Gurbandurdy Gurbansähedow
Appearance
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
Gurbandurdy Gurbansähedow Türkmenistanyň iň görnükli ýazyjylarynyň biridir. Ol 1919-njy ýylda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda dogulýar. Ol 1941-nji ýylda Aşgabat döwlet pedinstitutyny tamamlaýar. Dürli ýyllarda “Ýaş Kommunist”, “Türkmenistan”, “Edebiýat we Sungat” gazetlerini redaktirleýär. Türkmenistan we Magaryf neşirýatlarynda, Türkmen film kinostudiýasynda redaktor bolup işleýär. Türkmenistan ýazyjylar soýuzyna ýolbaşçylyk edýär. G. Gurbansähedow “Suraý”, “Kyrk teňňe”, “Ýürek daş däl”, “Söýseň” ýaly powestleri ýazýar, “Toýly Mergen” romanyny, “Dökülmedik gan”, “Azaşan ýigit”, “Garagöz işan” ýaly drama eserlerini hem ýazýar. Ol 1992-nji ýylda aradan çykýar.