Nikole Kidman

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Nikole Kidman (2001)

Hakyky ady: Nikole Mery Kidman

Doguldy: 20.06.1967[1]. (48 ýaş) ABŞ. Gawaý. Gonolulu [2].

Amerikan raýaty.

Käri: Sahna oýunçy.

Meşhur ýyl: 1983

Sylaglandy: «Oskar (2003)Altyn globus (1996,2002,2003) BAFTA (2003, «Dumanlykdaky aýy»[2]

Är(ler)i: Tom Kruz (1990-2001) Keith Urban (2006-njy ýyldan biziň günlerimizde).

Çagasy: Ruby, Sundaý, Faith Isabella we Konnor

Nikole Mery Kidman Awstraliýa we ABŞ-nyň meşhur watandaşydyr.

Umumy[düzet | çeşmäni düzet]

Ol 1967-nji ýylyň 20-nji iýunynda ABŞ-nyň Gawaý ştatyndaky Gonoluluda eneden doguldy. Emma onuň çagalygy Awstraliýada geçýär. Kakasy Antony Kidman biohimiýaçy, psiholog, ýazyjy; ejesi Janelle Kidman bolsa şepagat uýasy, ol öz adamsynyň kitaplaryny neşir etdirýär. 2006-njy ýylyň 23-nji iýunynda Keýt Urban (bagşy) bilen öýlenen Kidmanyň Tom Kruzdan Izabella Jane Kidman Kruz we Konnor Antony Kruz atly iki sany çagasy boldy. Keýt Urbandan Sundaý Rose atly bir gyzy boldy. 2010-njy ýylyň 28-nji dekabrynda gyzy Faýt Margaret Kidmam Urban dünýä geldi. Käri Ilki ol mekdebini tamamlap Teatra girmäge höwes edýär. Öz boýdaşlaryndan uzyn boýly, gyzyl saçlary we mähirli ýüz, gözleri bilen tapawutlanyp Golliwuda çenli at-owazasy meşhur boldy. Özüni ilkinji gezek Dead calm (1989) kinoda Sam Neilliň ýaş aýalynyň keşbini janlandyrýar. Soňra Days of Thunder (bu kinoda Tom Kruz bilen tanyşdy) Tom Kruz bilen tanyşyp onuň bilen toý tutýar. 1990-njy ýylda Tom Kruz bilen durmuş guran Nikole öz başarnyklaryny Flirting, Far And Away, My Life, Portrait Of A Lady ýaly kinolarda görkezdi. Aýratynam bir zenanyň portreti (Portrait of a Lady. filminde ýüzüni gadymy zenan profilinde çekipdirler. Tom Kruz bilen birlikde oýnan Stanley Kubrickyň goly bilen Eyes Wide Shut (1999) filminden soň, ýagny 2000-nji ýylda Tom Kruzdan aýryldy 2010-njy ýylda Moulin Rouge (Gülgüne degirmen) kinofilminde hem özüniň başarnyklygyny görkezipdir we ilkinji gezek ömründe Oskar baýragy bilen hem iň ökde zenan oýunçysy adyna mynasyp boldy. Oňa Oskar baýragyny gazandyran The Hoursdaky Wirginiýa Wolf harakteridir. Awstraliýanyň ilkinji ökde zenan oýunçysy diýlen at hem şol wagt berlipdir. Soňra Dogwille, Cold Mountain, The Stepford Wiwes,The Golden Compas ýaly filmlerde oýnasa-da beýleki kinolary ýaly üns berilmedi.