Zeus

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Zeus

Smyrna Jupiteri
Ýanýoldaş(lar)yHera(soňky aýaly)
ÇagalaryZagreus, Ares, Athena, Apollon, Artemis, Aphrodite, Persephone, Hebe, Dionysos, Hermes, Hephaistos, Perseus, Herkül, Arkas, Aiakos, Minos, Heusha, Angelos, Sarpedon, Tantalos, Epaphos, Keroessa, Helen, Pollux, Zethos, Amphion, Calliope, Clio, Erato, Euterpe, Melpomene, Polyhymnia, Terpsikhore, Thalia, Urania, Eunomia, Dike, Eirene, Lakhesis, Klotho, Atropos, Rhadamanthys, Dardanos, Lakedaimon, Iasion, Pandia, Ersa, Carea ,Hercules
GaryndaşlaryKronos we Rhea

Zeus (Gadymy Grekce: Ζεύς, Zeús; Modern Grekce: Δίας, Días), "Taňrylaryň we adamlaryň kakasy" Grek mifologiýasynda iň güçli we möhüm taňrysy. Rimde Ýupiter diýip hem tanalýar. Gökleriň, ýyldyrymyň we gök gümmürdüsiniň taňrysy. Köplenç elinde ýyldyrym bilen suraty çekilýär.Bereket bilen baglanyşdyrylýar, ýagyşyň ýagmagyna şondan garaşylýar. Titan Kronosyň we aýaly Rheanyň iň kiçi ogly. Taňry şazenany Herayň adamsy. Symboly ýyldyrymyň ýanynda öküz , bürgüt we agaç. . Gigantlarda duşmany patyşa Porphyriýon.

Köp gyzlar bilen gezýänligi bilen tanalýar. Islän zadynyň şekline öwrülip bilýär. Zeus Leda üçin guza, Antiýope için satyra , Aýegina üçin oda , Danaýe üçin altyn ýagyşa, Alkmene üçin adamsynyň şekline , Hera için kuku(Cuckoo) guşyň şekline, Callisto üçin jynsy gatnaşykda bomadyk gyz taňry Artemisiň şekline, Mnemosyne üçin görmegeý çopanyň şekline, İýo üçin buludyň şekline , Demeter üçin keýigiň, Ýewropa(Europa) üçin oküziň şekline öwrülipdir.Ölümli ýa-da ölümsiz hemme kişä aşyk bolup bilýän taňry Zeus gyzlar bilen köp gezýänligi sepäli hemişe ýoldaşy Hera tarapyndan yzarlanaýr. Taňry Zeusyň tagt üçin eden işleri şular: Aýaly Metisi uklatmagy, Prometheýusy zynjyrlamagy, Thetisi bir adam(ölümli) bilen durmuş gurdurmagy.

Kaksy Titan taňrysy Kronosy başga Olimpos taňrylarynyň kömegi bilen ýerdäki Tartarusa gabadýar . Soňra Atlantislileriň Taňrysy Zeusyň goldawçylaryny(Grekleri) elinden bolman (sebäbi olara duzak gurýar) ýok edýär we Olumposly taňrylaryň güýjini azaldyp Kronosy we ýanyndaky beýleki taňry zyndandan boşadýar.