Iňlis dili
Iňlis dili (english,the english language): Angliýanyň we Beýik Britaniýanyň resmi dili, ABŞ-nyň otuz bir ştatynyň resmi dili, Irlandiýanyň, Kanadanyň we Maltanyň resmi iki diliniň biri, Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň resmi dili. Ol Aziýanyň käbir döwletinde (Hindistan, Päkistan we beýlekiler) resmi dil hökmünde ulanylýar.
Hindi-ýewropa diller maşgalasynyň german diline degişli. Ene dili hökmünde ulanyjylaryň sany 410 milliona golaý, ikinji dili hökmünde gürleýänler hem 1 milliard töweregi. BMG-niň alty resmi we iş dilleriniň biri.
Şu diliň leksikasynyň 70 göterimi alynma sözlerdendir. Ýazuwy latyn elipbiýsiniň esasynda VII asyrdan bäri dowam edip gelýär. Dürs ýazuwynda däbe öwrülen ýazuw esasy orun eýeleýär.
Uly harplar | |||||||||||||||||||||||||
A | B | C | D | E | F | G | H | I | J | K | L | M | N | O | P | Q | R | S | T | U | V | W | X | Y | Z |
Kiçi harplar | |||||||||||||||||||||||||
a | b | c | d | e | f | g | h | i | j | k | l | m | n | o | p | q | r | s | t | u | v | w | x | y | z |
Dürs ýazuwy
[düzet | çeşmäni düzet]Iňlis diliniň dürs ýazuwyny hindi-ýewropa diller maşgalasynyň arasynda öwrenmesi iň kyny hasaplanýar. Ol irki Galkynyş döwrüniň iňlis dilini şöhlelendirip, häzirki britaniýalylaryň, amerikalylaryň, awstraliýalylaryň we beýleki dili ulanyjylaryň gepleşik diline bütinleý gabat gelmeýär. Sözleriň hemmesi diýen ýaly başgaça ýazylyp, okalanda aýdylmaýar. Şunuň ýaly “okamagyň düzgüni” kadany bozmagyň ýokary göterimi bilen çäklendirilen bolup, nähili hem bolsa hakyky manysyna täsir ýetirýär. Bu dili öwrenýänleriň her biri täze sözüň ýazylyşyny we okalyşyny öwrenmeli bolýarlar. Şonuň üçin sözlüklerde her bir sözüň ýazylyşynyň usulyny görkezmek düzgüne giripdir.
Taryhy
[düzet | çeşmäni düzet]Häzirki zaman iňlis diliniň düýbüni tutanlar – german taýpalary angllar,sakslar we ýutlar bolup,V asyryň ortalarynda Britan adalaryna göçüp gelipdirler.Şu döwürde olaryň dilleri nemes we frisleriňkä ýakyn bolupdyr we ol özüniň soňky ösüşinde,beýleki german dillerinden arasyny açypdyr.Gadymy iňlis dili bolan,anglo-sakson dili (köp sanly barlag geçirijiler gadymy iňlis dili hasaplaýarlar) az özgerişlere sezewar bolupdyr.Iňlis dili ýüzýyllyklaryň dowamynda Ýerde iň köp ulanylýan dilleriň biri.Oňa Beýik Britaniýanyň alyp baran syýasaty,esasan hem Demirgazyk Amerikada we Awstraliýada alyp baran syýasatlary ýardam edipdir.Ikinji Jahan urşundan soňra iňlis diliniň ähmiýeti has artdy.Häzirki wagtda döwürleýin we döwürleýin däl neşirler,telewideniýe,kino,radio,kitaphana fondlary,iňlis Internet sektory we beýleki çeşmelerden ybarat iňlis dilindäki maglumatlar giňişligine,möçberine we mazmunyna görä deňsiz taýsyz.Inlis dilinde ägirt uly möçberde çeper we ylmy-tehniki edebiýatlar ýazylan.Tehniki,tehnologik,patent resminamalary,ylmy eserler köplenç iňlis dilinde ýazylyp,soňra beýleki dillere terjime edilipdir.Bularyň ählisi iňlis dilini dünýäde aragatnaşygynyň möhüm serişdesine öwürýär.
Gadymy iňlis dili
[düzet | çeşmäni düzet]Häzirki zaman iňlis diliniň düýbüni tutanlar – german taýpalary angllar, sakslar we ýutlar bolup, V asyryň ortalarynda Britan adalaryna göçüp gelipdirler. Şu döwürde olaryň dilleri nemes we frisleriňkä ýakyn bolupdyr we ol özüniň soňky ösüşinde, beýleki german dillerinden arasyny açypdyr. Gadymy iňlis dili bolan, anglo–sakson dili (köp sanly barlag geçirijiler gadymy iňlis dili hasaplaýarlar) az özgerişe sezewar bolupdyr.
