Ewtanaziýa
Ewtanaziýa(euthanasia) - bejerişi bolmadyk keselden ejir çekýän, çydamsyz agyry çekýän adamlaryň öz islegleri ýa-da islegsiz öldürilmegi.Bu adama ölüm getiraýjek dozada ukol edilmegi ýaly görnüşlerde amala aşyrylýar.
Ewtanaziýanyň 2 görnüşi bar: aktiw hem-de passiw ewtanaziýa. Passiw ewtanaziýadoktorlar tarapyndan ýarawsyza ýaşaýyşyny dowam etdirmek üçin edilýän terapiýasyny bes etmek we aktiw ewtanaziýa ýarawsuza doktorlar tarapyndan onuň çalt we agyrysyz ölmegi üçin mediki serişdeleri goýbermekleri. Aktiw ewtanaziýa köplenç doktorlaryň kömegibilen jana kast edilmegini hem degishli edilýär (ýarawsuz adama öz haýyşdy boýunça ömür gysgaltýan dermanlaryň berilmegi).
Mundan başga-da razyçylykly (dobrowol'naya/voluntary); razyçylygy berip bilinmedik (ne dobrowol'naya/non-voluntary) hem-de razyçylyksyz (neproizvol'nyy/involuntary) tapawutlandyrylýar. 1-nji gornüşinde ýarawsuzyň öz razyçylygy/öz haýyşy boýunça edilýär. Bu görüşikanun tarapyndan Belgiýada, Lýüksemburgda, Niderlandiýada, Şweýsariýada hem-de ABŞ-nyň Oregon we Waşington ştatlarynda rugsat berilen. 2-nji görnüşi ýarawsuzyň özüniň razyçylygyny bilip bolmadyk ýagdaýyna (meselem:kiçi çaga). Bu dünýäde hiç ýerde kanuny rugsat berilmedik. 3-nji görnüşi bolsa ýarawsuzyň garşy bolan ýagdaýyndada ulanylanda aýdylýar. Bu termin ilkinji gezek Frensis Bekon tarapyndan öňe sürülip başlanyp, ikinji jahan urşuna çenli giňden ulanylypdyr. Ýöne soňra nasist hereketleri sebäpli bu ideýalar uzak wagtlyk ýapylýar. Belli adamlaryň içinde Zigmund Freýd bejerişi bolmadyk rak keselini bilenson öz Londondaky öýünde 1939-njy ýylda, 19 sany ýerli anesteziýa bilen geçirilen operasiýalaryndan soň çydaman Doktor Şura tarapyndan "öldürilýär"
20-nji asyrlaryň soňlarynda ewtanaziýa has ýiti we köp öňe sürülýän uly meselelerinň birine öwrülýär. Ýöne Gippokrat kasamyna ters gelýär diýip häzire çenli köp ýurtda ulanylyşy ýol berilmedik ölüm usuly bolup durýar.