Dostluk üçin futbol

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search


Dostluk üçin futbol (iňlisçe FOOTBALL FOR FRIENDSHIP) - Dostluk üçin futbol (iňlisçe Football for Friendship) — APJ "Gazpromyň" her ýyl geçirýän halkara çagalar sosial programmasy. Programmanyň maksady - futbol arkaly ýaşlara aktual gymmatlyklary öwretmek we sagdyn durmuşa höwes döretmek[1]. Programmanyň çäginde dünýäniň dürli künjünden 12 ýaşly çagalar her ýylky halkara çagalar[2] forumyna, "Dostluk üçin futbol" dünýä çempionatyna, Futbol we dostluga bagyşlanan halkara gününe gatnaşýarlar. [3] Maksatnama FIFA, UEFA, BMG, Olimpiýa we Paralimpiýa Komitetleri, dürli ýurtlaryň hökümetleri we futbol federasiýalalary, halkara haýyr-sahawat guramalary, jemgyýetçilik guramalary, dünýäniň öňdebaryjy futbol toparlary tarapyndan goldanýar [4] AGT (Russiýa) Kommunikasion topary programmanyň bütindünýa operatory bolup durýar.. [5]

Taryhy[üýtget | edit source]

Dostluk üçin futbol 2013[üýtget | edit source]

"Dostluk üçin futbol" ilkinji çagalar forumy 2013-nji ýylmaý aýynyň 25-ne Londonda geçirildi. Oňa 8 ýurtdan 670 çaga gatnaşdy: Bolgariýadan, Birleşen Şalykdan, Wengriýadan, Germaniýadan, Gresiýadan, Russiýadan, Serbiýadan we Sloweniýadan. Futbol boýunça 2018-nji ýyldaky dünýä çempionatyny geçirýän 11 rus şäherden 11 sany futbol toparlary Russiýanyň wekili boldy. Ondan başga-da foruma "Zenit", "Çelsi", "Şalke 04" we "Srwena Zwezda" klublarynyň ýetginjekler toparlary, APJ "Gazpromyň" çagalar spartakiadasynyň ýeňijileri, "Fakel" festiwalyň ýeňijileri gatnaşdylar.[6]

Forum geçirilende çagalar başga ýurtlardan gelen öz ýaşdaşlary bilen we tanymal futbolçylar bilen gürrüňdeş boldular, şeýle hem "Uembli" stadionynda geçirilen UEFA çempionlar ligasy 2012-13 möwsüminiň finalyna gatnaşdylar[7].

Forumyň soňunda çagalar programmanyň sekiz sany gymmatlyklaryny beýan edip, açyk hat ýazdylar: dostluk, deňlik, adalatlylyk, saglyk, parahatçylyk, wepalylyk, ýeňiş we däp-dessurlar. Soňra hat UEFA, FIFA we HOK-a ugradyldy. Ýozef Blatter 2013-nji ýylsentýabr aýynda Wladimir Putin we Witaliý Mutko bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda haty alandygyny we "Dostluk üçin futboly" goldamaga taýýardygyny yglan etdi.[8]

Dostluk üçin futbol 2014[üýtget | edit source]

"Dostluk üçin futbol" programmanyň ikinji möwsümi 2014 ýylmaý aýynyň 23-den 25-ne çenli Lissabonda geçirildi we 16 ýurtdan gelen 450-den gowrak ýaşlary toplady: Belarussiýanyň, Bogariýanyň, Birleşen şalygyň, Wengriýanyň, Italiýanyň, Niderlandiýanyň, Polşanyň, Portugaliýanyň, Russiýanyň, Serbiýanyň, Sloweniýanyň, Türkiýäniň, Ukrainanyň, Fransiýanyň we Horwatiýanyň ýetginjek futbolçylary "Dostluk üçin futbol" halkara forumyna; köçe futboly boýunça turnira we UEFA Çempionlar ligasynyň 2013/2014 finalyna gatnaşdylar.[9] Köçe futboly boýunça Halkara turniryň ýeňijisi "Benfika" (Portugaliýa) futbol klubynyň ýaşlar komandasy boldy boldy.

"Dostluk üçin futbol" hereketiniň liderini saýlama programmanyň ikinji möwsüminiň netijesi boldy.  Portugaliýaly Filipe Suares saýlandy[10]. 2014 ýylyň iýun aýynda ol lider hökmünde Ýuriý Andreýewiç Morozowyň adyna bagyşlanan futbol boýunça dokuzynjy halkara ýaşlar turniryny görmäge geldi.  

Dostluk üçin futbol 2015[üýtget | edit source]

"Dostluk üçin futbol" halkara sosial programmanyň üçinji möwsümi 2015-nji ýylyň iýun aýynda Berlinda geçdi. Programma ilkinji gezek azia kontinentyň ýaş wekilleri gatnaşdy, ýagny Ýaponiýanyň, Hytaýyň we Gazagystanyň çagalar futbol toparlary. Üçinji möwsüme jemi 24 sany ýurdyň 24 sany futbol toparlary gatnaşdylar. [11]

Ýaş futbolçylar başga ýurtly ýaşdaşlary, we dünýä futbolynyň ýyldyzlary, şol sanda programmanyň global wekili Frans Bekkenbauer bilen gürrüňdeş boldular, ondan başga-da ýaş toparlaryň arasynda geçirilýän köçe futboly boýunça Halkara  turniryna gatnaşdylar. "Rapid" (Awstriýa) ýaşlar topary köçe futboly boýunça 2015ý. Halkara  turnirynyň ýeňijisi boldy. "Dostluk üçin futbol" programmanyň üçinji möwsüminiň wakalaryny öňdebaryjy dünýä [11]

"Dokuz gymmatlyklar" Kubogy sylaglanyş dabara 2015 ýylyň iň ýokary derejeli çaresi boldy, Barselona (Ispaniýa) futbol topary onuň eýesi boldy. Ýeňijini çagalar saýlady, ýagny Forumyň öňüsyrasynda gatnaşýan ähli 24 sany ýurtda global saýlaw geçirildi.[12]

Forum tamamlanan soň hemme gatnaşyjylar däp bolşy ýaly Berlindaky Olimpik stadionyndan geçirilen UEFA 2014/2015  Çempionlar ligasynyň finalyna gatnaşdylar.[13]

Dostluk üçin futbol 2016[üýtget | edit source]

