Gurbandurdy Zelili Ömri we Döredijiligi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Zelili beýik watançy, gumanist, ökde lirik şahyr bolupdyr. Zelili Magtymgulynyň ýegeni.

Gurbandurdy Zelili Gürgeniň Garaguzy obasynda 1780-nji ýyl-da eneden bolýar. Zeliliniň önüp-ösen ýeri etrek gurgen garrygala sebitleridir.

Zelili oba mekdebinde, soňra bolsa Hywadaky "Şirgazy" medresesinde okapdyr diýen maglumatlar bar.

Zelili-zelil, horlanan, ejiz düşen diýmekdir. Onuň bu lakamy ýaşaýşy-durmuşy bilen baglanşyklydyr. Zeliliniň esasy kesp-käri kümüş, demir ussaçylygy bolupdyr.

Zelili Döndi diýen obadaş gyzy gowy görüpdir. Oňa bagyşlap "Döndi hanym", "Janymyň jananasy" ýaly şygyrlar düzüpdir.Ýone Dönda öýlenmek Zelilä başartmaýar. Zelili Nury atly gyza öýlenip,onüň bilen ömrüniň ahyryna çenli ýaşaýar.

Häzir Zeliliniň nebereleri Garrygala töwereklerinde ýaşaýar. Zeliliniň döwründe halky ezen, türkmenler babatda talaňçylyk syýasatyny ýöreden hanyň biri-de Muhammet rahymdyr. Onüň hanlyk süren döwründe (1806-1825) türkmenleriň ýagdaýy agyr bolupdyr. Şu ýagdaýlaryň hemmesi diýen ýaly Zelilinyň döredijiliginde öz beýanyny tapypdyr.

Zelili ömrüniň ýedi ýylyny Hywada ýesirlikde geçirýär. Diňe Muhammetrahym han ölenden soň, 1826 -nji ýylda gökleň turkmenleri Hywadan Garrygala göçýärler. Zelili hem şolar bilen göçüp gelýär.

ZELILI WE SEÝDI

Zeliliniň döwürdeşi, dosty, kyýamatlyk dogany serkerde şahyr Seýdi bolupdyr. Seýdi bu barada „Gal imdi“ elsgiýasynda ýatlaýar.

...Kyýamat gardaşym, molla Zelili,
Sen yzymda düzüp dessan gal imdi.

Zelili şahyr hem "Seýle gideli", "Nyşan Seýidi, "Salam Seýdi" ýaly goşgularynda öz doganyny ýatlaýar, öz durmuşyny, ýesirlikdäki hor-zar günlerini beýan edýär:

Sürüldiler il barysy ýeňşeşip,
Pyganyna daglar-daşlar gymşaşyp,
Asman joşa geldi, zemin gowşaşyp,
Bulutlar durdular nala, Seýňdi...

Zeliliniň deredijiligi we tematikasy

Zelili bir topar liriki goşgularyň awtorydyr. Onuň edebi döredijiliginde il-güne degişli, sotsial-deňsizligi görkesýä. Mert we namartlara degişli öwüt-nesihat beriji, söýgi temadaky çeper şygyrlar uly orun tutýar.

Zeliliniň döredijilngi özüniň manylylygy we çeperçiligi bilen tapawutlanýar. Zelili döredijiliginiň irki döwründe ahlaky häsiýetde goşgular Düzündir. Zeliliniň döredijiliginiň ikinji döwri onuň Hywa ýesir edile den soň başlanýar. Çünki bu dowürde watançylyk duýgusy, il-gününi, ýurduny söýmek hyjuwy has-da güýçlenýär.

Zeliliniň watançylyk goşgulary. Zeliliniň döredijiligiňde il-güni, ýurdy söýmek we halkyň agzybýr, erkin durmuşyny goramak pikirleri uly orun tutýar.Duşmanlar tarapyndan tozdurylan obalara, ýesir edilen oglan-gyzlara şahyr gynanmak bilen, şeýle zalymlyga garşy çykýar.

Şahyr Etregiň, Gürgeniň keşbini, tebigatany "Watanym seni" şygrynd uly joşgun bilen suratlandyrypdyr:

Sugunly, umgaly, çal goçly daglar,
Belenten pestine akan bulaglar,
Sowuk suwly, ter çemenli awlaglar,
Köňül arzuw eýlär watanym, seni!

