Bathyz goraghanasy
Bathyz döwlet goraghanasy Türkmenistanyň Günortasynda Eýran we Owganystan bilen araçägiň golaýynda, Tejen we Murgap derýalarynyň aralygynda ýerleşýär. Bu ülkäniň gözel we gazaply tebigatynyň we Merkezi Aziýanyň çäginde diňe şu ýerde saklanyp galan bary-ýogy 150 sany gulan-onagranyň ýeke-täk populýasiýasynyň bolmagy, hem-de ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baý we dürli görnüşlerini saklamak üçin gaýragoýulmasyz çäreleri kabul etmeklik tutanýerligi talap edipdi. Professor Rozanow gulanlary goramak üçin ylmy taýdan esaslandyrylan, Bathyzyň bütin tebigy toplumy hakynda goraghana döretmek barada maglumat taýýarlaýar we Türkmenistanyň hökümetine gowşurýar. 1941-nji ýylyň 3-nji dekabrynda agyr harby döwüre garamazdan Bathyz döwlet goraghanasy döredilýär.
Bathyz goraghanasynda başga-da seýrek, gymmatly haýwanlar we ösümlikler goralyp saklanýar, olaryň köpüsi başga hiç ýerde duş gelmeýär. Ýewroaziýanyň hiç ýerinde Bathyz goraghanasynda goralyp saklanýanlara meňzeş tebigy toplumlaryň ýoklugy sebäpli, ol 2000-nji ýylyň başynda doly esasda dünýäniň has möhüm goraghanalarynyň hataryna girizildi we ÝuNESKO-nyň Bütindünýä medeni hem tebigy mirasynyň Sanawyna girizilmäge hödürlendi.
Goraghana 87680 gektar meýdany eýeläýär. Şonuň ýaly-da onuň garamagynda üç sany zakaznik bar : Çemenebit, Pulhatyn we Gyzyljar.
Goraghanada, ýer üstüniň pisse tokaýlygy, çöllük sähra, akymsyz çöketlikler diýilýän, şertli atlar dakylan dürli keşpleriň üç görnüşini tapawutlandyrýarlar.
Pisse tokaýlygy daş görnüşi boýunça sawanna meňzeşdir. Agaçlar bir-birinden has açyklykda ösüp, olaryň şahalary beýlekileriňki bilen galtaşmaýarlar. Pisse agajy 300 ýyla we hatda 500 ýyla çenli ýaşap bilýär. Ol, gadym eýýamlardan bäri adama peýda getirýän, täsin ösümlikdir. Bu agaç baradaky ýatlamalar baryp biziň eýýamymyzdan öňki V asyrda hem duş gelýär. Rimliler özüniň Aziýa eden ýörişlerinde pissäni Italiýa getiripdirler, ol ýerden bolsa Ispaniýa äkidilipdir. X asyrda pisse agajy Merkezi we Demirgazyk Amerika düşüpdir.
Pisse nämesi bilen adamyň ünsüni özüne çekdikä? Ilkinji nobatda tagamly, örän ýagky miweleri - pisseleri bilen. Onda günebakardakydan bir ýarym- iki esse köp ýag bolup, onuň tagamy ýokary hilli hoz we zeýtun ýaglarynyňkydan pes däldir.Pissäniň maňzynda 24 prosent beloklar bar. Pisse hozjagazlary şol durşuna we duzlanan görnüşde naharda goşmaça iýilýär, şonuň ýaly-da konditer we kolbasa senagatynda şirinnanlary (tortlary), şokolady, buzgaýmagy, kolbasanyň ýokary sortlaryny taýýarlamakda ulanýarlar. Miwelwrinden başga-da pissäniň şepbigi - terraktin atly gymmatly zat hasaplanýar we boýagdyr renkleýji senagatda ýokary hilli çeperçilik rňkleri öndürmekde ulanylýar. Onuň ýapraklaryndaky düwürli ösüntgilerden (buzgunç) eýleýji maddalar alynýar, ýerli ilat bolsa haly dokanlarynda ýüňi we ýüpegi gyrmyzy we goýy gyzyl reňklere boýamak üçin ony ulanypdyrlar. Ondan başga-da, pisse derman ösümligidir.
