Mukaddes Rim imperiýasy
Appearance
German halklarynyň Mukaddes Rim imperiýasy (lat. Sacrum Imperium Romanum Nationis Teutonicae, nem. Heiliges Römisches Reich Deutscher Nation) — 962-nji ýyldan 1806-njy ýyla çenli höküm süren we Merkezi Ýewropanyň territoriýalaryny özünde jemlän döwlet. Iň gülläp ösen döwründe imperiýanyň düzümine onuň özeni hökmünde Germaniýa, şeýle hem demirgazyk we orta Italiýa, Şweýsariýa, Burgund korollygy, Niderlandlar, Belgiýa, Çehiýa, Sileziýa, Elzas we Lotaringiýa giripdir. Ol resmi taýdan üç sany korollykdan: Germaniýadan, Italiýadan we Burgundiýadan emele gelipdir.