Hordalylar tipi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Hordaly haýwanlaryň aglaba topary ýokary gurluşly haýwanlar bolup, bedenleri ikitaraplaýyn simmetriýa bölünýär.

Hordaly haýwanlar bedeniniň bütin uzynlygyna ýerleşen daýanç okunyň- hordasynyň, oňat ösen nerw ulgamynyň, bogazynda žabra ýarçyklarynyň bolmagy bilen beýleki tipleriň wekillerinden tapawutlanýarlar. Ýokary gurluşly hordalylarda bolsa horda diňe düwünçegiň ösüş mahalynda ýa-da liçinka döwri emele gelip, soňunda oňurga sütini bilen çalşylýar. Gan aýlanyş ulgamy ýapyk, ýüregi bedeniniň garynboşluk tarapynda ýerleşen. Hordalylar tipine lansetnikler, liçinka hordalylar, tegelek agyzlylar, balyklar, ýerde-suwda ýaşaýanlar, süýrenijiler, guşlar we süýdemdirijiler degişlidir.

Hordalylara ýerýüzüniň köp ýerlerinde duş gelmek bilen, olaryň 40 müňden gowrak görnüşleri bardyr.

Hordalylar tipine degişli haýwanlary üç sany uly topara birleşdirýärler:

  1. Kelleçanaksyz hordalylar.
  2. Oňurgalylar
  3. örtüklirer