Gaplaňgyr goraghanasy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Gaplaňgyr döwlet goraghanasy 1979-njy ýylyň 19-njy awgustynda döredilen, Daşoguz welaýatynyň çäginde, Türkmenistanyň demirgazyk-günbatar çetinde ýerleşýär. Goraghananyň esasy maksady çöl meýdanlaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramakdyr. Möhüm çäreleriň hatarynda Üstýurdyň dag goçlarynyň, jerenleriň, gulanyň, itaýynyň sanyny saklamak we dikeltmek göz öňünde tutulýar. “Gaplaňgyr” diýen adyň ozal bu ýerlerde “gum gaplaňynyň” (gepardyň) mesgen tutanlygy sebäpli dörändigi öňe sürülýär.

Goraghana 282,2 müň gektar meýdany eýeleýär, ondan başga-da onuň garamagynda umumy meýdany 821 gektar bolan Şasenem we Sarygamyş zakaznikleri döredildi. Zakaznikleriň wezipesi Sarygamyş kölüniň suw giňişliklerinde ýaşaýan guşlary goramakdan, jerenleriň, aýraklaryň (dag goçlarynyň) we saýgaklaryň sanyny köpeltmekden, şonuň ýaly-da gulanly ozalky mesgenine gaýtadan uýgunlaşdyrmakdan we köpeltmekden ybaratdyr.

Saýgak

Goraghananyň ýer üstüniň özboluşly keşbini gyryň endigan, daşly we eňňit meýdanlary, kert çüňkler, çöketlikler, gury hanalar, aňňat-aňňat gum depeleri ýaly dürli şekiller döredýärler.

Bu ýerde ýylyň ortaça temperaturasy +11° gradus. Iň sowuk aý bolan ýanwarda ortaça temperatura -5° gradusa çenli aşaklaýan bolsa, iýul aýynyň ortaça temperaturasy +28° gradusa barabar bolýar. Ýylyň dowamynda maýyl günleriň sany 210 güne ýetýär. Atmosfera ygallarynyň häsiýeti boýunça goraghana Türkmenistanyň gurak, ygalyň mukdary 100 millimetrden az bolýan meýdanlarynda ýerleşýär. Toprakdaky bar bolan yzgaryň aglabasy eýýäm aprel aýynda harçlanyp gutarýar. Şonuň üçin tomus aýlary otjumak ösümlikler topragyň ýokarky gatlaklarynda yzgaryň ýetmeýänligi üçin ösüp bilmeýärler.

Goraghananyň ösümlik dünýäsi häzirki wagtda ösümlikleriň 300-e golaý görnüşini öz içine alýar. Olaryň ýarpysyndan gowragy selmeler, atanak güllüler, çylşyrymly güllüler, däneliler we kösükliler maşgalasyna degişli bolup durýar. Häsiýetlendirilýän bu meýdan çöllükleriň günorta we demirgazyk aşaky zolagynyň sepgidi üçin mahsus bolan ösümliklerden ybaratdyr. Gaplaňgyr gyrynyň ösümlik örtügi gysga boýly, ýarym gyrymsy ösümliklerden, esasanam boýurgandan ybaratdyr. Otjumak ösümliklerden bolsa birýyllyk selmeler, seýregirägem bolsa gyrtyç, käbir efemerler we beýleki köp otlara duş gelmek bolýar. Gyrda örän seýrek gögeren pes boýluja gara sazaga hem duş gelinýär. Ygalyň köp bolan ýyllarynda Gaplaňgyryň üsti köp görnüşli efemerleriň galyň örtügi bilen örtülýär, ondan başga-da Garaşor çöketligi bolsa hiç hili ösümligiň ýoklugy bilen tapawutlanýar.

Ýokarky Uzboý ugrunyň çägelikleri bolsa ösümlikler bilen berkleşendir. Sarygamyş kölüniň ýakalaryndaky ak çägeliklerde bolsa ýylakly garyşyk-sazaklar giň ýaýrandyr. Çäge depeleriniň aralaryndaky pesliklerde gara sazaklara-da sataşmak mümkin. Goraghananyň meýdanlarynda seýrek duş gelýän ösümliklerden hywa şorasy we Krasnowodsk çägemigi (ýumşak tohumlyja) ösýär. Bular Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümliklerdir. Bu ösümlikler goraghanada ylmy taýdan öwrenilýär we olary tebigy ýagdaýda ösmäge ýaramly ýerlerine göçürmek we medeni zolakda ösdürip ýetişdirmek boýunça işler geçirilýär. Şonuň ýaly-da, goraghanada toýnakly haýwanlaryň ot-iýmler bilen üpjünçiligi we onuň haýwanlara edýän täsiri içgin öwrenilýär.

Bu ýeriniň haýwanat dünýäsi özboluşlydyr we seýrek hem gymmatly görnüşlere baýdyr. Goraghananyň we zakaznikleriň meýdanlarynda ýabany haýwanlaryň 26, guşlaryň bolsa 150-den gowrak görnüşine duş gelmek bolýar. Olardan süýdemdirijileriň 10 görnüşi, guşlaryň 11, süýrenjileriň 6 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.