Zelili bu goşgusyny ýesirlikde ýazypdyr. Ol ähli ýesirleriň adyndan il-ýurda söýgi besleýär.

Zelili "Nyşan Seýidi" diýen şygrynda ýesirlikde geçiren günleri, zulumdan ýaňa çekýän ejirlerini, ýurt aýraçylygyny suratlandyrýar:

...Gözel iliň şeýle bolanna dözmän,
Men aglaryn, sen hem agla, Seýidi.

Şahyr hemişe watanyna gowuşmagyny arzuw edipdir. Muny şahyryň "Pul diýip aglar" goşgusyyda görmek bolýar:

Her kim düşse garyp ýere,
Zarlar watan, il diýip aglar.

Zelili il-ýurt barada ýazmak bilen birlikde, onuň ýigitlerini mertlige, batyrlyga çagyrypdyr. Şahyr "Dert galar" goşgusynda:

Ýowuz ýerde ganym ýüzbe-ýüz gelse,
Yzyn dönmez, namart gaçar, mert galar –

diýip, mertler bilen namartlary deňeşdirýär.

Sotsial-tankydy goşgular.

Zelili öz halkynyň süýthorlar,ruhanylyr tarapyndan ezilýändigini görüpdir. Olary tankytlap, şahyr "Elli ýaşyň için-de", "Käre döndi", "Ýagşydyr", "Gider sen", "Şaýly bolmasa" ýaly şygyrlary döredipdir.

Zeliliniň "Elli ýaşyň içiňde" diýen şygrynda onuň döwründäki halkyň ömrüni ýeter- ýetmezlykde, kemsidilmekde geçirýendigi beýan edilýer:

Gaýgy-gamsyz meniň wagtym ötmedi,
Gezmedim hiç köňül hoşuň içiňde.

Sotsial-deňsizlik tema "Käre döndi" diýen şygrynda has-da aýdyň beýan edilýär. Şahyr ýazyjy synpyň pyssy-pyjrlyklaryny görkezip, halkyň ganyny sorýan han-begleri zäherli ýylana meňzedýär.

Şu eýýamda niçe baýlar,
Göýä çakjak mara döndi.

Şahyr ruhanylaryň halky din ady bilen aldaýandyklaryny görkezýär:

...Işan, sopy hem mollalar
Barysy betkäre döndi.

Zelili "Şaýly bolmasa", "Ýagşydyr" goşgularynda öz döwrundäki höküm süren sotsial-deňsizligi görkezýär.

Berimsiz beglerden, bahyl baýlardan,
Çöle çyksaň, erkek çopan ýagşydyr.
Hiç sana goşulmaz, bir göze ilmez,
Her ýigidiň golda bary bolmasa.

Şahyr zähmetkeşleriň garyp ýagdaýa düşmegini köp ýagdaýlarda "pelegiň" üstüne ýükleýär. Zelili ezijileri diňe tankytlamak bilen çäklenipdir. Ol bu meselede Azadynyň, Magtymgulynyň öňe süren pikirlerini dowam etdiripdir.

Zeliliniň sotsial-deňsizlige degişli döreden goşgulary dörtleme formasynda düzülipdir.

Söýgi lirikasy.

Zelili söýgi temasynda hem birtopar goşgy ýazypdyr. Olara "Haraýym Döndi", "Ýar senden", "Bolmasa", "Janymyň jananasy" ýaly goşgulary döredipdir.

Ol bu temadan ýazan goşgularynyň köpüsini Dönde bagaşlapdyr. Zeliliniň Dönde bolan garaýşy, onuň, yzynda sergezdan bolşy we durmuşdan zeýrenişi bu goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Eý ýaranlar, Döndi hanym
Her sözümiň kekinjidir.
Gutulmaz bu ýazy-gyşym,
Böwrüme ýaman sanjydyr

.

ýa-da

Kişi kişä mundag sütem kylarmy?
Eý-ä dostlar, beýle ters iş bolarmy?
Şir elinden awun şagal alarmy?
Bu işlere aklym haýrandyr meniň.

