Maýa Kulyýewa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search
Maýa Kulyýewa

Maýa Kulyýewa
Dogulan wagty we ýeriMaý 1, 1920(1920-05-01)
Büzmeýin,Aşgabat
Aradan çykan wagty we ýeriAprel 27, 2018(2018-04-27) (98 ýaş)
KäriOperaçy , Opera aýdymçy , Aktrisa,
MilletiTürkmen
Uçurym ýeriMosk­wa­nyň P.I.Çaý­kows­kiý adyn­da­ky döw­let kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy
Periýod1941-2018

Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa (d. Maý 1, 1920) Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny, Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Büz­me­ýin et­ra­byn­da ene­den do­gul­dy. 1938 — 1941-nji ýyl­lar­da Mosk­wa­nyň P.I.Çaý­kows­kiý adyn­da­ky döw­let kon­ser­wa­to­ri­ýa­syn­da okap, ope­ra teat­ry­nyň aý­dym­çy­sy hü­nä­ri­ni ele al­dy. [1]

Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa­nyň aja­ýyp se­si, ar­tist­lik ze­hi­ni, dra­ma uky­by aý­dym­çy ze­na­na uly meş­hur­lyk ge­tir­di. Ol öz aý­dym­la­ry bi­len dün­ýä ýü­zü­ne aý­la­nyp, türk­men aý­dym-saz sun­ga­ty bi­len ta­nyş­dyr­dy.

Ol zäh­met ýo­lu­na 1941-nji ýyl­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let aka­de­mi­ki ope­ra we ba­let teat­ry­nyň ikin­ji de­re­je­li ar­tis­ti bo­lup baş­la­dy.[2] 1945 — 1992-nji ýyl­lar­da şol teat­ryň ýo­ka­ry de­re­je­li ope­ra so­lis­ti, 1992 — 2001-nji ýyl­lar­da baş re­žiss­ýo­ry, oýun go­ýu­jy re­žiss­ýo­ry, 2010-njy ýyl­dan bä­ri Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky mil­li saz­ly dra­ma teat­ry­nyň sah­na us­sa­dy de­re­je­si bo­ýun­ça dra­ma ar­tis­ti we­zi­pe­le­rin­de iş­le­di.

Opera sungaty[üýtget | edit source]

Filmografiýasy[üýtget | edit source]

  • Jadyly hrustal (aýdym-sazly film)1945
  • Çopanyň ogly — Şeker1954
  • Gün wagty — Baharyň ejesi1979
  • Şa ýalyň şahsy durmuşy 1993


Hormatly atlary we baýraklary[üýtget | edit source]

Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny, Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti, saz­ly sah­na­da aja­ýyp keşp­le­riň en­çe­me­si­ni dö­re­dip, hal­ky­my­zyň çyn ýü­rek­den söý­gü­si­ne, ab­ra­ýa hem-de hor­ma­ta my­na­syp ho­lan ar­tist, türk­men ope­ra­sy­nyň ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len aý­dym­çy­sy Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa 2018-nji ýy­lyň 27-nji ap­re­lin­de 98 ýa­şyn­da ara­dan çyk­dy.

Çeşmeler[üýtget | edit source]

  1. "Кулиева Мая - это... Что такое Кулиева Мая?". The Great Soviet Encyclopedia. Retrieved 27 November 2017. 
  2. [1]
  3. Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewa aradan çykdy
  4. Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewa aradan çykdy
  5. Центр изучения Центральной Азии, Кавказа и Урало-Поволжья
  6. Указ Президиума Верховного Совета СССР от 28 октября 1955 года «О присвоении почетного звания народного артиста СССР работникам искусств Туркменской ССР»
  7. Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewa aradan çykdy