Haçly ýörişler

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Birinji haçly ýörişden bir pursat

Haçly ýörişlergünbatar ýewropaly rysarlaryň "kapyrlara" — musulmanlara, butparazlara, prawoslaw döwletlere we dürli ýeretik hereketlere garşy gönükdirilen harby ýörüşleriniň tapgyry. Ilkinji haçly ýörişleriň maksady Palestinany, birinji nobatda bolsa Hezreti Isanyň guburynyň ýerleşýän Iýerusalim şäherini Seljuklardan azat etmeklik bolupdyr. Emma welin soňraky haçly ýörişler Pribaltikanyň butparazlaryny hristian dinine salmak, Ýewropadaky ýeretik hereketleri basyp ýatyrmak ýa-da papalaryň syýasy tabşyryklaryny amala aşyrmak üçin hem guralypdyr.