"Dostluk üçin futbol" 2016 Halkara çagalar sosial programmanyň starty onlaýn Hangouts press-konferensiýanyň çäginde berildi[14], ol programmanyň global wekili Frans Bekkenbaueryň gatnaşmaklygy bilen 24-nji martda Münhenda geçirildi.[15]

Progammanyň dördünji möwsümine Azerbaýjandan, Alžirdan, Ermenistandan, Argentinadan, Braziliýadan, Wýetnamdan, Gyrgyzystandan, şeýle hem Siriýadan täze 8 sany ýaşlar topary goşuldy, şeýlelikde jemi gatnaşýan ýurtlaryň sany 32 ýetdi.[16]

2016 ýylyň aprel aýynyň 5-ne unikal baýrak - "Dokuz sany gymmatlyklar" Kubogy üçin saýlaw başlady. Ýeňjini saýlamakda dünýäniň ähli janköýerleri gatnaşdylar, emma ahyrky netijäni "Dostluk üçin futbol" programmanyň gatnaşyjylary saýlaw arkaly kesgitlediler.  "Bawariýa"(Münhen) futbol topary Kobugyň eýesi boldy.  "Dostluk üçin futbolyň" gatnaşyjylary ýörite kömege zerur çagalara goldaw bermekde, dürli ýurtlarda çagalary bejermek bilen bagly başlangyçda we zar adamlara kömek etmekde  toparyň  edýän hereketlerini bellediler.[17]

"Dostluk üçin futbol" dördünji halkara çagalar forumy we köçe futboly boýunça halkara çagalar turniryň final oýny 2016 ýylyň maý aýynynyň 27-den 28-ne çenli Milanda geçdi. Turniryň ýeňijisi Sloweniýaly "Maribor" topary boldy[18]. Forumdan soň gatnaşyjylar adaty bolşy ýaly UEFA Çempionlar ligasynyň final oýnuny görmäge gitdiler[19]. Forumyň wakalaryny dünýäniň öňdebaryjy köpçülip informasiýa gurrallaryň 200-den gowrak žurnalistleri, şeýle hem programma gatnaşýan ýaş žurnalistlardan ybarat Halkara çagalar press-merkezi beýan etdiler.

"Dostluk üçin futbolyň" dördünji möwsüminiň çärelerine "Al-Wahda" siriýa toparynyň ýaş futbolçylary gatnaşdy, bu hem öz gezeginde görlüp-eşidilmedik waka boldy.  Siriýaly topary programma gatnaşyjylaryň sanyna goşma we siriýaly çagalary Milandaky çäreleri görmäge gelmegi, ýurdyň gumanitar izolýasiýasyndan üstün çykmakda wajyp ädim boldy[20]. Russia Today halkara telekanalyň arab sport redaksiýasy Siriýanyň Futbol federesaiýasynyň goldaw bermegi bilen, programma gatnaşýan çagalar barada "Üç gün uruşsyz" atly dokumental film düşürdi. 2016 ýylyň sentýabr aýynyň 14-ne filmyň premýerasyny 7 müňden gowrak adam görmäge geldi.

Dostluk üçin futbol 2017[üýtget | edit source]

2017 ýylda "Dostluk üçin Futbol" Halkara çagalar sosial taslamanyň geçirilýän ýeri Sankt-Peterburg (Russiýa) saýlandy, bu ýerde final çäreleri iýun aýynyň 26-dan  iýul aýynyň 3-ne çenli geçirildi.[21]

2017 ýylda gatnaşýan  ýurtlaryň sany 32-den 64 çenli artdy. "Dostluk üçin Futbol" programma ilkinji gezek Meksikdan we ABŞ-dan çagalar gatnaşdy. Şeýlelikde, taslama dört kontinentyň - Afrikanyň, Ýewraziýanyň, Demirgazyk Amerikanyň we Günorta Amerikanyň ýaş futbolçylaryny birleşdirdi.[22]

Bäşinji möwsümde[23] programma täze konsepsiýa laýyklykda durmuşa geçirildi: öz ýurdynyň wekili hökmünde 1 sany ýaş futbolçy saýlandy. Çagalar 12 ýaşly gyz we oglanlardan, şol sanda maýyplygy bar sekiz sany internasional "Dostluk Ýygyndy toparlara" birleşdiler.[24]

Açyk bije atyşygyň dowamynda ýygyndy toparlaryň düzümi we gatnaşýan ýurtlaryň oýun pozisiýalary kesgitlendi. Bije atyşygy internet-konferensiýa režiminde geçirildi. Ýaş trenerlar dostluk toparlaryň başlygy boldular:  Rеnе Lampеrt (Slowеniýa), Stеfan Maksimowiç (Sеrbiýa), Brеndon Şabani (Beýik Britaniýa), Çarli Suý (Hytaý), Anatoliý Çеntuloýew (Russiýa), Bogdan Krolеwеskiý (Russiýa), Anton Iwanow (Russiýa), Emmе Hеnşеn (Nidеrlandy). Bije atyşygyna ondan başga "Dostluk üçin futbol" halkara press merkeziň wekili Liliýa Masumoto hem gatnaşdy.[25]

2017 ýylda "narynç reňkli" topary "Dostluk üçin futbol" Dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy, onuň düzümine ýaş tälimçi we dokuz ýurdyň ýaş futbolçylary girdi:    Rеnе Lampеrt (Slowеniýa), Hong Džun Marwin Tuе (Singapur), Pol Puig I Montana (Ispaniýa), Gabriel Mеndosa (Boliwiýa), Rawan Kazimow (Azеrbaýjan), Hrisimir Stanimirow Stançеw (Bolgariýa), Iwan Agustin Kasko (Argеntina), Roman Horak (Çеhiýa), Hamzah Ýusuf Nuri Alhawwat (Liwiýa).[25]

2017[26] ýylda "Dostluk üçin futbol" Halkara çagalar forumyny Wiktor Zubkow (PAO "Gazprom" müdirler geňeşiniň başlygy)[38],  Fatma Samura (FIFA-nyň baş sekretary), Filipp Le Flok (FIFA-nyň baş täjirçilik başlygy), Julio Baptista (brazil futbolçy), Iwan Zamorano (çiliýaly forward), Aleksandr Keržakow (rus futbolçy) we başga myhmanlar görmäge geldiler, olar esasy adam gymmatlyklary ýaş nesiliň arasynda öňe sürmegi çagyrdylar.[27]

2017 ýylda taslama 600 müňden gowrak adamlary birleşdirdi, Sankt-Peterburgdaky final çärelere 64 ýurtdan gelen 1000 gowrak çagalar we ulylar gatnaşdy[28].