Şahyr "Bolmasa" goşgusynda ýaşlaryň biri-birini tanap, halap durmuş gurmaklarynyň tarapdary bolup çykyş edýär:

Dünýäde bet işdir zor bilen bermek,
Birewiň birewe meýli bolmasa.

Şunuň bilen birlikde Zelili gelin-gyzlaryň el hünärlerini, görk-görmeklerini, adamkärçiliklerini hem wasp edipdir;

Ýüzleri nurana Hurmydy taban,
Kaddy şemşat erer, zülpi huraman,
Dişleri dürdäne, lagly Badahman,
Gel, Seýidim, ýara seýle gideli.

Zeliliniň öwüt-nesihat goşgularynda öňe sürülýän pikirler.

Zeliliniň öwüt-nesihata degişli şygyrlary onuň döredijiliginde uly orunlaryň birini tutýar.

Olara "Ýaraşmaz", "Diýmek biläni", "Özgeden bolmaz", "Bigana ýagşy", "Bellidir" ýaly şygyrlar degişlidir. Synçy şahyr ozüniň "Ýaraşmaz" diýen şygrynda adamlaryň däbine, özlerini alyp baryşlaryna we haýwan-laryň, guşlaryň gylyk-häsiýetlerine degişli birnäçe pikirler ýöredýär

Asly musulmana dininden dänmek,
Ömre ygtybar, jan barlygyna ynanmak,
Begres geýip, bile kemer guşanmak,
Çölde gezen çopanlara ýaraşmaz.

Zeliliniň "Başda bellidir" şygry durmuş tsjribesi esasyn-ýazylypdyr.

Bolajak ýigit ýaşlykdan,
Ol owal başda bellidir.
Ula-kiçä ÖZUN aldyr,
Deň bilen düşda bellidir.

Şahyryň "Özge dem bolmaz" diýen şygry başdan-aýak öwüt-nesihat häsiýetlidir. Zelili bu şygrynda dogry sözlüligi ündemegi, gybatkeşlegi, ýalançylygy ýazgyrmagy maksat edinipdir.

Zelili sözlegin herne bileniň,
Tiliňde bolmasyn gybat ýalanyň,
Uly iliň adyna aşyk bolanyň,
Dünýä üçin ýüregiňde gam bolmaz.

Şahyr "Bilen" şygrynda birek-birege süýji sözli bolmaklygyň, biderek ýere adamyň göwnüne degmezligiň tarapynda durýar:

...Är öýüne är geler mylakat görse,
Ýüz tapmasa, gelmez çagyrmak bilen.

ZELILI WE MAGTYMGULY

Zeliliniň poeziýasy hakyky manysyndaky halk poeziýasydyr.

Zelili Magtymgulynyň watançylylygy hem gumanistik, öwut-nesihat häsiýetli pikirlerini dowam etdirip, şol pikirleriň edebiýatda kämilleşilmegine öz mynasyp goşandyny goşupdyr.

Zeliliniň döredijiliginde Magtymgulynyň stili, dili, çeper obrazlary we goşgy düzüşiniň täsiri aýdyň duýulýar. Zeliliniň käbir goşgularynda Magtymgulynyň şygyrlarynda ýöredilýän many taýdan gaty ýakynlaryny görmek bolýar. Mysal üçin, Magtymguly:

... Pygamber ornunda oturan kazy,
Para üçin elin aça başlady

-diýen bolsa, Zelili;

... Eý ýaranlar, şu zamanda
Diwan işi para döndi

-diýip, olary halkyň öňünde masgaralaýar.

Zeliliniň döredijiliginiň ähmieti Zeliliniň dörsdijiligi şol döwrüň taryhy, ykdysady, jemgyýetçilik ýagdaýy bilen berk baglydyr. Ol öz ilini-gününi söýen, bütin düşünjeli ömrüni onuň abadanlygyna bagyşlan watançy şahyrdyr. Onuň goşgularynyň dili, çeperçilnk serişdeleri halkydyr. Zeliliniň asyrlardan bize gelip ýeten lirikasy uly hazynadyr.

http://e-mekdep.com/gurbandurdy-zelili-omri-doredijiligi/ Archived 2013-06-14 at the Wayback Machine