak, söýgülisine gowuşmak, oňa wepaly bolmak, aýralyk hasraty, şeýle-de jemgyýetde bolup geçýän syýasy we ykdysady egsiklige hem özüniň närazylygyny goşgy setirleri bilen beýan edipdir. Jöwheri Zergäriň “Mahestä” bagyşlap ýazan “Mahesti we Emir Ahmet” atly dessanyndaky şahyr zenanyň : “Gidýän Horasan ýurduna, Balh diýilýän şähere. Ozalam men şol ýerdendim, Şondan geldim bu ýere” -diýen setirlerine garap, ony ir zamanlarda türkmenleriň köpçülikleýin oturymly ýeri bolan Owganystanyň Balh welaýatynda dünýä inendigini anyklamak bolýar. Mahesti 1121-nji ýylda dünýä inipdir. Mahestiniň kakasy , öz döwrüniň giň dünýägaraýyşly adamlarynyň biri bolupdyr. Ol öz gyzyny 4 ýaşyndaka mekdebe beripdir. Onuň kakasy sazyň, şygryýetiň, tansyň janköýeri bolansoň, öz gyzynyň zehininiň kämilleşmegine üns berip, öz öýüne belli saz we tans ussatlaryny çagyryp, gyzyna sapak bermeklerini ýola goýupdyr. Mahesti 300-e golaý rubagy ýazypdyr. Köp wagtlap Seljuklaryň paýtagty Maryda, Soltan Sanjaryň köşgünde ýaşan Mahesti Soltan diri mahaly aradan çykan bolmaly. Seljuklar zamanynyň görnükli alymlarynyň biri hem Abu Seýit ibn Muhammet as Samany al Merwezidir (1112-1113-1167). Onuň asly araplaryň Samany kabylasyndan bolup, ir wagtlardan bäri Maryda ýaşap gelen Samaniler neberesindendir. Samanynyň dünýä inen ýeri-de, aradan çykyp, jaýlanan ýeri-de Marydyr. Örän medeniýetli maşgalada dünýä inen Abdylkerim ýaşlykdan sowat öwrenmeklige, bilim, ylym almaklyga teşne bolupdyr. Ol Marynyň at-owazaly medreselerinde okapdyr. Ýakut Hamawynyň ýazmagyna görä, Marynyň her birinde 12 müň jilt çemesi kitap saklanan on sany kitaphanasynyň iki sanysy-da şol Samaniler maşgalasyna degişli bolupdyr. As-Samany ýaşlykdan syýahat etmäni gowy görüpdir. Şonuň üçinde ol diňe bir Amul, Ürgenç, Sarahs, Mäne, Abywert, Nusaý ýaly Türkmenistanyň şäherlerinden däl, şol zamanlarda dünýäniň iň iri ylym hem medeni merkezleri hasaplanan Buhara, Nişapur, Ispihan, Gürgen, Bagdat, Halap, Damask Kuddansy Şerif hem başga-da onlarça şäherlerde bolupdyr. Köp taraply hem düýpli ylym almaklyga teşne bolan Abu Seýit baran şäherleriniň hemmesinde şol ýeriň kitaphanalaryna, görnükli alymlaryň mejlislerinde bolmak bilen, öz gözýetimini giňeltmäge, çuňaltmaga çalşypdyr. Alym Marydan Arabystanyň dürli şäherlerine çenli köpýyllyk syýahat döwründe Türkmenistanyň bolsa tas ähli oba-şäherlerinde bolup, toplan örän köp takyk täsin hem gymmatly maglumatlarynyň esasynda “Kitap al-ansab” (Geneologiýa kitaby) ady bilen sekiz jiltlik eser ýazyp 1156-njy ýylda tamamlapdyr. Abu Seýit as-Samany özüniň biziň günlerimize çenli saklanyp gelen sekiz jiltlik bu meşhur sözlüginden başga, Bagdat hatyfynyň taryhynyň dowamy hökmünde ýazylan 15 jiltlik Marynyň taryhyna degişli “Taryhy Merw” atly 20 tomluk we ş.m. garaz taryha, geografiýa, etnografiýa, toponomika