Dostluk üçin futbol 2018[üýtget | edit source]

2018-nji ýylda, "Dostluk üçin Futbol" maksatnamanyň Altynjy Möwsüminiň fewral aýynyň 15-den Iýun aýynyň 15-ne çenli aralykda bolmagyna karar berildi. Ýapylyş dabarasy Moskwada 2018 FIFA Dünýä Kubogynyň öň ýanynda bolup geçdi. Maksatnamanyň gatnaşyjylary dünýäniň 211 döwlet we sebitiň[29] wekili bolan ýaş futbolistleri we žurnalistleri bolup durýar. Maksatnamanyň resmi açylyşy göni ýaýlymda "Dostluk üçin Futbolyň" Açyk Bije atyşygy bilen başlandy we onuň netijesinde 32 sany halkara futbola topary - Dostluk Toparlary – döredildi.[30]

Tebigaty goramak wezipe bilen baglanyşyklylykda, 2018 Halkara Futbol Dostluk Toparlaryna seýrek duş gelýän we nesli howp astynda bolan haýwanlaryň görnüşleriniň atlary berildi:

Afrikan pil

Komodo zemzemi

Kipunji maýmyn

Ägirt uly pyşbaga

Sahara keýigi

Gepard

Kerk

Teni ýasy akula

Ak aýy

Lemur

Grizli aýy

Kit akulasy

Üç barmakly leniwes

Şa kepjebaşy

Şimpanze

Gang gawialy

Günbatar gorilla

Imperator daşdeşen

Saýga

Ak maňlaýly kapusin

Koala

Sibir gaplaňy

Grewi beder

Orangutan

Uly panda

Magellan pingwiny

Rotşild Žirafasy

Küki kit

Syrtlanpisint it

Ýolbars

Begemot

Gallapagoss deňiz ýolbarsy

Mundan başga-da, tebigaty goramak missiýanyň düzüminde 2018-nji ýylyň Maý aýynyň 30-da nesli howp astynda bolan görnüşleri goramagyň guramasyny goldamagy höweslendirmek maksady bilen "Happy Buzz Day" Halkara Çäresi başlandy. Russiýanyň, Amerikanyň, Nepalyň we Beýik Britaniýanyň[31] milli parklary we goraghanalary bu Çäre goşuldy. Şeýle-de, Dostluk üçin Futbol Maksatnamanyň Moskwadaky soňky çärelerinde gatnaşyjylar ekologiki taýdan arassa, tebigy gaz bilen işleýän awtobuslarda syýahat etdiler.[32]

2018-nji ýylda "Dostluk üçin Futbol" Maksatnamasyna gatnaşýan döwletler we sebitler:

1. [[Awstraliýa birleşigi]]

