Gertrude Bell
Doguldy: 14. 07. 1868. Waşington Hall. Kounty Durham. Angliýa
Ölümi: 12. 07. 1926. (57) Yrak. Bagdat
Milleti: Britaniýaly.
Eden işleri we wezipesi: Okkupirleýji, syýasatçy ofiser, Iýordaniýany we Yragy bölüji, Arheolog, Beýik Siriýanyň, Mesopotamiýanyň, we Arabystanyň kartagrafiýaçy
Umumy
[düzet | çeşmäni düzet]Gertrude Margaret Lowtgian Bell (14.07.1868 一12.07.1926) Angliýa (Beýik Britaniýa) Durhan Kounty şäherinde bir maşgalanyň gyzy bolup dünýä inen meşhur iňlis zenan syýahatçysy we jansyzydyr. Belliň kakasy meşhur maşgaladan bolan Thomas Hugh Bell. Gertrude Bell heniz üç ýaşyndaka ejesi wepat boldy. Onuň yz ýany kakasy Thomas birnäçe ýyldan soň Florens Oliffe bilen durmuş gurdy. Ilkinji we orta bilimini Londandaky mekdep okuwlarynda tamamlan Bell, Taryhy okamak öwrenmek üçin Oksford uniwersitetine gitmäge karar berdi. Bu yerde synaglardan başarnykly geçip okuwda ilkinji talyp bolmaklygy başardy. Okuwda talyp bolanyndan soň syýahat etmeklik kararyna gelen Bell, Ýewropa we ondan Orta gündogara birnäçe ýerlere syýahat etdi. Daglyk ýerlere jahankeşdelik eden Bell, 1897-1898-nji we 1902-1903-nji ýyllarda iki sapar dünýä turuna çykdy. 1899-njy ýylda Kudusa bardy we soňra Araplar bilen ýakynlyk we aragatnaşyk saklamagy başardy. Arap çöllerinde syýahat etdi we günbatardaky ýurtlar üçin çöl durmuşyny suratlandyrýan ýazgylar ýazdy. Araplar oňa «Çöl gyzy» we «Yragyň täçsiz şazenany» lakamyny berdiler. Bell 1907-nji ýylyň martynda arheolog dosty William Ramsaý bilen birlikde Anadola geldi we az wagtlyk yzyna Angliýa dolanyp bardy. Soňra 1909-njy ýylda Mesopotamiýa (Derýaaralygy) syýahat etdi. Ol şol ýerde Hett (Hitit) döwrüne degişli bolan Gargamyşda barlag gazuw-agtaryş işlerini geçirdi. Soňra Yrakdaky meşhur antik şäher bolan Wawilona gitdi. Soňky ýyllarda Orta gündogar Angliýanyň çykalgasy üçin Gertrude Bel orta gündogar syýasatynyň gurujysy we planlaýjylarynyň biridir. Mesopotamiýa taraplaryndaky Arap kabylalary Osmanlylara garşy öjükdiren hem şol Gertrude Beldir. Aýratynam 1919-njy ýyldaky Pariž ýaraşyk şertnama Konferensiýasyna delegat bolup goşuldy we Yrak döwletiniň çäklerini çyzmak üçin işleýär. Gertrud Bel Çanakgala söweşinde öz ýan-ýoldaşyny ýitirýär. Ýalňyzlyk we tukatlyk gurşap alan Gertrud Bel 1926-njy ýylyň Iýulyň 12-sine dünýeden ötdi we ony Bagdadyň Bab el-Şarji ilçiliginde, Iňlis mazarlygynda jaýladylar[1]. Jynazasy öz dostlary, Iňlisler we Yrak patyşasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Mazarlyga tabydy goýulanda halyf Faýsal I üçekden seredip durupdyr[2]. Gertrude Bel şol adamsyndan başga hiç kime durmuşa çykmandyr we çagasy hem ýok eken. Ol taryhy maglumatlary, eserleri öz syýahaty wagtynda toplapdyr.
Warner Herzoguň ýazan 2015-nji ýyldaky ABŞ-nyň çykaran «Queen of the desert» atly kinosynda Gertrude Beliň roluny Nikole Kidman janlandyrypdyr.
Çeşme
[düzet | çeşmäni düzet][1] Buchan, James (12 mart 2003). "Miss Bell's lines in the sand" . The Guardian. 30 Iýun 2013-nji ýyldan başlap arhiwlendi. Ýaýraw. 29. Awgust. 2009.
[2] Lukitz, 2006. p. 235