Saparmyrat Türkmenbaşy meteoridi
Halkara meteoritik guramasy tarapyndan ýazga alnan 5-nji Türkmen meteoridi. Ol 1998-nji ýylyń Iýunyń 20-sinde 17 sagat 30 minutda Köneürgenç şáheriniń golaýyndaky «Derýalyk» daýhan birleşiginiń pagta meýdanyna gaçdy. Ol Ýere 3,7 metr çúmúpdir. Onuń gazan çukurynyń agzynyń gińligi 4,5 metre barabardyr. Meteoritiń Ýeriń ústúne gaçan iń uly bóleginiń massasy 820 kg-a golaý bolup, onuń ululygy 72 x 80 x 48 sm-e barabardyr, dykyzlygy 3,2 g/sm (3). Ol daş meteoritleriń arasynda dúnýáde massasy 1500 kg-a ýetýán Girin meteoridi (Hytaý) we massasy 1000 kg-a ýetýán Norton-Kaunti meteoridi (Amerika) meteoritlerden soń 3-nji orny eýeláp, minerallarynyń mukdary we dúzúmi boýunça birinji orunda durýar, çúnki onda 23 element we 45 mineral bardyr (beyleki meteoritlerde 17-18 element we şonça-da mineral bar). Ol XX asyrda asmandan gaçan ápet daş meteoritleriń hataryna resmi taýdan goşulan jisimdir. Bu meteoridiń Ýeriň atmosferasyna girmezinden ozalky massasy birnáçe tonna golaýdyr diýlip çak edilýár.
salgylanma
[düzet | çeşmäni düzet]http://ertir.com/#blog.php?view=88723&api=0.7526845943648368 Archived 2014-08-03 at the Wayback Machine