2. Awstraliýa Respublikasy

3. Azerbaýjan Respublikasy

4. Alžir Halkara Demokratik Respublikasy

5. Amerikan Wenger adalary

6. Amerikan Samoa

7. Angilýa

8. Antigua we Barbuda

9. Müsür Arab Respublikasy

10. Argentin Respublikasy

11. Aruba

12. Barbados

13. Beliz

14. Bermud adalary

15. Wenesuela Boliwian Respublikasy

16. Bosniýa we Gersegowina

17. Britan Wirgin adalary

18. Burkina-Faso

19. Beýik Lýuksemburg Gersogçylygy

20. Wengriýa

21. Gündogar Urugwaý Respublikasy

22. Gabon Respublikasy

23. Gwineý Respublikasy

24. Gibraltar

25. Bruneý-Darussalam Döwledi

26. Ysraýyl  Döwledi

27. Katar Döwledi

28. Kuweýt Döwledi

29. Liwiýa Döwledi

30. Palestina Döwledi

31. Grenada

32. Grek Respublikasy

33. Gruziýa

34. Gündogar Timor Demokratik Respublikasy

35. Kongo Demokratik Respublikasy

36. San-Tome we Prinsipe Demokratik Respublikasy

37. Şri-Lanka Demokratik Sosial Respublikasy

38. Dominikan Respublikasy

39. Iordan Haşimit Şalygy

40. Owganystan Yslam Respublikasy

41. Eýran Yslam Respublikasy

42. Mawritaniýa Yslam Respublikasy

43. Italiýan Respublikasy

44. Ýemen Respublikasy

45. Kaýman adalary

46. Kanada

47. Hytaý Halk Respublikasy

48. Hytaý Taýbeý (Taýwan)

49. Andorra Knýažlygy

50. Lihtenşteýn Knýažlygy

51. Gaýan Kooperatiw Respublikasy

52. Koreý Halk Demokratik Respublikasy

53. Bahreýn Şalygy

54. Belgiýa Şalygy

55. Butan Şalygy

56. Daniýa Şalygy

57. Ispaniýa Şalygy

58. Kamboja Şalygy

59. Lesoto Şalygy

60. Marokko Şalygy

61. Niderlandy Şalygy

62. Norwegiýa  Şalygy  

63. Saud Arab Şalygy

64. Swazilend Şalygy

65. Tailand Şalygy

66. Tonga Şalygy

67. Şwesiýa Şalygy

68. Gyrgyz Respublikasy

69. Kürasao

70. Laos Halk-Demokratik Respublikasy

71. Latwiýa Respublikasy

72. Liwan Respublikasy

73. Litwa Respublikasy

74. Malaýziýa

75. Maldiw Respublikasy

76. Meksikan Birleşen Ştatlary

77. Köpmilletli Boliwiýa Döwledi

78. Mongoliýa

79. Montserrat

80. Bangladeş Halk Respublikasy

81. Papua Täze Gwineýa Garaşsyz Döwledi

82. Samoa Garaşsyz Döwledi

83. Täze Zelandiýa

84. Täze Kaledoniýa

85. Tanzaniýa Birleşen Respublikasy

86. Birleşen Aram Emirligi

87. Kuka adalary

88. Terks we Kaýkos adalary

89. Albaniýa Respublikasy

90. Angola Respublikasy

91. Ermenistan Respublikasy

92. Belarus Respublikasy

93. Benin Respublikasy

94. Bolgariýa Respublikasy

95. Botswana Respublikasy

96. Burundi Respublikasy

97. Wanuatu Respublikasy

98. Gaiti Respublikasy

99. Gambiýa Respublikasy

100. Gana Respublikasy

101. Gwatemala Respublikasy

102. Gwineýa-Bisau Respublikasy

103. Gonduras Respublikasy

104. Jibuti Respublikasy

105. Zambiýa Respublikasy

106. Zimbabwe Respublikasy

107. Hindistan Respublikasy

108. Indoneziýa Respublikasy

109. Yrak Respublikasy

110. Irland Respublikasy

111. Island Respublikasy

112. Gazagystan Respublikasy

113. Keniýa Respublikasy

114. Kipr Respublikasy

115. Kolumbiýa Respublikasy

116. Kongo Respublikasy

117. Koreýa Respublikasy

118. Kosowo Respublikasy

119. Kosta-Rika Respublikasy

120. Kot-dIwuar Respublikasy

121. Kuba Respublikasy

122. Liberiýa Respublikasy

123. Mawrik Respublikasy

124. Madagaskar Respublikasy

125. Makedoniýa Respublikasy

126. Malawi Respublikasy

127. Mali Respublikasy

128. Malta Respublikasy

129. Mozambik Respublikasy

130. Moldowa Respublikasy

131. Namibiýa Respublikasy

132. Niger Respublikasy

133. Nikaragua Respublikasy

134. Ýaşyl Burun Adalaryň Respublikasy

135. Päkistan Respublikasy

136. Panama Respublikasy

137. Paragwaý Respublikasy

138. Peru Respublikasy

139. Polşa Respublikasy

140. Portugaliýa Respublikasy

141. Ruanda Respublikasy

142. San-Marino Respublikasy

143. Seýşel adalary Respublikasy

144. Senegal Respublikasy

145. Serbiýa Respublikasy

146. Singapur Respublikasy

147. Sloweniýa Respublikasy

148. Mýanma Birleşigi Respublikasy

149. Sudan Respublikasy

150. Surinam Respublikasy

151. Sýerra-Leone Respublikasy

152. Täjigistan Respublikasy

153. Trinidad we Tabago Respublikasy

154. Türkmenistan Respublikasy

155. Uganda Respublikasy

156. Özbegistan Respublikasy

157. Fiji Respublikasy

158. Filippin Respublikasy

159. Horwat Respublikasy

160. Çad Respublikasy

161. Montenegro Respublikasy

162. Çili Respublikasy

163. Ekwador Respublikasy

164. Ekwatorial Gwineýa Respublikasy

165. El-Salwador Respublikasy

166. Günorta Sudan Respublikasy

167. Kamerun Respublikasy

168. Russiýa Federasiýasy

169. Rumyniýa

170. Hytaý Halk Respublikasynyň Gonkong ýörite administratiw etraby

171. Puerto-Riko birleşdirilen erkin döwledi  

172. Demirgazyk Irlandiýa

173. Sent-Winsent we Grenadinlar

174. Sent-Lýusiýa

175. Siriýa Arab Respublikasy

176. Slowak Respublikasy

177. Bagam Adalaryň Birleşigi

178. Dominik Birleşigi

179. Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Şalygy

180. Amerikanyň Birleşen Ştatlary

181. Solomon adalary

182. Wýetnam Sosialistik Respublikasy

183. Komor Adalaryň Birleşigi

184. Hytaý Halk Respublikasynyň Makao ýörite administratiw etraby

185. Oman Soltanlygy

186. Taiti

187. Guam territoriýasy

188. Togolez Respublikasy

189. Tunis Respublikasy

190. Turkiýa Respublikasy

191. Ukraina

192. Uels

193. Farwer adalary

194. Nepal Federatiw Demokratik Respublikasy

195. Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasy

196. Braziliýa Federatiw Respublikasy

197. Germaniýa Federatiw Respublikasy

198. Nigeriýa Federatiw Respublikasy

199. Somali Federatiw Respublikasy

200. Sent-Kits we Newis Federasiýasy

201. Finlýand Respublikasy

202. Fransuz Respublikasy

203. Merkezi Afrikan Respublikasy

204. Çeş Respublikasy

205. Şweýsar Konfederasiýasy

206. Şotlandiýa

207. Eritreýa

208. Eston Respublikasy

209. Günorta Afrikan Respublikasy

210. Ýamaýka

211. Ýaponiýa

2018-nji ýylda Dostluk üçin Futbol Dünýä Çempionatyna 32 Halkara Dostluk Ýygyndylary gatnaşdy. Makstanamanyň taryhynda ilkinji gezek, final oýunyň teswirlemesi Siriýa döwletinden Ýaş Teswirleýji, Ýazan Taha[33] we eminlik bolsa Russiýadan Ýaş Emin, Bogdan Batalin[34] tarapyndan amala aşryryldy.

2018-nji ýylda "Dostluk üçin Futbol" Dünýä Çempionatynyň ýeňijisi Dominika, Sent Kits we Newisa, Malawi, Kolumbiýa, Benin we Kongo Demokratiki Respublikasynyň Ýaş Oýunçylaryndan emele gelen "Şimpanze" ýygyndysy boldy. Ýygyndynyň tälimçisi bolsa Russiýanyň Saransk şäherinden Ýaş Gatnaşyjy Wladislaw Polýakow boldy[35].

Maksatnamanyň altynjy möwsüminiň soňky wakasy bolsa 2019 "Dostluk üçin Futbol" çagalaryň Halkara forumy bolup, ol iýun aýynyp 13-de "Moskwarium" Okeonagrafiýa we Deňiz Biologiýasy Merkezinde geçirildi. Oňa Wiktor Zubkow ("Gazprom" APJ-nyň başlygy), Olga Golodes (Russiýa Federasiýa Hökümetiniň Wise Premýeri), Iker Kasilyas (Ispaniýaly futbol oýunçysy, milli ýygyndynyň öňki kapitany), Aleksandr Keržakow (Russiýaly futbol oýunçysy, Russiýanyň ýaşlar futbol ýygyndysynyň tälimçisi) bilen bilelikde dünýäniň her ýerinden 54 ilçihananyň wekilleri we beýleki myhmanlar gatnaşdy[36].

Forumyň dowamynda altynjy möwsümiň iň oňat Ýaş Oýunçylary sylaglandy: Kongo Demokratik Respublikasyndan Deo Kalenga Mwenze (iň oňat hüjümçi), Beninden Ýamiru Ouru (iň oňat ýarym goragçy), Weýlsden Iwan Wolynkin (iň oňat derwezewan) we Braziliýadan Gustawo Sontra Roça (Iň gymmat oýunçy)[33].

