Grek Taňrylary

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
On iki Olimposly

On İki Olimposlylar ýa-da Olimposlylar (Olimpiýan), Grek mifologiýasynda dünýäni dolandyrýan taňrylaryň topary. Özlerinden öňki taňry topary bolan Titanlary, Titanlar urşunda ýeňip , dolandyryşy ele salýalar. "Taňrylaryň Patyşasy" ady bilen Zeus, Olimposlularyň lideri hasaplanýar. Şazenany bolsa Zeusyň aýaly bolan Heradyr. Olimpos ady Gresiýanyň iň uly dagy bolan Olimpos dagyndan gelip çykýar. Taňrylaryň dagyň depesinde, bulutlaryň arasynda köşleriniň bardygyna ynanylýar. On iki belgi bolsa halkyň rowaýatlaryndan gelip çykýar. Ýewreýlerde on iki sany Ysraýyl tiresini, Çerkezlerde 12 sany uly tiräni, Hristiýanlarda Ysanyň |12 sany Hawarisini, Şaýylarda On iki ymamy, ýyldyzlarda 12 burçy aňladýar.San şeýle köp rowaýatlardan emele gelenligi sebäli grek taňrylary hem 12 sanydyr we 13 belginiň betmagytlyk getirýändigine ynanylýar. Meselem Iskandinaw mifologiýasynda taňrylaryň nahar stolunda 13-nji taňry Loki, gowulyk taňrysy Balderiň ölümine sebäp bolýar. Şol sebäpden hem On iki Olimposlynyň içinde hasap edilýän Hestiýa(Hestia), Diýonisos (Dionisos) Olimposa gelen wagty 13 taňry bolmasyn diýip ýerini oňa tabşyryp adamlaryň arasyna goşulýar.

Hadesiň ýeriň aşagynda , Poseýidoniň deňiziň aşagynda (Olimposyň daşynda) köşkleri bar. Ýene-de Demeter we Hestiýa mysallarynda görnüşi ýaly taňrylar islän wagtlary olimposdan çykyp ýa-da Herkül ýaly ýarym taňrylar ýa-da Ganymedes ýaly adam hem Olimpusa kabul edilýar.

Olimpos taňrylary iki bölege bölünýär. Birinji bölegi birinji dogulanlar, Titan nesilinden gelýänler. Ikinji bölegi bolan soňky dogulanlar- Zeusyň çagalary. Bulara diňe iki sany taňrylar degişli däldir .Afroditi titan Kronosyň kakasy Uranusyň deňize gaçan çyns organyndan dogup , titan nesilinden gelipdir. Beýlekisi bolsa Hephaýistos. Şazenany Hera Hephaýistosy ýeke özi dogurýar.

On iki Olimposly, käbir maglumatlarda tapawutly görkezilen. Aşakdaky jedwelde 11-nji we 12-nji taňrylaryň atlary ýazylan.

Bölek Grek ady Rimçe ady Surat Meýdan Simbol Ýeri
birinji bölek Zeus Jupiter Zeus asman, howanyň görnüşleri Ýyldyrym, bürgüt, meşe (agaç), galkan, hasa Olimpos
birinji bölek Hera Juno Hera nika, aýal, bereket tawus(guş), nar Argos
birinji bölek Poseýidon Neptün Poseidon deňiz, ýer titreme üç dişli gazyk, dilfin, at Panionion
Üç dişli naýza Demeter Ceres Demeter däne, ekerançylyk bugdaý däneleri Eleýusis
ikinji bölek Afrodit Venüs Afrodit söýgi, owadanlyk gül, kepderi, kypra Kipr
ikinji bölek Athena Minerva Athena aksakgallyk, el işleri, uruş (taktika tarapdan) kaska, Aegis, naýza, baýguş, zeýtun Atina
ikinji bölek Ares Mars Ares uruş ýabany doňuz, kaska, nazarkel(guş) Sparta
ikinji bölek Apollon Apollon Apollon sungat we öňden görüji Lir, garga, hazyna Delfi, Didim
ikinji bölek Artemis Diýana Artemis aw awlamak we oba dumuşy ok-ýaý, keýik Efes
ikinji bölek Hephaýistos Vulcan Hephaistos ot we metalçylyk Çekiç Limni
ikinji bölek Hermes Merkur Hermes taňrylaryň habarçysy we söwdagär kaska Killene dagy
ikinji bölek Dionisos Bakus Dionysos Üzüm, Şerap we keýpi-sapa Üzüm, Çita, Panter ýaly uly pişikler Nysa Dagy
Beýleki Olimposlar
Görnüşi Grek ady Rimçe ady Surat Meýdan Belgi Ýeri
Birinji bölek Hades Pluton Hades Ýeriň aşagy görünmezlik, Kerberos (üç kelleli it) -
birinji bölek Hestiýa(Hestia) Vesta Hestia Maşgala Ojak -


Başga[düzet | çeşmäni düzet]

  • Gaýiýa: (Ene toprak) topragyň we ýer ýüzüniň taňrysy.
  • Uranus: Gök ýüzüniň taňrysy.
  • Kronos: Saturn: wagtyň titany.
  • Kratos: gaýymlyk .
  • Pan: durnuklylygy we tebigaty goraýar