Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Universiteit van Ashgabat (3406774006).jpg
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
GörnüşDöwlet uniwersiteti
Dinbitarap
Finansnäbelli
RektorBaýramgül Motyýewna Orazdurdyewa[1]
Gurlan ýyly1950
Okuwçy sany5000
Fakultetler8
kafedra28
salgy744000, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti ýa-da "Türkmen döwlet uniwersiteti" Türkmenistanda iň baýry ýokary okuw jaýy bolup, ol Aşgabat şäherinde ýerleşýär.Uniwersitet 1950-nji ýylda işe başlady. Şu wagtky rektory Baýramgül Motyýewna Orazdurdyewa. Uniwersitet häzirki wagtda 5000-den gowrak talyba yokary bilim beryär.

Taryhy[üýtget | edit source]

1931-nji ýylda gurulan ýokary okuw jaýynyň ilkinji ady Aşgabat Pedagogika istituty diýilip atlandyrylýar. 1950-nji ýylyň Iýul aýynyň 14-den soňra Maksim Gorkiý diýilip atlandyrylýar. 1993-nji ýyldan soňra türkmenleriň şähyry Magtymguly Pyragynyň ady dakylýar. Ýewropa uniwersitetleriniň asassosiasiýana 1989-njy ýylda agza bolýar.[2]

Fakultetler[üýtget | edit source]

  • Türkmen dili we edebiýaty
  • Daşary ỳurt dilleri we edebiỳaty
  • Taryh
  • Hukuk öwreniş
  • Fizika
  • Matematika
  • Himiya-Biologiya
  • Geogafiya

Kafedralar[üýtget | edit source]

  • Pedagogika we psihologiýa
  • Türkmen dili
  • Türkmen edebiýaty
  • Konstitusiýa we halkara hukugy
  • Raýat we jenaýat hukugy
  • Iňlis dili
  • Nemes we fransuz dilleri
  • Daşary ýurt edebiýaty
  • Arap, pars we türk dilleri
  • Amaly matematika
  • Umumy matematika we matematiki derňew
  • Nazary we tejribe fizikasy
  • Umumy fizika
  • Biologiýa
  • Himiỳa
  • Geografiýa
  • Daşky gurşawy öwreniş
  • Türkmenistanyň taryhy
  • Dünỳä taryhy
  • Arheologiỳa we etnologiỳa
  • Hünär ugrundan dil taỳỳarlygy
  • Dünýä tejribesini öwreniş

Uniwersitet meýdany(Kompus)[üýtget | edit source]

2017-nji ýylda fransuz firma "Bouygues" jemi 13,500 m² deň bolan TDU-yň täze binasyny bilen kitaphanasyny $40 million amerikan dollara gurdy.[3]

2008-nji ýylyň Senýtabr aýynda fizika we matematika fakulteti açylýar. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşýar.[4]

2011-nji ýylyň Senýabr aýynyň 1 güni geografiýa fakultetiniň täze binasy bilen umumy ýaşaýyş jaýy açylýar.Täze bina 800 talyp sany göwrümli. [5]



Ugurlar we hünärler[üýtget | edit source]

Nr. Ugur Hünär
1. Fizika we matematika matematika; amaly matematika we informatika; fizika; radiofizika we elektronika
2. Kompýuter tehnologiýasy maglumat ulgamlary we tehnologiýalary
3. Tebigy bilimler biologiýa; daşky gurşawy öwreniş; geografiýa; himiýa; kartografiýa; meteorologiýa; psihologiýa
4. Ynsanperwerlik-durmuş bilimleri taryh; gündogary öwreniş; syýasaty öwreniş; arheologiýa; ylahyýet
5. Dil we edebiýat türkmen dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; italýan dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty; žurnalistika
6. Hukuk işi hukuk öwreniş

[6]

Çeşmeler[üýtget | edit source]

  1. "Türkmenistanyň Prezidenti ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylaryny belledi". Altyn Asyr. Retrieved 25 February 2017. 
  2. Туркменский государственный университет имени Махтумкули
  3. КОМПАНИЯ «БУИГ» ВОЗВЕДЕТ НОВОЕ ЗДАНИЕ ТУРКМЕНСКОГО ГОСУНИВЕРСИТЕТА И ДВОРЕЦ ПРЕССЫ
  4. [1]
  5. В ТГУ им. Махтумкули открыто новое здание географического факультета
  6. "MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETI". Ylymlar akademiýasy. Retrieved 09 July 2017.  Check date values in: |access-date= (help)