2018-nji ýylyň "Dostluk üçin Futbol" Maksatnamasynda Arubadan Şeýkali Asenson iň oňat Ýaş Žurnalist boldy. Ol Okeaniýanyň ýaşlaryny ekologiki taýdan has-da aň-düşünjeli bolmaga höweslendirmek barada blog ýöredýär.[33]

Forumda mundan başga, geçen möwsümiň gatnaşyjysy Indiýadan Ananýa Kambojuň[37] kitap tanyşdyrma we awtograf sessiýasy geçirildi. Ananýa 2017-nji ýyldaky "Dostluk üçin Futboluň" bäşinji möwsüminden soň Ýaş Žurnalist hökmünde tejribelerini "My journey from Mohali to St. Petersburg" atly kitapda ýazdy. Ol kitapda Maksatnamanyň dünýäni oňat tarapa üýtgetmegiň dokuz gymmatlyklary barada ýazdy. Iýun aýynyň 14-de, ýagny "Dostluk üçin Futbol" Halkara çagalar forumyndan soňra, Ýaş oýunçylar we žurnalistler Russiýadaky 2018 FIFA Dünýä Kubogyyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. "Lužniki" stadionynda, çagalar şol ýyl maksatnama gatnaşan 211 döwletiň we sebitiň baýdagyny dabaraly ýagdaýda galdyrdy[38]. Ondan soňra, "Dostluk üçin Futbol" maksatnamanyň Ýaş gatnaşyjylary Russiýa we Saudy Arabystan toparlarynyň arasyndaky açylyş oýunyna tomaşa etdiler.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýanyň "Dostluk üçin Futbol" boýunça Ýaş Wekili Albert Zinnatowu özüniň ložasyna çagyrdy we olar bilelikde açylyş oýunyny seretdiler. Ol ýerde ýaşlar Braziliýadan Dünýä Kubok Çempiony Roberto Karlos we Ispaniýaly futbol oýunçysy Iker Kasillas bilen gürleşmek mümkinçiligine eýe boldular[39].

Moskwada geçirilen soňky çärä 211 döwlet we sebitden 1500-den kän çaga we ýaşlar gatnaşdy. Altynjy möwsümiň çäginde jemi, dünýäniň dürli künjeklerinde tertiplenen 180-den kän çäre geçirildi we oňa 240000-den kän ýaş gatnaşyjy gatnaşdy[40].

2018-nji ýylda Ygtyýarly wekiller taslamany goldady. Olga Golodes Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň açylyş ýüzlenmesini Halkara çagalaryň Forumynyň gatnaşyjylaryna we myhmanlaryna okap berdi. Russiýa Federasiýasynyň Hökümet Başlygy Dmitriý Medwedew altynjy Halkara cagalaryň "Dostluk üçin Futbol" forumynyň gatnaşyjylaryna we myhmanlaryna hoş garşylama telegrammasyny iberdi.[41]

Maý aýynyň 23-de brifiň dowamynda Russiýanyň IIM-iň wekili Mariýa Zaharowa häzirki döwürde dünýä jemgyýeti "Dostluk üçin Futbol" maksatnamasyny Russiýanyň halkara sosial syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde kabul edýändigini nygtap geçdi[42].

FIFA, däp boýunça "Dostluk üçin Futbol" maksatnamasyny goldady. Moskwada gecirilen soňky çärä gatnaşanlaryň we myhmanlaryň jemi sanynyň 5000-den hem geçendigini gurama belläp geçdi[43].

Dostluk üçin futbol 2019[üýtget | edit source]

2019-njy ýylda, "Dostluk üçin Futbol" maksatnamanyň Ýedinji möwsüminiň esasy çäreleri maý aýynyň 28-den iýun aýynyň 2-de çenli Madrid şäherinde geçiriler. Adatça, garyşyk ýygyndynyň düzümi - Halkara Dostluk Ýygyndylary - açylyş bijesi döwründe kesgitlener. 2018-nji ýylda bolşy ýaly, toparlar seýrek duş gelýän we nesli howp astynda bolan haýwanlardan atlandyrylar.[44]

Ýedinji möwsümiň esasy wakalarynyň biri ýene-de Halkara "Dostluk üçin Futbol" forumy bolar. 2019-njy ýylyň Forumy, gurujy söhbetdeşlikler bilen bilelikde futbol oýunçylarynyň, syýasatçylaryň we jemgyýet we sport guramalarynyň wekilleriniň arasynda tejribe alyş-çalşyna sahna bolar. Forum dünýä boýunça çagalaryň we ýaşlaryň futbol ösüşinde ýüze çykan meselelere bagyşlanar.[44]

"Dostluk üçin Futbol" boýunça Dünýä çempionaty[üýtget | edit source]

Halkara çagalar futbol bäsleşigi "Dostluk üçin Futbol" programmasynyň çäginde geçirilýär. "Dostluk Ýygyndy topary" çempionata gatnaşyjy komandalar Açyk bije atyşygyň dowamynda düzülýär. Ýygyndy toparlary "Dostluk üçin Futbolyň" prinsipy boýunça gurnalýarlar:  bir toparda dürli milletli, jynsly we fiziki mümkinçilikli sportsmenlar oýnaýarlar.[45]

"Dostluk üçin Futbol" Halkara çagalar forumy[üýtget | edit source]

Her ýylky "Dostluk üçin Futbol" Halkara çagalar forumynda taslamanyň ýaş gatnaşyjylary ulylyar bilen programmanyň gymmatlyklaryny dünýä boýunça öňe sürmek barada gürrüň edýärler.  Forumyň dowamynda çagalar başga ýurtlardan gelen ýaşdaşlary, meşhur futbolçylar, žurnalistlar we jemguýetçilik işgärleri bilen duşuşýarlar we gürrüňdeş bolýarlar, şeýle hem ýaş wekiller hökmünde bolup, soňra umumy ynsanyýet gymmatlyklary öz ýaşdaşlarynyň arasynda özbaşdak propaganda edýärler.[46]

Halkara çagalar metbugat-merkezi[üýtget | edit source]

