Belli Creative Studio

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Belli Creative Studio
IndustriýaDizaýn
Döredilen ýyly2014 Aşgabat, Türkmenistan
Esaslanyryjylar
  • Döwlet Geldiýew
  • Daýanç Babaýew
Hyzmatlar
  • Brend keşbi
  • grafiki dizaýn
Websitebelli.studio

Belli Creative Studio (Resmi ady “Belli Bezeg” HK) – Brend şahsyýetini emele getirmek, olara strategiýa düzmek, grafiki dizaýn, web sahypa taýýarlamak, reklama, interýer dizaýn, animasiýa we kiçi arhitektura dizaýny bilen meşgullanýan hususy kärhana. 2014-nji ýylda Döwlet Geldiýew we Daýanç Babaýew tarapyndan Aşgabatda esaslandyryldy. Studio 2017-nji ýylda Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlarynyň[1] brendini emele getirdi. Şeýle hem 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Agyr Atletika Boýunça Dünýä Çempionatynyň[2] brend keşbi hem studio tarapyndan ýerine ýetirildi.

Hyzmatlarynyň görnüşleri[düzet | çeşmäni düzet]

Studionyň esasy müşderileri hususy telekeçiler bolup durýar. Häzirki wagtda 25 işgäri bolan hususy kärhana dizaýn bilen baglanşykly meselelerde iň amatly we täzeçil usul tapýanlygy bilen tapawutlanýar. Studionyň ýerine ýetiren işlerini Türkmenistanyň ähli künjeklerinde, dükanlarda we jemgyýetçilik ýerlerinde görmek mümkin.

Hil babatda dünýä standartlarynda hyzmat hödürleýän Belli Creative Studio şahsy ýüzlere, aýdym kliplerine, toýlara, doglan günlere, sünnet toýlara, uçurymlara ýa-da islendik ýatdan çykmajak günlere degişli hyzmatlaryň hiç biri bilen meşgullanmaýar.[3]

Esasy işleri[düzet | çeşmäni düzet]

Studioda iş pursady

Studio birnäçe halkara derejeli taslamalary hem üstünlikli ýerine ýetirdi. Olara mysal edip Aşgabat 2017 Aziýa oýunlarynynyň dizaýn işlerini, 2018-nji ýylda Agyr Atletika boýunça Dünýä Çempionatynynyň brend keşbini, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Halkara Energetika Hartiýasynyň Mejlisiniň brend keşbini, 2019-njy ýylda Awazada geçirilen Birinji Hazar Ykdysady Forumynyň dizaýn işlerini görkezmek mümkin.

2017-nji ýylda dünýä çempiony Gülbadam Babamyradowa barada studionyň düşüren dokumental filmi BMG-niň Ilat Gaznasynyň Gender Deňligi ýaryşynda baýraga mynasyp boldy.[4]


Çeşme[düzet | çeşmäni düzet]

  1. "Arhiw nusgasy". Archived from the original on 2019-08-22. Retrieved 2019-09-03. 
  2. "Arhiw nusgasy". Archived from the original on 2019-08-22. Retrieved 2019-09-03. 
  3. https://belli.studio/studio
  4. "Arhiw nusgasy". Archived from the original on 2019-09-03. Retrieved 2019-09-03.