Mazmuna geçiň

Liçinka hordalylar

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Bu haýwanlar deňiz ýaşaýjylarydyr. Olarda hordalylara mahsus alamatlar diňe liçinka döwründe bolýar. Şoňa görä-de, bu haýwanlary liçinka hordalylar yada ortukliler diýen topara degişli edýärler. Uly haýwanlaryň hordasy we nerw ulgamy bolmaýar. Olaryň bedeni tunika diýlip atlandyrylýan ýörite örtük bilen örtülen. Şonuň üçin olara daşy örtükliler hem diýilýär. Örtüginiň düzüminiň esasy bölegini ösümlik kletçatkasynyňka (sellýuloza) örän ýakyn bolan organiki madda- tunisin tutýar. Köp görnüşleri deňziň düýbünde berkleşip otyrymly ýaşaýarlar käbir görnüşleri suw çuňluklarynda haýal hereket edýärler. Suwy süzüp, ondaky iýmitlikler bilen iýmitlenýärler.

Daşy örtüklileriň ýene-de bir görnüşi- germafrodit daşy örtükliler hem liçinka hordalylar toparyna degişlidir.