Pisse tokaýyndan gündogarda ýapgyt gerişli baýyrlary, jülge şekilli peslikleri bolan çöllük sähra onlarça kilometre uzalýar. Bu ýerde biz göýä tupan sowulan badyna doňup galan äpet ýer ummanyna düşýäris. Sähralar we dag baýyrlary - Bathyzyň ýer üstüniň esasy keşbini döredijileridir.
Ýeroýlanduz - şeýle ady landşaftyň üçünji tipi bolan akymsyz çöketlik özünde göterýär. Çöketligiň 500 m çuňlugy bolup, meýdany - 300 km barabardyr. Çöketligiň döremegine Tetis deňziniň aşagyndaky hereket edýän wulkaniki öjak sebäp bolupdyr. Geçen şol gadymy döwürlerde dag jynslary bolan magmalar ýer çuňlugyndan ýokary göterilip, ýokarysyna çykyp bilmän, gadymy deňziň düýbüni gümmez şekilinde galdyryp, dag jynslarynyň uly harsalary şekilinde gatap galypdyrlar.
Şeýle akymsyz çöketlik ertir irden ýa-da günüň şöhlesine ertekilerdäki ýaly owadandyr. Ondan göwrak gara andezit- bazalt depeleri enaýy görnüşde nahar duzy bilen dolan şor kölüň kenarynda seleňläp durlar, gurak döwürler bolsa şorluga öwrülýärler. Bu çöketlik edil ýer taryhynyň açyk kitaby ýaly. Bu ýerdäki ýeriň gabygynyň gatlaklary, geň enaýy depeleriň ýapgytlaryndaky açyk kert oýulan ýerleri görüp, biziň ülkämiziň geçmişde hakykatdan-da täsin geologiýasynyň bolandygyny bellemek bolar.
Ýeroýlanduzuň akymsyz çöketliginiň enaýylygy diňe bular bilen çäklenmeýär. Goraghana üçin, bu ýerleri iň gymmatly gorag haýwanlary bolan gulan we keýikleriň esasy ýaşaýan ýeri bolmak bilen hem ähmiýetlidir.
Gulan - az sanly saklanyp galanlygy bilen adatdan daşary gymmatlyk bolman, eýsem ol adam üçin ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar. Adam aty gulan bilen çaknyşdyryp, duzly suwy, iýmiti dannamaýan, uzak ýörişlere çydamly täze atyň täze görnüşini döretmek üçin köp synanyşypdyr. Bu haýwanyň şeýle geň häsiýetlerini Onore de Balzak „Şagren derisi” diýen esrinde ýazýar.
Awstriýa barlagçysy Antemius miladydan 8 müň ýyl ozal, Alynky Aziýanyň we Mesopotamiýanyň çöllerinde „ol ata öwrenişdirilipdir hem harby grek iki tigirli arabalarynda ulanylypdyr” diýip belläp geçýär. Ýaňy ýakynlarda gulanyň galyndysy günorta Türkmenistanda, Mäne obasynyň golaýynda ýerleşýän gadymy şäher bolan Altyndepede arheologlara gazuw-agtaryş işlerinde tapmak başartdy. Gulanlary mis-daş asyrynda (eneolit döwründe miladydan 1 müň ýyl öň) adamlar häzirki Türkmenistanyň çäginde ulanypdyrlar.
Bathyzyň ösümlik örtügi örän baýdyr. Bu ýerde 1050 görnüşdäki damarly ösümlikler (442 urug, 76 maşgala), olaryň arasynda 75 görnüş (aşaky görnüş) endemikdir. Ösümlikleriň 13 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl Kitabyna (1999) girizildi. Olar Türkmenistanyň “Gyzyl kitabynyň” ösümlik görnüşleriniň umumy sanynyň 12%-ni tutýar. Olar Bathyz düýegyrany, Owgan injiri, Wasilçenkonyň astragaly we Guşgy astragaly, çägemik, Bathyz pissesi, trihostomopsis, Guşgy çigildemi we başgalar.
Bathyz sähralygy özüniň gözelligi hem täsirliligi bilen tapawutlanýar. Martyň aýagynda - apreliň başynda gülleýän çülälekler we pakpakylar gyzyl reňkli giň meýdanlary emele getirýärler. Çägelerde sary hem ak çigildemler tapawutlanýarlar. Gülleýän sygyrdiliniň ýaşyl-ak öwüsýän meýdanlary apreliň ahyrynda sähralygy tutýar. Şu döwürde pisse tokaýlygynda, gök ýapgytlyklarda ak gül çogdamlaryny ýaýradyp, gülläp oturan, Koçiň dadranlaryny hem görmek bolýar. Maý aýynda kaspi we äpet soganlary, astragallaryň hem birnäçesi gülleýärler we meýdanlara gözellik berýärler.
Bathyzyň haýwanat dünýäsi - toýnaklylaryň ýüzläp sürileri, ölän haýwanlaryň maslyklarynyň üstündäki gyrgydyr, gajar sürileri, çeşmeleriň ýanyndaky jeňňelliklerdäki alaja barslar we sähradaky möjek çagajyklarydyr. Bathyzyň ýyrtyjy wagşy haýwanlary hemme adamlaryň gözüne gönüden-göni görünmeýär. Bathyzda ýyrtyjylaryň şasy diýip, hiç bir şübhesiz uly owadan pişik - barsy görkezip bolar. Bathyzda toýnaklylardan -gulanlar, goçlar we keýikler ilkinji bolup göze ilýärler. Olar we maslyk iýiji guşlar bu ýerlere uzak ekzotiki döwletleriň gözelligini berýär.
Goraghanada haýwanlardan ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 2 görnüşi, süýrenijileriň 39 görnüşi, guşlaryň 257 görnüşi we süýdemijileriň 36 görnüşi (aşaky görnüş) ýaşaýar. Bu ýerde oňurgasyz haýwanlaryň 1326 görnüşi (görnüşleriň has kiçisi) anyklanandyr. Şol sanda olaryň 108 görnüşi (8,1%) çäkli ýerlerde ýaşaýanlardyr.
Bathyzyň haýwanlarynyň 53 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl Kitabyna (1999) girizilendir ýa-da „gyzyl kitap” görnüşleriniň 35%-dir. Bular Boliwaryň hudaýatysy, hinçi murtlak çekirtge, Bathyzyň wyžžyldawuk tomzagy, kryžanowskiniň şyrkyldawuk tomzagy, Bathyzyň jyk-jyk tomzagy, Ýakobsonyň hozanagy, düwürtükli as, menekli halsid, Çernowyň ýylan şekilli suwulgany, zemzem, kepjebaş, gök lors, gara leglek, balykçy gyrgy, adaty syçançy, mazar garaguşy, bürgüt, ak durna, togdary, garagulak, gulan, alajagaplaň, keýik we başgalar. Kepjebaş, balykçy gyrgy, gajar, ak durna, mazar garaguşy, üç reňkli gijeçi, alajagaplaň we gulan Tebigaty Goramagyň Halkara Soýuzynyň (TGHS) Gyzyl kitabyna hem girizildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy 1995-nji ýylyň 15-nji dekabrynda çykaran „Türkmenistanyň döwlet goraghanalarynyň tipli düzgünnamasy” diýen kararyna laýyklykda goraghana ylmy-barlag edarasy diýen statusa eýe boldy.Bathyzyň tebigy toplumy barada 4200-den gowrak habarlar, kitapçalar we birnäçe monografiýalar çap edildi. Goraghanada garaşsyz döwletleriň köpüsiniň talyplary önümçilik praktikasyny geçýärler. Aşgabadyň, Moskwanyň, Sankt-Peterburgyň, Riganyň, Kiýewiň, Daşkendiň, Ýerewanyň, Permiň we beýleki şäherleriň alymlary Bathyzyň materiallary esasynda 47 kandidatlyk we doktorlyk dissertasiýasyny goradylar.
Goraghananyň ýanynda tebigat Muzeýi we giň ylmy kitaphanasy bar. Her ýyl Türkmenistanyň dürli künjeginden köp adamlar Bathyzyň ekologiki ýodalaryna gezelenje gelýärler hem-de milli buýsanç bilen Watanymyzyň şeýle gözel ýerine göz ýetirýärler.
Haýwanlaryň we ösümlikleriň seýrek görnüşleri goraghanany Türkmenistanyň iň gözel ýerleriniň birine öwürýär. Goraghana gelip görmek, onuň özboluşly tebigaty bilen tanyşmak - ýatdan çykmajak täsir galdyrýar.
|
Бадхызский заповедник