Kopernigiň Älem baradaky taglymaty
Appearance
Kopernigiň Älem baradaky taglymaty, Nikolaý Kopernigiň älemiň gurluşy barada işläp düzen nukdaýnazarydyr. Kopernik bu barada 1543-nji ýylda çapdan çykan "Asman sferasynyň aýlanmasy barada" atly kitabynda ýazýar. Bu taglymata geliosentrik sistema diýilýär.
Esaslary
[düzet | çeşmäni düzet]- Dünýäniň merkezinde Ýer dälde Gün (grekçe gelios) ýerleşýär;
- Şar şekilli Ýer we oňa meňzeş hemme planetalar Günüň daşynda bir ugurda we öz diametrleriniň biriniň daşyndan aýlanýarlar;
- Planetalaryň Günüň daşyndaky ýollary (planetalaryň orbitalary) halka şekillidir;
- Planetalaryň hereketleriniň tizligi hemişelikdir, ýagny planetalaryň hereketi deňölçeglidir, orbita Güne ýakyn boldugyça planetanyň orbita boýunça hereketiniň çyzykly tizligi uludyr.
Bulardanam daşary, Kopernik Aý Ýeriň daşyndan aýlanýar we hemra hökmünde Ýer bilen bilelikde Günüň daşyndan aýlanýar diýip hasaplapdyr.
Çeşme
[düzet | çeşmäni düzet]M.A.Annamanow, H.Meläýew. Astronomiýa. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin okuw gollanmasy. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2010.