Aý (hemra)

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Dolan aý.

Ýeriň tebigy hemrasy. Ol Güne iň ýakyn planeta hemrasydyr, sebäbi Güne has ýakyn planetalar bolan Merkuriý bilen Weneranyň hemrasy ýokdur. Ol Ýerden görünýän asman gümmezinde Günden soň ikinji iň ýagty obýekt bolup, şol bir wagtyň özünde Gün ulgamynyň tebigy planeta hemralarynyň arasynda ululygy boýunça bäşinji orunda durýar. Ýer bilen Aýyň merkezleriniň arasyndaky ortaça aradaşlyk — 384 467 km (0,002 57 a. b., ~ 30 Ýer diametri).

Ýerden görünýän asmandaky dolan Aýyň görüp bolýan ýyldyz ululygy −12,71m. Dolan Aýyň açyk howada Ýeriň ýüzünde döredýän ýagtylma derejesi 0,25 — 1 lk bolup durýar.

Aý Ýeriň daşynda adamzadyň aýak basan ýeke-täk astronomik obýektidir.

Salgylanmalar[üýtget | edit source]