Öz Halkara çagalar metbugat-merkezine eýe bolmagy "Dostluk üçin Futbol" programmanyň aýratynlygy boldy[47]. Ol ilkinji gezek "Dostluk üçin Futbol" programmanyň çäginde 2014 ýylda gurnaldy[48]. Metbugat-merkeziň ýaş žurnalistlary programmanyň wakalaryny öz ýurtlarynda beýan edýärler[49]: milli we halkara sport köpçülikleýin informasiýa gurallary üçin täzelikleri taýýarlaýarlar, "Dostluk üçin Futbol" TW-kanaly, Football for Friendship çagalar gazetasy we programmanyň resmi radiostansiýasy üçin materiallary döretmekde gatnaşýarlar[50]. Halkara çagalar metbugat-merkezi "Iň oňat ýaş žurnalist" milli bäsleşikleriň ýeňijilerini, ýaş blogerlary, suratçylary we ýazyjylary birleşdirýär. Metbugat-merkeziniň ýaş žurnalistlary "çagalar çagalar barada" formaty durmuşa geçirip, programma barada içgin gürrüň berýärler. [51]

Halkara Dostluk we Futbol güni[üýtget | edit source]

"Dostluk üçin Futbol"  programmanyň çäginde aprel aýynyň 25-ne Halkara Dostluk we Futbol güni bellenýär. Bu baýramçylyk ilkinji gezek 2014 ýylda 16 sany ýurtda bellendi. Şol gün dostluk matçlar[52], fleşmoblar, radiomarafonlar, master-klasslar, teleşou, açyk türgenleşmeler we ş.m. geçirildi. Baýram etmeklige 50 000 gowrak adamlar gatnaşdy.

2015 ýylda Halkara Dostluk we Futbol güni 24 sany ýurtda bellendi. Baýramçylygyň çäginde dostlukly futbol matçlary we başga çäreler geçirildi. Germaniýada "Şalke 04" futbol topary açyk türgenleşigi geçirdiler, Serbiýada TW-şou geçirildi, Ukrainada "Wolyn" FK ýaşlar topary bilen maşgalalar, çagalar we ýaşlar üçin sosial hyzmatlary hödürleýän Lusk şäher merkeziniň hasabynda duran çagalaryň arasynda matç geçirildi.[53]

Russiýada Dostluk we futbol güni aprel aýynyň 25-ne 11 sany şäherlerde bellendi. Wladiwostokda, Nowosibirskda, Ýekaterinburgda, Krasnoýarskda, Barnaulda, Sankt-Peterburgda we Saranskda, programmanyň esasy gymmatlyklaryny ýatlatmak üçin döredilen, dostlukly futbol matçlary geçdi. Krasnoýarskda, Soçida we Rostow-na-Donuda, 2014 ýylda Olimpik Estafetasynda fakelini göterenleriň gatnaşmaklary bilen, "Dostluk estafetasy" geçdi. Moskwada Körleriň sport federasiýasynyň goldawy bilen "Deň mümkinçilikler turniry geçdi". Maý aýynyň 5-ne Dostluk we futbol güni Nižniý Nowgorotda we Kazanda geçirildi.[9]

2016 ýylda Dostluk we futbol güni 32 sany ýurtda bellendi. Russiýady ol dokuz sany şäherlerde bellendi: Moskwada, Sankt-Pеtеrburgda, Nowosibirskda, Barnaulda, Birobidžanda, Irkutskda, Krasnodarda, Nižniý Nowgorodda we Rostow-na-Donuda. Nižniý Nowgorodda  "Wolga" ýaş futbolçylaryň arasynda dostlukly matç geçirildi, klubyň ulylyary bolsa  çagalar üçin el-aýaklaryny ýazmaga çykdylar we türgenleşik geçirdiler. Nowosibirskda dostlukly matça maýyp çagalar bilen Nowosibirsk welaýatyň "Ýermak-Sibir" topary gatnaşdy. [17]

2017 ýylda Futbol we dostluk güni 64 sany ýurtda bellendi. Dünýä boýunça çärelere meşhur futbolçylar, şol sanda serb goragçysy Branislaw Iwanowiç, golland hüjümçi Dirk Küýt dagylar gatnaşdylar. Gresiýada bu çäräni ýurdyň milli ýygyndy toparynyň düzüminde 2004 ýylyň Ýewropa çempionatynda ýeňiji bolan, Teodoras Zagorakis görmäge geldi.    Russiýada "Zenit" FK bazasynda "Dostluk üçin Futbol"2017 programmasynyň ýaş wekili Zahar Badýugyň ýörite türgenleşigi geçirildi. Türgenleşikde "Zenit" FK toparynyň derwezeçisi Ýuriý Lodygin Zaharyň ukybyna ýokary baha berdi we onuň bilen derwezeçilik sungatynyň syrlary bilen paýlaşdy.[25]

"Dostluk üçin Futbol" maksatnamanyň dokuz gymmatlygy[üýtget | edit source]

2013-nji ýylyň maý aýynyň 25-de, birinji Halkara "Dostluk üçin Futbol" forumynda Beýik Britaniýa, Germaniýa, Sloweniýa, Wengriýa, Serbiýa, Bolgariýa, Gresiýa we Russiýadan Ýaş wekiller maksatnamanyň ilkinji sekiz gymmatlygyny - dostluk, deňlik, adalatlylyk, saglyk, parahatçylyk, wepalylyk, ýeňiş we däp-dessurlar - ýüze çykardylar we olary Açyk Hat arkaly hödürlediler. Hat Halkara Sport Guramalaryň Ýolbaşçylaryna ugradyldy: Futbol Assosiasiýalarynyň Halkara Federasiýasy (FIFA), Ýewropa Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşmesi (UEFA) we Halkara Olimpiki Komiteti (IOC). Ýozef Blatter 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Wladimir Putin we Witaliý Mutko bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda haty alandygyny we "Dostluk üçin Futboly" goldamaga taýýardygyny mälim etdi[11].

2015-nji ýylda Hytaýdan, Ýaponiýadan we Gazagyztandan gatnaşyjylar "Dostluk üçin Futbol" maksatnamasyna goşuldylar we dokuzynjy gymmatlygy, ýagny abraý, teklip etdiler[54].