degişli jemi 50 jilt töweregi işiň ýazarydyr. Bäheweddin al Bekr Muhammet ibn Ahmket ibn Abdyljepbar al Hüseýini al Haraky Marynyň golaýyndaky Herek obasynda dünýä inip, ilki Maryda Soltan Sanjaryň köşgünde, soňra Nyşapurda işläpdir. Az wagtdan Horezme çagyrylypdyr ýöne ömrüniň ahyrynda ýene dogduk mekanyna Herege gelip 1138-nji ýylda aradan çykypdyr. Ol bize gelip ýetmedik “Taryhy Merw” (“Merwiň taryhy”) atly ylmy eseriň ýazarydyr. Özüni taryhçy, hasabyýetçi, astranom, žugrafiçy hem pelsepeçi hökmünde tanadan bu görnükli alymyň “Pelekleriň sferalarynyň bölünişleriniň akyl ýetirip boljak aýňry çägi”, “Astranomiýa giriş”, “Günbatar hakda traktat” atly eserleri astranomiýa, “Hasap hakdaky ähli zady öz içine alýan traktat” bolsa arifmetika degişlidir, başdaky iki eser bize çenli gelipdir. Omar Haýýam. Onuň doly ady Kyýaseddin Abulfatyh Omar ibn Ybraýym Haýýam Nyşapurydyr. 1048-nji ýylyň maý aýynyň 18-ne doglup 1131-nji ýylyň dekabr aýynyň 4-ne aradan çykypdyr. Çagalykdan dury zehinliligi, düşbüligi bilen tapawutlanýan Omar Balhda, Tusda, Buharada, Samarkantda, Bagdatda, Maryda bilim alypdyr. Ýaşlykdan al Farabynyň, Abu Reýhan Birunynyň, Abu Ali Ibn Sinanyň eserlerini gaýta-gaýta okamagy gowy görüpdir. Omar Haýýam 26 ýaşyndaka Beýik Seljuk türkmenleriniň imperiýasynyň Soltany 17 ýaşyndaka tagta çykan Abul Fatyh Jelaletdin Ibn Alp Arslanyň köşgüne işe çagyrylypdyr. Şahyr alym hökmünde tanalýan Omary şanyň nedimligine çagyran Seljuklar köşgüniň baş weziri Nyzamylmülkdir. Omar Haýýam “Arifmetikanyň meseleleri”, “Algebranyň we al-Mukabalanyň çylşyrymly meselelerini çözmek” diýen ýaly hasabyýete degişli birnäçe işlerinde, kub kwadrat deňlemeler, gaýry bir topar çylşyrymly meselelerde uly açyşlar edip Muhammet Horezmi döwründe aýratyn ylym hökmünde ýüze çykyp ugran, algebranyň hasabyýetden bölünip aýrylmagyna, onuň kämil özbaşdak ylym hökmünde tanalmagyna goşant goşupdyr. Ol algebra ýörite kesgitleme beripdir. “Algebra durmuşa san hem ölçeg taýdan näbellilikler tapyp, takyk hasaby, ölçegi ýola goýmakdyr”. Omar Haýýam algebrany ylmy sungat hasaplapdyr. Akyldar “Ýewklidiň hasabyýetini düşündiriş” diýen işine özüniň “Predmetiň mazmuny sandyr” diýip algebranyň kömegi bilen onuň çözen deňlemesini geometriýanyň burç hem ölçeg ululygy diýen teoremasynyň üsti bilen işläp, algebra bilen geometrýanyň arasyndaky “Hytaý diwaryny aýrypdyr”. Omar Haýýam öz döwründe astranomiýa ylmynyň pajarlap ösmegine uly goşant goşupdyr. Mälik şanyň görkezmesi bolýunça akyldar 5 ýylyň dowamynda “Mäligiň ýyl hasaby” diýen at bilen (1074-1079) ýylnama özgertmesini amala aşyrypdyr. Seljuklar imperiýasynda 1074-nji ýylyň Mart aýnyň 15-ne Omar Haýýamyň düzen takyk gün hasabyna esaslanýan milady ýyl hasaby ýöredilip ugrapdyr. XI asyryň ahyrynda dogulyp XII asyryň