Mazmuna geçiň

Annamuhammet Kirşen

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Annamuhammet Kirşen

Annamuhammet Kirşenow — 1961-nji ýylyň 10-njy awgustynda, Tejen şäherinde, edebiýat mugallymynyň maşgalasynda dünýä indi. 1978-nji ýylda ol Tejeniň Garaja Burunow adyndaky 2-nji orta mekdebiniň 8-nji synpyny tamamlap, agşamky işçi ýaşlar mekdebinde orta bilim alýar. Eýýäm 4-nji klasda okaýan wagty edebiýat bilen gyzyklanyp ugraýar. Inžener-gurluşukçy hünäri boýunça gaýybana ýokary bilim alýar.
80-nji ýyllaryň başlarynda ilkinji goşgylaryny ýazyp başlaýar. Şol döwrüň meşhur gazetleri Ýaş kommunistde, Edebiýat we sungatda eserleri yzygiderli çap bolýar. Magtymguly, Kerim Gurbannepes, B.Hudaýnazarow, Ahmet Gurbannepesow ýaly türkmen şahyrlarynyň, A.Puşkiniň, S.Ýeseniniň, A.Blogyň eserlerinden täsirlenýär, olary ürç edip okaýar.
1990-njy ýyllar onuň goşgylary «Bahar bulaklary» hem «Söýgi we buýsanç» atly almanahlarda ýerleşdirilýär.
Bu döwürde şahyr öz goşgulary bilen Türkmenistanyň etrap welaýat merkezi gazetlerinde çykyş edýär, türkmen radiosynda birnäçe gezek goşgylary okalýar. Emma 1992-2006-nji ýyllar aralygynda şahyryň döredijiligine böwşenlik düşýär, ol hiç zat ýazmaýar, ýazan zatlaryny hem çap etdirmeýär.
Kirşenow lirik şahyrdyr. 400-den gowrak goşgylaryň awtory. Häzir şahyryň dürli eserleri “Watan”, “Nesil”, “Edebiýat we Sungat”, “Türkmen dünýäsi” ýaly gazetlerde, “Diýar”, “Garagum”, “Zenan kalby” žurnallarynda çap edilýär, türkmen radioýaýlymlarynda yzygiderli okalýar.

Häzirki wagtda şahyr “Dünýä edebiýaty” žurnalynda kyssa bölüminiň müdiri bolup zähmet çekýär. 2011-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden Türkmeniň

A.Kirşen hem Atajan Tagan,2012 ý.

Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijisi – şa serpaýynyň eýesi. Mundan ötri ýazyjy terjimeçilik bilen hem meşgullanýar. Ol Ýeseniniň, Blogyň, Ruben Darionyň goşgylaryny, belli ýapon ýazyjysy Kobe Abäniň "Keseki ýüz" romanyny, Karel Çapegiň, Alberto Morawianyň, Zigfrid Lensiň hekaýalaryny türkmen diline geçirdi.

A.Kirşeniň şygyrlary özüniň çuňňur pelsepewiligi, durmuşylygy, akgynlygy hem-de metafora baýlygy bilen okyjylaryň uly söýgüsine mynasyp boldy.

==Goşgulary==galarmyn sen

"Güneş" ýygyndysy