Süýreniji haýwanlardan goraghananyň meýdanlarynda jyňňyldawuk we galkanlyja asjagazlara, ýylanlaryň 8 görnüşine, çöl ýylançylaryna, takyr patmasyna, zemzene we birnäçe suwulgan görnüşli süýrenijilere sataşmak bolýar. Goraghananyň meýdanlaryndaky haýwanlardan esasanam dag goçlary, jerenler (keýik) we gulanlar ünsüňi özüne çekýär. Olaryň hemmesi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Jeren seýrek duş gelýän haýwanlaryň biri bolsa-da, oňa goraghananyň ähli ýerinde sataşmak mümkin. Emma, tä adamlar tehnikanyň kömegi bilen şeýle haýwanlary köpçülikleýin gyryp başlaýança, olaryň sany azda-kände durnuklydy. Çölleriň adam tarapyndan güýçli özleşdirilip başlanmagy netijesinde jerenleriň tebigy arealynyň (ýaýran ýeriniň) gysgalmagy, käbir gazaply gyşlaryň olaryň iýmsizlikden köpçülikleýin gyrylmagyna getirmegi, hemmesiniň üstesine-de, käbir zandyýaman adamlaryň häzirki zaman tehnikasynyň kömegi bilen edýän brakonýerçiligi jerenleriň sanynyň örän çalt azalmagyna, käbir ýerlerde bolsa has seýrekleşmegine ýa-da ýitip gitmegine getirdi. Goraghana döredilenden soň bolsa bu haýwanlaryň sany aç-açan köpelip başlady.

Dag goçlary hem goraghanada seýrek duş gelýän, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen haýwanlaryň biridir. Olara esasanam günorta Üstýurdyň Gaplaňgyr gyryna birleşýän berk gaýalarynda we Gaplaňgyr çüňkinde duş gelmek bolýar.

Gulan Daşoguz welaýatynda ýitip giden toýnakly haýwanlaryň biri hasaplanýardy. 1983-87-nji ýyllarda goraghananyň işgärleriniň tagallasy bilen Bathyz goraghanasyndan gulanlaryň 100-den gowragy Sarygamyş çöketligine getirilip goýberildi. Gulanlar özleriniň öňki mesgenine tiz uýgunlaşdylar. Häzirki wagtda Zeňňibaba kölüniň töwereklerinde, Sarygamyş çöketliginde, Üstýurt gyrynyň eteklerinde, Ýedihowuz takyrlyklarynda gulan sürileri gabat gelýär. Bulardan başga-da toýnakly haýwanlardan saýgaklara we ýekegapanlara duş gelmek bolýar. Saýgak Tebigaty Goramagyň Halkara Soýuzynyň Gyzyl kitabyna hem girizildi.

Goraghanada ýyrtyjylardan möjek, sähra pişigi, torsuk, tilki, şagal, garagulak, itaýy ýaly haýwanlar hem ýaşaýarlar. Şonuň ýaly-da oklykirpä duş gelmek bolýar. Bulardan garagulak, itaýy we oklykirpi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.

Gemrijilerden goraghanada esasan hem towşan, sary we inçe barmak ýumran (alaňňyrt), bozsyçan, öý syçany we atýalman ýaly haýwanlar ýaşaýarlar.

Türkmenistanda guşlaryň 340-dan gowrak görnüşi bolup şonuň 150-ä golaýy Daşoguz welaýatynda duş gelýär. Olar hem biri-birinden özüniň ýaşaýyş obrazy bilen tapawutlanýar. Käbiri çölde ýaşaýan bolsa, käbirleri suwuň ýakasynda mekan tutynýar. Biri uçup geçýär, beýlekisi hemişelik ýaşaýar. Guşlardan iň köp sanlysy serçeler otrýadyna degişlidir. Bularyň arasynda has giň ýaýrany torgaýlardyr. Goraghana ýyrtyjy guşlaryň köpdürliligi bilenem ünsüňi özüne çekýär. Bu ýerde bürgüt, ütelgi, depe syçançysy, ýylançy gyrgy, göwenek we şuňa meňzeş guşlara has köp duş gelmek bolýar.

Sarygamyş kölüniň töwereginde hem guşlaryň 83 görnüşi bolup, olardan 7 görnüşi bolup, olardan 7 görnüşi (gyzgylt we buýraly gotanlar, kaşykçy, gyzyl gaz, körje, garabaş çarlak, ak guýruk garagyş) Tüürkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizlen görnüşlerdir.

Goraghanada Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen, seýrek duş gelýän guşlaryň biri hem togdarydyr. Bu örän az öwrenilen guşlaryň hataryna girýär. Bu guş san taýdan örän az bolup, berk goraga alnandyr.

Goraghanada ylmy-barlag bütin ýylyň dowamynda yzygider geçirilip, onda tebigatda bolup geçýän her hili hadysalara gözegçilik hem-de ösümlikleriň we haýwanlaryň seýrek duş gelýän we ýitip ýok bolup barýan görnüşlerini ylmy esasda öwrenmek, köpeltmek we gorag saklamak boýunça iş geçirilýär. Goraghananyň ylmy-bölüminiň işgärleri Türkmenistanyň beýleki goraghanalary bilen tejribe alşyp durýarlar. Ylmy işleriň netijeleri kitaplarda, gazetlerde we žurnallarda çap edilýär, ylmy konferensiýalarda ara alnyp maslahatlaşylýar.