"Dokuz gymmatlyklaryň" kubogy[üýtget | edit source]

"Dokuz gymmatlyklaryň" kubogy - bu "Dostluk üçin Futbol" Halkara çagalar sosial programmasynyň baýragydyr.  Her ýyl bu kubok taslamanyň gymmatlyklaryna has uly höweslilik üçin gowşurylýar: dostluk, deňlik, adalatlylyk, saglyk, parahatçylyk, wepalylyk, ýeňiş, däp-dessurlar we abraý. Ýeňijini saýlamakda dünýäniň ähli janköýerleri gatnaşýarlar, emma soňky netijäni "Dostluk üçin Futbol" taslamanyň gatnaşyjylary saýlaw arkaly çykarýarlar. "Dokuz gymmatlyklar" Kubogyna eýe bolan futbol klublar: "Barselona" (2015), "Münhen Bawariýasy" (2016), "Al-Wahda" (Ýörite baýrak), "Real Madrid" (2017).[55]

Dostluk Bilezigi[üýtget | edit source]

"Dostluk üçin Futbol" programmanyň ähli çäreleri, deňligi we sagdyn durmuş ýörelgesini aňladýan, Dostluk Bilezikleri alyşmadan başlanýar. Bilezik gök we ýaşyl reňkli sapakdan ybarat, programmanyň gymmatlyklaryny goldaýan islendik kişi ony göterip biler.

Frans Bekkenbaueryň aýtmagyna görä

"Herekediň nyşany - iki reňkli bilezik bolşy ýaly, "Dostluk üçin Futbol" programma goýulan gymmatlyklar hem şolar ýaly ýönekeý we düşnükli".

Programmanyň ýaş gatnaşyjylary Dostluk Bileziklerini meşhur sportsmenlara we jemgyýetçilik işgärlere[56] dakdylar, olaryň arasynda: Dik Adwokat, Anatoliý Timoşuk[57] we Luiş Nеtu, Frans Bеkkеnbauer[58], Luis Fеrnandеw, Didýе Drogba, Maks Maýеr, Fatma Samura, Lеon Goreska, Domеniko Krişito, Miçеl Salgado, Aleksandr Kеržakow, Dimas Pirros, Miodrag Božowiç, Adelina Sotnikowa, Ýuriý Kamеnеs.  

Möwsümleriň arasynda gatnaşyjylaryň işjeňligi[üýtget | edit source]

"Dostluk üçin Futbol" programmanyň ýaş futbolçylary resmi möwsümden daşary dürli çärelere gatnaşýarlar. 2013 ýylyň maý aýynda "Maribor"(Sloweniýa) futbol klubynyň ýaşlar düzümi kambojiýaly çagalar bilen haýyr-sogap matçyny geçirdiler[59]. 2014 ýylyň sentýabr aýynyň 14-ne programmanyň rus gatnaşyjylary RF Prezidentiniň FIFA-nyň prezidenty Ýozef Blatter dagy bilen duşuşygyň çäginde Wladimir Putin bilen gürrüňdeş boldular. 2014 ýylyň iýun aýynda Fransiýanyň prezidenty Fransua Olland, "Dostluk üçin Futbol" programmanyp gatnaşyjysy, "Tawerni" toparyny "Fransiýa-Nigeriýa" 2014 futbol boýunça dünýä çempionatyny Ýeliseý köşgünde bile görmäge çagyrdy. 2016 ýylyň aprel aýynda, 2015 ýylyň "Dostluk üçin futbol" programmanyň wekili, Ýuriý Waşuk, taslama gatnaşyp alan tejribesini paýlaşmak üçin Belarussiýanyň iň daýow adamsy Kirill Şimko we BATE FK ýaş futbolçylary bilen duşuşdy.  Ýuriý Waşuk Dostluk Bilezigini Kirill Şimko daga berdi, şeýlelik bilen taslamanyň pikirlerini öňe sürmek üçin oňa estafetany geçirdi: dostluk, adalatlylyk, sagdyn durmuş ýörelgesi.[60]

Baýraklar we sylaglar[üýtget | edit source]

"Dostluk üçin futbol" programmasy dürli bäsleşikleriň ýeňijisi boldy, rus we halkara sylaglara eýe boldy. Şol sanda: "Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň" "Russiýanyň iň oňat sosiýal taslamalary" nominasiýasy,  (IABC) Gold Quill Awards  Biznes-kommunikatorlaryň Halkara assosiýasynyň "Koporatiw sosial jogapkärçiligi"(2016) nominasiýasy, Sabre Awards "Planetanyň iň oňat sosial taslamasy" (2016) nominasiýasy, The Drum Social Buzz Awards "Iň oňat halkara strategiýa" (2017)[61] nominasiýasy, The Internationalist Awards for Innovative Digital Marketing Solutions "Iň oňat mediastrategiýa"(2017)[62] nominasiýasy, "Serebrýanyň luçnigyň" "Russiýanyň iň oňat sosial taslamasy"(2018) nominasiýasy, Gran-pri "Serebrýanyň luçnik"(2018).      

Salgylanmalar[üýtget | edit source]