birinji ýarymynda Maryda ýaşan asly grek maryly Abulfath Ali al Hazynynyň guly, ýöne biçak zehinliligi üçin hojaýyny tarapyndan döwrüniň ýokary bilimini almaga mümkinçilik berlen Omar Haýýamyň zehinli şägirtleriniň biri Abu Mansur Abdyrahman Al Hazyny esasan kämil astranom, hasabyýetçi hem fizik hökmünde tanalyp Soltan Sanjaryň köşgünde işläpdir. Onuň “Hazyny” lakamy üns bererlikdir. Orta asyrlarda kitaphanalaryň ylmy we guramaçylyk işlerine jogapkär adamlara “Hazyn” diýilipdir. Al Hazyny ömrüni ylym-bilime bagyşlan takwa adam bolupdyr. Abdyrahman Al Hazynynyň üç eseri bize mälimdir. “Mizan-ul-Hikmet” (“Paýhas terezisi”) atly birinji kitabyny alym hut özüniň ýasan gidrostatik terezisi bilen baglanyşykly 1121-nji ýylda ýazypdyr. Türk alymy Sadeddin Ökteniň “Yslam ensiklopediýasyndaky” makalasynda habar berilşine görä arap dilinde ýazylan bu kitabyň dört nusgasy tapylyp, ol 1940-njy ýylda Haýdarabatda neşir edilipdir. Eseriň bir bölegi 1859-njy ýylda iňlis diline terjime edilipdir. 1967-nji ýylda bu kitap pars diline terjime edilip Tähranda çap edilendir. Hazynynyň “Mizan-ul-Hikmet” atly bu kitaby 8 bölekden durýar. Abdyrahman Al-Hazynynyň ikinji eseri Soltan Sanjaryň hormatyna ýazylan “Al-Zij-Al-Mutabar-Al-Sanjary” (“Sanjaryň jetweli”) atly kitabydyr. Türk dilindäki “Yslam ensiklopedisiýasynyň” maglumatyna görä, kitabyň 50x32 sm. ululugyndaky 192 ýaprak görnüşindäki bir nusgasy Watikanda, ikinji nusgasy Britan muzeýinde, Tähranyň Sipehsalar medresesiniň kitaphanasynda bolsa bu kitaba hut özüniň ýazan düşündirişi saklanýar. Astranomiýa degişli bu eser 1126-njy ýylda ýazylyp, onda asman jisimleri bilen bagly gyzykly maglumatlar berlipdir. Eserdäki jetweller alymyň 1115-1116-njy ýyllardaky gözegçilikleriniň esasynda düzülipdir. Olarda ýyldyzlaryň asmanda ýerleşişi, olaryň doguşy baradaky maglumatlar Merw şäheriniň geografik kardinatlaryna görä berilipdir. Kitapda beýik Seljuk döwletiniň düzümine girýän ýerleriň merdianalary we uzaklyk, giňlik derejeleri takyk görkezilipdir. Hazyny Soltan Sanjaryň tabşyrygy bilen onuň döwletiniň ähli şäherlerinde kyblany görkezmek üçin gün sagadyny hem ýasapdyr, hasaplamalar geçirip, jetwelleri düzüpdir. Al-Hazynynyň üçinji kitaby “Risaleý-I-Filat” diýlip atlandyrylýar. Asman jisimlerine gözegçilik etmäge degişli enjamlar baradaky bu kitap Tähranyň Sipehsalar medresesiniň kitaphanasyndan Aýdyň Saýyly tarapyndan tapylypdyr, 17 sahypalyk bu eserde 7 sany gurala häsiýetnama berlip, olaryň gurluşy aýdyňlaşdyrylypdyr. Abdyrahman Al-Hazynynyň fizikadaky uly açyşy onuň ýeriň dartylma güýji hakyndaky pikiri Nýutondan birnäçe asyr öň aýdanlygydyr. Willi Durantyň “Ynam çagy” atly eserinde bellemegine görä Hazyny her bir jisimi ýeriň merkezine dartýan bir güýjiň ýagny ýeriň dartylma güýjüniň bardygyny orta atan alymdyr.