Federasiýa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Döwlet gurluşynyň bir görnüşidir. Federasiýanyň (latynça soýuz, birleşik) aýratynlygy onuň belli bir derejede özbaşdaklykdan peýdalanýan respublikalardan, ştatlardan durmagydyr. Federasiýanyň bölekleriniň öz kanun çykaryjy edaralary, hökümetleri, konstitusiýalary we başga alamatlary bolýar. Salgyt meselesinde, içki meseleleri we başga käbir meselelerde federasiýanyň böleklerine köp hukuklar berilýär. Federasiýany bitewi sosial ykdysady meýdan, bitewi pul ulgamy, federal raýatlyk, federal konstitusiýa, federal häkimiýetiň we dolandyryşyň edaralary birleşdirýär. Ỷöne federasiýanyň subýektleriniň (respublikanyň, ştatlaryň) raýatlygy bardyr. Federasiýa bilen onuň subýektleriniň arasyndaky gatnaşyk federal konstitusiýa we federal kanunlar tarpyndan kadalaşdyrylýar. ABŞ, GFR, Russiýa we ş.m. döwletlerde federatiw döwlet gurluşy bar.

Çeşme: P. Aýdogdyýew, B. Begseýidow, G. Geldiýewa, I. Halmyradow, G. Hanow. “Syýasaty öwreniş”. Aşgabat, 2010.

Federasiýa gollanma.com