  1. https://www.sportindustry.biz/news/football-friendship-project-returns
  2. inserbia.info/today/2014/04/gazproms-football-for-friendship-2014
  3. www.newswire.ca/en/story/1505319/europe-and-asia-to-meet-within-football-for-friendship-international-children-s-social-project-of-gazprom
  4. https://www.sport-express.ru/football/gazprom/reviews/futbol-dlya-druzhby-2018-obyavleny-imena-uchastnikov-programmy-ot-rossii-1401229/
  5. www.prnewswire.com/news-releases/young-football-players-from-24-countries-of-europe-and-asia-meet-at-third-international-childrens-football-for-friendship-forum-506472841.html
  6. https://archive.is/20150515191023/http:/fcbusiness.co.uk/news/article/newsitem=2379/title=franz+beckenbauer+kicks+off+gazprom%92s+%91football+for+friendship%92+campaign
  7. www.ntv.ru/sport/627113
  8. https://web.archive.org/web/20150522173321/http:/www.epochtimes.de/service/vladimir-putin-und-fifa-praesident-joseph-s-blatte-bei-football-for-friendship-222
  9. 9.0 9.1 www.euronews.com/2014/05/27/football-for-friendship-teaching-values-through-football
  10. www.lazionews.eu/settore-giovanile/oltre-450-ragazzi-riuniti-da-gazprom-in-occasione-del-secondo-forum-internazionale-football-for-friendship/
  11. 11.0 11.1 11.2 www.noodls.com/viewNoodl/28582380/oao-gazprom/young-football-players-from-24-countries-of-europe-and-asia-
  12. 10
  13. www.prnewswire.com/news-releases/young-football-players-from-24-countries-of-europe-and-asia-meet-at-third-international-childrens-football-for-friendship-forum-506472841.html
  14. www.euronews.com/2016/03/25/football-for-friendship-ready-for-fourth-edition/
  15. https://www.youtube.com/watch?v=ZhOPARx9Lko
  16. www.sgb-sports.com/index.php/fourth-gazprom-football-for-friendship-project-launches/
  17. 17.0 17.1 rbth.com/sport/2016/06/01/gazprom-brings-soccer-crazy-kids-to-milan-for-uefa-champions-league-final_599353
  18. www.euronews.com/2016/05/31/football-for-friendship-syrian-youth-team-make-tournament-debut-in-milan/
  19. www.beyondsport.org/articles/fourth-international-football-for-friendship-forum-brings-together-young-footballers-from-three-continents/
  20. www.euronews.com/2016/05/31/football-for-friendship-syrian-youth-team-make-tournament-debut-in-milan
  21. www.live5news.com/story/34934258/fifth-season-of-gazproms-football-for-friendship-international-childrens-project-launched
  22. finance.dailyherald.com/dailyherald/news/read/33918303/Fifth_Season_of_Gazprom's_Football_for_Friendship_International_Children's_Project_Launched
  23. www.abc6.com/story/34934258/fifth-season-of-gazproms-football-for-friendship-international-childrens-project-launched
  24. https://www.merrilledge.com/research/story?stryKey=600-201703161740PR_NEWS_USPRX____enUK201703165338-1
  25. 25.0 25.1 25.2 www.newswit.com/.gen/2017-03-17/bafb838790ea60129b53d1add5e4ee99/
  26. www.euronews.com/2017/07/06/football-brings-kids-together
  27. www.euronews.com/2017/07/06/football-brings-kids-together
  28. stomp.straitstimes.com/singapore-seen/12-year-old-sporean-messi-wins-global-football-contest-in-russia
  29. www.euronews.com/2018/02/16/football-for-friendship-sets-stage-for-2018-world-cup
  30. www.thedailystar.net/sports/football/time-defender-bangladesh-1543027
  31. www.chronicle.co.zw/russia-opportunity-for-zim-youngsters/
  32. www.africanews.com/2018/02/17/football-for-friendship-draw-held-ahead-of-the-2018-world-cup//
  33. 33.0 33.1 33.2 https://www.sovsport.ru/others/lifestyle/articles/1059219-shikarnyj-futbol-krepkaja-druzhba
  34. https://www.sovsport.ru/others/lifestyle/articles/1058343-ih-podruzhil-futbol
  35. https://www.sport-express.ru/football/gazprom/news/yunyy-trener-iz-rossii-stal-chempionom-mira-po-futbolu-dlya-druzhby-1420530/
  36. https://www.sport-express.ru/football/gazprom/reviews/more-schastya-druzhby-i-futbola-1428124/
  37. https://www.sport-express.ru/football/gazprom/reviews/more-schastya-druzhby-i-futbola-1428124/
  38. https://rsport.ria.ru/russia2018_news/20180615/1138055010.html
  39. https://www.sport-express.ru/football/gazprom/news/yunyy-posol-futbola-dlya-druzhby-vstretilsya-s-prezidentom-rossii-na-chm-v-moskve-1424143/
  40. https://www.sport-express.ru/football/gazprom/news/uchastniki-futbola-dlya-druzhby-iz-211-stran-i-regionov-pribyli-v-moskvu-1419265/
  41. http://government.ru/gov/persons/183/telegrams/32841/
  42. http://www.mid.ru/ru/press_service/spokesman/briefings/-/asset_publisher/D2wHaWMCU6Od/content/id/3231268##23
  43. https://www.fifa.com/worldcup/news/211-countries-and-regions-took-part-in-the-sixth-international-football-for-frie
  44. 44.0 44.1 https://www.championat.com/football/news-3707473-segodnja-startuet-sedmoj-sezon-socialnoj-programmy-futbol-dlja-druzhby.html
  45. rbth.com/sport/2014/05/30/big_soccer_for_little_europeans_37075.html
  46. www.fifa.com/confederationscup/news/y=2017/m=8/news=confed-cup-hosts-friendship-forum-2902692.html
  47. www.habermonitor.com/en/haber/detay/for-friendlies-football-scope-young-reporter/333164/
  48. www.crawleyobserver.co.uk/news/local/crawley-girl-13-who-dreams-to-play-football-for-england-meets-world-cup-legend-1-6112060
  49. www.itsroundanditswhite.co.uk/2014/04/15/football-for-friendship-are-on-the-hunt-for-talented-young-journalists/
  50. https://web.archive.org/web/20140708202936/http:/www.vanluyken.nl/artikel/37-nederlands-voetbaltalent-scoort-tijdens-football-for-friendship-beste-jonge-journalist-uit-nederland-interviewt-franz-beckenbauer-
  51. https://web.archive.org/web/20160304111738/http:/www.getbucks.co.uk/news/local-news/12-year-old-bucks-boy-best-young-9095138
  52. www.theguardian.com
  53. business-center.amchamchina.org/news/?dir=17&doc=201504262030PR_NEWS_ASPR_____EN90314&andorquestion=OR&&ok=1&passDir=0
  54. http://www.joblenobl.ru/news/287-v-ramkakh-programmy-futbol-dlya-druzhby-uchrezhden-kubok-devyati-tsennostej
  55. www.euronews.com/2017/07/17/f4f-nine-values-cup-2017-goes-to-real-madrid
  56. www.dailymail.co.uk/sport/worldcup2014/article-2642473/Vitor-Baia-tips-Portugal-special-World-Cup-Cristiano-Ronaldo-shines-backs-old-boss-Jose-Mourinho-Chelsea.html
  57. https://web.archive.org/web/20141223203736/http:/bigpicture.ru/?p=516227
  58. www.theboltonnews.co.uk/news/11270319.Interview_sends_Megan_Mackey_to_Champions_League_final/
  59. sport.rbc.ru/article/172216/
  60. www.leparisien.fr/politique/mondial-2014-hollande-invite-deux-clubs-amateurs-a-l-elysee-pour-france-nigeria-28-06-2014-3960541.php
  61. www.socialbuzzawards.com/social-buzz-awards-2017/best-international-strategy/how-to-make-kids-voices-to-be-heard-globally
  62. www.internationalist-awards.com/new-digital-awards/