Angl-sakslar Beýik Britaniýa göçüp gelip, ýerli ýaşaýjylar – keltlere garşy göreş alyp barypdyrlar. Keltler bilen bu baglanyşyk gadymy iňlis diliniň gurluşyna we onuň sözlerine täsir etmändir diýen ýalydyr. Keltleriň gadymy iňlis diline şeýle gowşak täsirini, anglo-sakslar bilen deňeşdireniňde, kelt medeniýetiniň gowşak bolanlygy bilen teswirlenýär. Britaniýada rimlileriň täsiri gaty uly bolupdyr. Latyn sözleri gadymy iňlis diline birnäçe tapgyrlarda giripdir. Birinjiden, latyn dilinden alnan sözleriň bir bölegini Ýewropanyň demirgazyk sebitleriniň german dilli ilaty olaryň heniz Britan adalaryna göçüp barmazyndan ozal, kabul edipdirler. Latyn sözleriniň ýene-de bir bölegi hristianlygyň Britaniýa aralaşan döwrüne degişlidir.
Orta asyr iňlis dili
[düzet | çeşmäni düzet]Iňlis diliniň indiki ösüş tapgyry 1066 ýyldan 1485-nji ýyllara çenli aralygy öz içine alýar. 1066-njy ýylda gadymy norman – fransuz şiwesinde gürleýän normanlaryň gelmegi bilen iňlis dili täze leksika gatlagyna eýe bolupdyr. Uzak wagtlap norman-fransuz dili Angliýada buthana we ýokary synpyň dolandyryş dili bolmagynda galýar.
Norman - fransuz dili 1385-nji ýylda ýatyrylyp, iňlis dili ulanyşa girizilýär. 1483-nji ýylda parlament kanunlary iňlis dilinde neşir edilmäge başlaýar. Iňlis diliniň esasy german dili bolsa-da ol öz düzümine gadymy fransuz dilininiň ägirt yly möçberdäki sözlerini girizipdir we bu ýagdaý dil garyşyklygyna alyp barypdyr. Gadymy fransuz sözleriniň aralaşma prosesi takmynan 1200-nji ýyldan tä orta asyr iňlis dili döwrüniň ahyryna çenli dowam edipdir. Bu ýagdaý 1250-1400 ýyllar aralygynda ýokary derejä baryp ýetýär.
Täze iňlis dili döwri
[düzet | çeşmäni düzet]Häzirki zaman Angliýanyň iňlis diliniň ösüş döwri XV asyryň ahyrlaryndan başlaýar. Kitap neşir etmegiň ösmegi we kitaplaryň giňden ýaýradylmagy bilen kitap diliniň kadalarynda durnuklaşma bolup geçýär we fonetika we gepleşik dili özgerip başlaýar.
Iňlis dilinde köp sanly şiweler bar. Beýik Britaniýada olaryň görnüşleri Amereka garanyňda, has köp bolup, XX asyryň ortalaryna çenli orta atlantik (Mid-Atlantic) şiwesi esasy edebiýat kadasy bolupdyr.
Iňlis dilini we beýleki giňden ýaýran dilleri ulanyjylaryň takyk sanyny kesgitlemek ýeňil däl. Dürli çeşmeler iňlis dilini ulanýanlaryň sanyny dünýäde ikinji we dördünji ýere çenli aralykda goýýarlar. Birinji ýeri iki esse arany açyp, hytaý dili eýeleýär. Daşary ýurt dili hökmünde iňlis dilini bilýänleriň sany hakdaky maglumatlar aýdyňlaşdyrylýar. Bu barada 600 milliondan tä 1,2 milliarda çenli aralykdaky sanlar agzalýar.
Iňlis dili ýüzýyllyklaryň dowamynda Ýerde iň köp ulanylan dilleriň biri. Oňa Beýik Britaniýanyň alyp baran syýasaty, esasan hem Demirgazyk Amerikada we Awstraliýada alyp baran syýasatlary ýardam beripdir.
Ikinji jahan urşundan soňra iňlis diliniň ähmiýeti has artdy. Häzirki wagtda döwürleýin we döwürleýin däl neşirler, telewideniýa, kino, radio, kitaphana fondlary, iňlis Internet sektory we beýleki çeşmelerden ybarat iňlis dilindäki maglumatlar giňişligine, möçberine we mazmunyna görä, deňsiz – taýsyzdyr. Iňlis dilinde ägirt uly möçberde çeper we ylmy – tehniki edebiýatlar ýazylan. Tehniki, tehnologik, patent resminamalary, ylmy eserler köplenç iňlis dilinde ýazylyp, soňra beýleki dillere terjime edilipdir. Bularyň ählisi iňlis dilini dünýäde aragatnaşygynyň mühüm serişdesine öwürýär.
Daşarky çykgytlar
[düzet | çeşmäni düzet]- [1] Archived 2014-03-08 at the Wayback Machine (Türkmen dili-Iňlis dili sözlük)/(English-Turkmen Dictionary)
- [2] Archived 2014-04-21 at the Wayback Machine Iňlis dili-Türkmen dili sözlük
- Collection of English bilingual dictionaries
- dict.org
- English language word roots, prefixes and suffixes (affixes) dictionary
- Merriam-Webster's online dictionary
- Macquarie Dictionary Online
name of the bot |
{{{bot}}} |
Programming language |
[[{{{programming language}}}]] |
name of operator |
[[{{{operater}}}]] |
activities |
{{{activities}}} |
contact page |
{{{contact}}} |
Emergency bot shutoff button |
• |
Administrators: Use the button if the bot is not working properly. |
Bu dunýasy dili makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |