Martin Lýuter
Martin Lýuter | |
Ady | Martin Lýuter |
Doglan wagty | 10,Noýabr, 1483 Mukaddes Rim imperiýasy |
Ölen wagty | 18 Fewral, 1546 |
Käri | Din alymy, Filozof |
Goşantlary | 95 Dissertasiýa,Reformasiýa ugrunda göreş |
XVI asyryň başlarynda German ýerleriniň ykdysady sosial syýasy ösüşine käbir zatlar ters täsirini ýetirdi. Senýorlaryň ezişi güýçlendi, ýurt syýasy taýdan dagnykdy, katoliki buthananyň täsiri güýçlidi. Şu zatlar reforma geçirmegiň sebäbi boldy. 1517-nji ýylda Lýuter Indulgensiýa garşy 95 tezisi bilen çykyş etdi. Şondan başlanýar. Martin Lýuter (1483-1546) Eýslenber (Soksaniýada) dogulyp, atasy demir işläp bejerýän senagatda ýokary wezipede işleýär. Bu kärhana knýaz häkimýetine degişli bolany üçin kynçylyk çekýär. Öndürilen demiriň esasy bölegi durmuşyndan nägile bolan brýuger maşgalasynda önümçilik ösýär. 18 ýaşynda Erdgurd uniwersitetine girýär. Akyldarlar kružogy bilen tanyşýar, olaryň täsirinde bolýar. Ol uniwersiteti gutaryp awgustin ybadathanasyna girýär. Şol ýerde dünýä garaýşy jemlenýär. Adamy hiç hili buthana gorap bilmeýär. Onda ynam bolmaly diýýär. Dini garaýyşlary döwlete tabşyrman ol daşky dinden adamy dyndyrýar. Onuň hereketiniň maksady katoliki buthana öz ýurduny dyndyrmakdy. Ýurduň syýasy dagynlygynyň öňüni almakdy. Lýutleri Tutten we beýlekiler hem goldady, 1522-nji ýylda tri arhiepiskopna garşy göreşde rysarlar närazy boldy. Gozgalaňy guran Tutten Zikkenä ýaralanýar. Tutten bolsa Şweýsariýa gaçyp, şol ýerde ölýär. Rysar hereketi ýeňilýär. Lýuter reformalar ugrundaky göreşini dowam etdirýär. Ol mukaddes Rim imperiýasynyň imperatory Karl V bilen çaknyşýar. Karl V ol ýerde Tasburglaryň katoliki monorhiýasyny dikeltmek isleýär. 1521-nji ýylda Lýuter çagyrylyp, öz işinden dänmekligini talap edýärler. Emma ol dänmändir. Warm reýhstagynda imperator edikt çykaryp Lýuteri tussag edýär. Onuň ýazan ýakmagy, onuň we egindeşleriniň jaýlaryny alýarlar. Ony Fridrih Saksanskiý köşk goraýar. Onuň işini Swilling dowam etdirýär. Ol buthanany düýpli üýtgetmegi ruhanylaryň eýeçiligindäki ýerleri dargatmagy, olara edilýän eglişikleri ýok etmegi talap edýär. Halkyň rewolýusion ýollary göterişini Tomas Mýunser reformalary geçirmekde görýär. Ol ilki Lýuteriň tarapdarydy. Ol diniň täze görnüşini ornaşdyryp syýasy agdarlyşyk etmek isleýär. Ol şeýdip knýazlara garşy göreşmegi planlaşdyrýar. Germaniýa knýaz dworýan ýurdy bolmaly däl, ol hususy eýeçilige garşy, hemme zat deň bolmaly. Ol halky rewolýusion ezişden azat edip, olaryň islegini kanagatlandyrmaly diýýär. Germaniýada jemgyýetçilik hereketi 1524-1525-nji ýylda daýhan hereketinde özüniň ýetjek nokadyna ýetdi. Halk täze düzgüniň girizilmegine garşy ezişe garşy aýaga galýar. Daýhanlar 1525-nji ýylda öz meýilnamalaryny düzdüler. Ýörite hat-da daýhanlaryň talaby we närazyçylygy aňladyldy. Aýaga galan daýhanlar “12 maddany” esasy maksatnama öwürdiler. Bu iri ýer eýelerine garşy göreşiň meýilnamasydy. Emma gozgalaň uzaga çekmedi. 1425 ýylyň Gurbansoltan aýynda ýokary-şwabsda daýhanlaryň esasy bölegi derbi-dagyn edilipdir. Frokkoniýa we orta Germaniýada hereketiň täze ojaklary peýda bolupdyr. Ỳöne bu hereketleriň hemmesinde 1525-nji ýylyň ahyrlarynda ýatyryldy. Ýewropada reforma ugrundaky hereket buržuaz rewolýusiýasynyň birinji etapyny aňlatdy. Iri ýer eýelerine garşy daýhanlaryň iň pes gatlagynyň çykyşydy. Ýeňilen daýhanlaryň hereketi nemes halkyna agyr täsir etdi. XVI asyrdaky nemes daýhanlarynyň gozgalaňynyň ýeňilmeginiň sebäbi daýhan biri-birinden aýrady. Hat-da daýhan plebeýler hem göreşde doly birleşip bilmediler. Beýleki synpyň goldawy zerurdy. Olaryň öňünde 2 wezipe durdy. Feodal ezişi ýok etmek we ýurduň dagynlygynyň soňuna çykmakdy. Frýugerler feodallardan ýeňiş gazanmaga heniz taýýar däldi (güýçsüzdi). Täzeden knýaz häkimýeti güýçlendi. Lýuteranlar Augsburg ýygnagynda 1530-njy ýylda “Augusburg dine uýujylaryň” hatynda knýaz we papa buthana ýolbaşçy bolup, katoliki şahslara garşy dine uýmagy öňe sürdi. Daýhan urşy ýatyrylandan soň yzarlama başlady. Tofman hristiň ýeňişinden soň, adamlaryň gatnaşmagynda hudaýlar deňleşýärmiş diýen pikirli adamlara anabapdistler diýip at beripdirler.
Daşarky çykgytlar
[düzet | çeşmäni düzet]- Мартин Лютер — рождение новой церкви. Программа «Эха Москвы» из цикла «Всё так»
- Книги Мартина Лютера в электронной библиотеке Гумер
- Важнейшие сочинения Лютера (в том числе, предисловия к песенникам) в переводе на русский язык Archived 2007-07-02 at the Wayback Machine
- Роланд Бейнтон «На сем стою». биография Мартина Лютера
- Произведения Мартина Лютера и статья о нём Archived 2013-07-24 at the Wayback Machine
- Библиография Мартина Лютера Archived 2005-11-24 at the Wayback Machine
Bu makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |