Mazmuna geçiň

Futbol boýunça dünýä çempionaty-1950

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ýyl-ýyl­dan tej­ri­be top­la­ýan we has gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mä­ge dyr­jaş­ýan FI­FA 4-nji Dün­ýä çem­pio­na­tyny gu­ra­mak üçin 12 ýyl ga­raş­ma­ly bol­dy. 1950-nji ýyldaky Dünýä çempionaty Braziliýada bolup geçdi. BU geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatlaryp 4-njisidir.

FUTBOL BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATY-1950
Bäsleşigiň4-nji
GYSGAÇA
Kabul edýän ýurt:Braziliýa
Senesi:24 iýun - 16 iýul.
Toparlaryň sany:13
Meýydança(lar):6
SOŇKY WEZIPELER
Çempion: Urugwaý
Ikinji orunda: Braziliýa
Üçunji orunda: Şwesiýa
Dördünji orunda: Ispaniýa
STATISTIKA
Oýunlar:22
Maksatlary:88 (4)
Gatnaşmak:1.045.246 (47.511 oýun bilen)
Netijeli hüjümçi: Ademir (9 gol)
ÖňkiIndiki
19381954

2-nji Ja­han ur­şy­nyň tur­ma­gy bi­len 1942-nji ýyl­da­ky Dün­ýä çem­pio­na­ty­ny so­ňa go­ýan FI­FA bu çä­rä­ni 1946-njy ýyl­da-da ge­çi­rip bil­me­di. Se­bä­bi ur­şuň eme­le ge­ti­ren ýyk­gyn­çy­ly­gy köp wagt­lap do­wam et­di. FI­FA 1964-njy ýyl­da Lük­sem­burg­da ge­çi­ren ýyg­na­gyn­da 4-nji Dün­ýä çem­pio­na­ty­ny 1950-nji ýyl­da Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň uruş­dan çy­kan­ly­gy­ny, şol san­da soň­ky 2 bäs­le­şi­giň bu yk­lym­da bo­lan­dy­gy­ny göz öňün­de tu­tup, Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da gur­a­ma­gy ma­kul gör­di. 1942-nji ýyl­da Bra­zi­li­ýa­nyň is­leg bil­dir­me­gi FI­FA-nyň ýol­baş­çy­la­ry­ny diý­seň be­gen­di­rip­di we hal­ka­ra fut­bol gu­ra­ma­sy ola­ryň tek­lip­le­ri bi­len des­si­ne yla­laş­dy. As­lyn­da uruş baş­la­maz­dan öň 1942-nji ýyl­da­ky Dün­ýä Ku­bo­gy­ny Ger­ma­ni­ýa gu­ra­mak is­läp­di.

GATNAŞANLAR BARADA

[düzet | çeşmäni düzet]

Saý­la­ma tap­gy­ry­na je­mi 34 to­par gat­na­şyp, şo­la­ryň 14-si­ne Dün­ýä Ku­bo­gyn­da çy­kyş et­mä­ge yg­ty­ýar be­ril­ýär. Ýer eýe­si Bra­zi­li­ýa bi­len soň­ky çem­pi­on Ita­li­ýa gö­nü­mel gat­naş­ýar. Saý­la­ma oýun­la­ryn­dan soň Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­za­nan Tür­ki­ýe bi­len Şot­lan­di­ýa ýo­luň uzak­ly­gy se­bäp­li ýa­ry­şa gat­naş­mak­dan bo­ýun tow­la­ýar. Ola­ryň or­nu­na ça­gy­ry­lan Por­tu­ga­li­ýa bi­len Fran­si­ýa hem ýa­ryş­da çy­kyş et­mek­den ýüz öwür­ýär. As­lyn­da Hin­dis­tan bi­len Fran­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry bi­jä gat­naş­ýar. Em­ma hin­dis­tan­ly fut­bol­çy­la­ryň aýak­ýa­la­ňaç oý­na­mak is­le­gi bi­len FI­FA yla­laş­ma­ýar. Soň­lu­gy bi­len olar fut­bol du­şu­şyk­la­ry­na gat­naş­ma­ýar. Fran­si­ýa bol­sa ýo­lag­çy­ly­gyň kyn bol­jak­dy­gy­ny aý­dyp, ahyr­ky pur­sat­da çem­pio­nat­da çy­kyş et­mek­den ýüz öwür­ýär. Wag­tyň az­ly­gy se­bäp­li baş­ga to­par­lar-da ça­gy­ry­lyp ýe­ti­şi­le­nok. Şeý­le­lik­de, Žul Rimeä­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky FI­FA-nyň Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da­ky 2-nji sy­na­ny­şy­gy-da gop­gun­ly baş­la­ýar. Ne­ti­je­de, 13 to­par Bra­zi­li­ýada jem­len­ýär we 4 to­par­ça­da çy­kyş ed­ýär­ler.

TOPARÇADAKY OÝUNLAR BARADA

[düzet | çeşmäni düzet]

===1-NJI TOPARÇA===­

çem­pio­na­tyň açy­lyş du­şu­şy­gyn­da Bra­zi­li­ýa Mek­si­ka­ny 4–0 ha­sa­byn­da ut­ýar. Şweý­sa­ri­ýa bi­len 2–2 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­nan ýer eýe­le­ri “Ma­ra­ka­na­da” 142 müň jan­kö­ýe­riň şa­ýat­ly­gyn­da Ýu­gos­la­wi­ýa­ny 2–0 ha­sa­bynda ýeň­li­şe se­ze­war ed­ýär.

2-NJI TOPARÇA

[düzet | çeşmäni düzet]

2-nji to­par­ça­da Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy äh­li oý­nu­ny-da ýe­ňiş bi­len ta­mam­la­ýar. Olar ABŞ-y 3–1, Çi­li­ni 2–0 hem-de il­kin­ji ge­zek gat­naş­ýan Ang­li­ýa­ny-da 1–0 ha­sa­byn­da ýeň­me­gi ba­şar­ýar.

3-NJI TOPARÇA

[düzet | çeşmäni düzet]

3-nji to­par­ça­da gy­zyk­ly ge­çen du­şu­şyk­da Ita­li­ýa bi­len Şwe­si­ýa du­şuş­ýar we soň­ky çem­pi­on 3–2 ha­sa­byn­da as­gyn gel­ýär. Pa­rag­waý bi­len hem deň­me-deň oý­nan şwed­ler ýa­ry­şy do­wam et­dir­mä­ge hu­kuk ga­zan­ýar.

4-NJI TOPARÇA

[düzet | çeşmäni düzet]
Iki to­par­dan yba­rat 4-nji to­par­ça­da Urug­waý Bo­li­wi­ýa­nyň to­ru­na jo­gap­syz 8 pök­gi gi­riz­ýär. Oýun­da Os­kar Mi­gu­ez 3 ge­zek ta­pa­wut­lan­ýar.

TOPARDAN SOŇRAKY OÝUNLAR

[düzet | çeşmäni düzet]

To­par­ça­da­ky oýun­lar­dan soň 4 ýy­gyn­dy fi­nal tap­gy­ryn­da, has ta­ky­gy, fi­nal to­par­ça­syn­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­zan­ýar. Fi­nal to­par­ça­sy­nyň il­kin­ji oý­ny Urug­waý bi­len Is­pa­ni­ýa­nyň ara­syn­da bo­lup, ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­ýar (2–2). Bra­zil­ler üçin 1–2-nji du­şu­şyk­lar örän ýe­ňil geç­ýär. “Sam­ba­çy­lar” il­ki Şwe­si­ýa­ny 7–1 (Ade­mir 17, 36, 52, 58, Çi­ko 39, 88, Ma­ne­ka 85 – An­ders­son 67 p), soň­ra Is­pa­ni­ýa­ny 6–1 (Par­ra 15, ö.d., Ja­ir 21,Çi­ko 31, 55, Ade­mir 57, Zi­zi­nio 67 – Igoa 71) ha­sa­byn­da ut­ýar. Urug­waý Şwe­si­ýa­ny-da gar­şy­da­şy­nyň 2 ge­zek öňe saý­la­nan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, kyn­lyk bi­len 3–2 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war ed­ýär. Şeý­le­lik­de, soň­ky du­şu­şyk­lar­dan öň Bra­zi­li­ýa­nyň 4, Urug­wa­ýyň 3, Is­pa­ni­ýa­nyň-da 1 oç­ko­sy bar, Şwe­si­ýa­nyň we­lin oç­ko­sy ýok. Ýer eýe­le­ri­ne çem­pi­on bol­mak üçin 1 oç­ko ýe­ter­lik.

16-njy iýul­da ýer­li sa­gat bi­len 15:00-da baş­la­nan Urug­waý bi­len Bra­zi­li­ýa­nyň ara­syn­da­ky oý­na ang­li­ýa­ly Jorj Ri­der emin­lik ed­ýär. Bu aý­gyt­laý­jy du­şu­şy­ga to­ma­şa et­mä­ge we­lin 200 müň (kä­bir çeş­me­ler­de 216 müň) jan­kö­ýer ýyg­nan­ýar. Şol wag­ta çen­li äh­li du­şu­şy­gy­ny şow­ly ge­çi­ren bra­zilleriň ýygyndy­nyň çem­pi­on bol­jak­dy­gy­na ynam­la­ry diý­seň uly. Şu gün olar üçin uly baý­ram­çy­lyk bol­ma­ly­dy. Ýö­ne bol­ma­dy. Oý­na se­re­de­niň­de, bra­zil­le­riň do­ly ar­tyk­maç­ly­gyn­da ge­çen du­şu­şy­gyň 1-nji ýa­ry­myn­da ha­sap açyl­ma­ýar. Du­şu­şy­gyň 47-nji mi­nu­tyn­da Fria­ça ýer eýe­le­ri­ni ahy­ry be­gen­di­ren pök­gi­ni to­ra gi­riz­me­gi ba­şar­ýar. Şon­dan soň hem hü­jüm­le­ri­ni ýyg­jam­laş­dy­ran bra­zil­ler 66-njy mi­nut­da gar­şy­lyk­la­ýyn hü­jüm­le­riň bi­rin­de Hu­an Al­ber­to Şi­af­fi­no­nyň ta­kyk ur­gu­sy­na çä­re ta­pyp bil­me­ýär. Şol pur­sat­da sta­dio­ny gum-guk­luk gur­şap al­ýar. Bu pök­gü­den 13 mi­nut soň, has ta­ky­gy 79-njy mi­nut­da Al­si­des Gig­gia sta­dio­nyň at­mos­fe­ra­sy­ny has hem üýt­ged­ýär. Dy­myş­ly­ga bü­re­nen sta­di­on­da di­ňe myh­man­la­ryň be­genç­li ses­le­ri eşi­dil­ýär. Oý­nuň ga­lan­ja 11 mi­nu­dyn­da-da bra­zil­ler Urug­wa­ýyň der­we­ze­çi­si­ni ge­çip bil­me­ýär. Şeý­le­lik­de, uly baý­ram­çy­lyk or­nu­ny ýat­dan çyk­ma­jak gussa goý­ýar. Şol gün fut­bo­lyň hä­zir­ki iň öň­de­ba­ry­jy ýur­dy üçin iň pa­jy­ga­ly gün­le­riň bi­ri bol­ýar.

GYZYKLY MAGLUMATLAR

[düzet | çeşmäni düzet]

Ýu­gos­la­wi­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­syn­da­ky 22 oýun­çy di­ňe 4 klub­dan (“S. Zwez­da”, “Par­ti­zan”, “Haý­duk”, “Di­na­mo Z.”) dü­zül­di. ABŞ bilen Iňlisleriň arasyndaky duşuşygyň netijesi Angliýada ýalňyş eşidilýär. 1–0 ha­sa­byn­da utan amerikanlaryň 10–1 hasabynda utulandygy habar berilýär. Munuň şeýle bolmagyna te­le­fo­nyň nä­saz iş­le­me­gi sebäp bolýar.

  • Hin­dis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy aýak­ýa­la­ňaç oý­na­mak is­le­ýär ýö­ne, FI­FA bu tek­li­bi ka­bul et­me­ýär. Şunlukda hin­di­ler ýa­ry­şa gat­naş­mak­dan bo­ýun tow­la­ýar.
  • Du­şu­şyk­lar ýur­duň 6 şä­he­rin­de (Be­lo Ho­ri­zon­te, Ku­ri­ti­ba, Por­to Aleg­re, Re­si­fe, Rio de Ža­neý­ro, Sao Pau­lo) ge­çi­ril­di. Bra­zi­li­ýa­nyň “Ma­ra­ka­na­da­ky” oýun­la­ry­na 142 müň (Ýu­gos­la­wi­ýa), 138 müň (Şwe­si­ýa), 152 müň (Is­pa­ni­ýa) we fi­nal oý­nu­na 200 müň­den gow­rak (Urug­waý) jan­kö­ýer gat­naş­dy.
  • 1949-njy ýyl­da Ita­li­ýa­nyň “To­ri­no” klu­bu­nyň oýun­çy­la­ry­ny gat­nad­ýan uçar he­läk­çi­li­ge uç­ra­ýar we klu­buň äh­li oýun­çy­la­ry ara­dan çyk­ýar. Ita­li­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň esa­sy oýun­çy­la­ry hem şol to­par­dan bo­lup, soň­ky 2 ýa­ry­şyň çem­pio­ny bu bäs­le­şik­de şow­ly çy­kyş edip bil­me­ýär. Italýanlar Bra­zi­li­ýa uçar däl-de gä­mi bi­len ge­lýär.
  • Fi­nal tap­gy­ry­nyň oýun­la­ry Rio de Ža­nei­ro we Sao Pau­lo şä­her­le­rin­de oý­nal­dy.
  • 4-nji Dün­ýä çem­pio­na­ty üçin gur­lan “Ma­ra­ka­na” sta­dio­ny çem­pio­nat­dan 8 gün öň 16-njy iýun­da açyl­ýar.
  • Fut­bo­lyň wa­ta­ny ha­sap­lan­ýan Ang­li­ýa il­kin­ji ge­zek Dün­ýä çem­pio­na­ty­na gat­naş­dy. * Bu çem­pio­nat­dan soň Dün­ýä ku­bo­gy­na res­mi ýag­daý­da Žul Ri­me ku­bo­gy di­ýil­ýär.
  • Gün­do­gar Ýew­ro­pa ýurt­la­ry sy­ýa­sy me­se­le­ler se­bäp­li gat­na­şyp bil­me­ýär. Final oýny toparça esasynda oýnalan ilkinji we iň soňky