Mazmuna geçiň

Altyn Asyr GSM

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Altyn Asyr ÝGPJ Kärhanasy - Türkmenistanda mobil aragatnaşygy TMCELL brendinde hyzmat edýän öýjükli aragatnaşyk kärhanasy. 2011-2012-nji ýyl aralykda we 2017-nji ýyldan şu güne çenli MTS Türkmenistan ýapylandan soň, Türkmenistanda mobil aragatnaşygy üpjün edýän ýeke-täk kompaniýa bolup durýar.

TMCELL
TipÝapyk Görnüşli Paýdarlar Jemgyýeti
SenagatÖýjükli Aragatnaşyk Hyzmaty
Döredildi2004 ýyl, 4-nji iýun
Baş edara744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi, 217
Members5,500,000 Ulanyjy
ParentTürkmenTelekom EAK
Websitehttps://tmcell.tm/

Türkmenistanyň Prezidentiniň №6743 belgili karary esasynda 2004-nji ýylyň iýun aýynyň 4-ne “Türkmentelekom” Döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniyasynyň düzümine degişli bolan “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasyny döretmeli diýip belledi.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň 2004-nji ýylyň iyun aýynyň 10-na №61 karary esasynda we”Türkmentelekom” Döwlet elektrik kompaniýasynyň №115 karary esasynda “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasy döredildi.

Aragatnaşyk ministrliginiň we “Türkmentelekom” Döwlet elektrik kompaniýasynyň döreden “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasy Bütindünýä assosiýasynyň öýjükli aragatnaşygyň GSM standartynyň agzasy bolup, TM CELL 43802 indeksly belgisi esasynda resmilleşdirilýär. 2005-nji ýylda öýjükli aragatnaşygyň 2 nesline degişli bolan GSM standartynda işleýän ulgamyň göwrümi 50 000 belgiden ybarat bolan enjamlary “Siemens AG” nemes kompaniýasy Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda işe girizdi. 2005-nji ýylyň aprel aýyna Aşgabat şäherinde 1500 müşderi milli öýjükli aragatnaşyk sistemasyna birikdirildi.

2009-nji ýylda öýjükli aragatnaşygyň 3 nesline degişli bolan UMTS standartynda işleýän ulgamyň enjamlary ilkinji bolup Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda işe girizildi.

“Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk operatory hem Türkmenistanda ilkinji bolup 2010-nji ýylda UMTS standartynyň 3G ulgamynyň üçünji görnüşini ulanyşa girizip, şol ýylyň aprel aýynda bu ulgamyň müşderileriniň sanyny ýarym milliona ýetirýär.

2012-nji ýylda öýjükli aragatnaşygyň 4G nesline degişli bolan LTE standartynda işleýän ulgamyň enjamlary Aşgabat şäherinde hem-de Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde işe girizildi.

Häzirki Wagtda

[düzet | çeşmäni düzet]

Häzirki wagtda "Altyn Asyr" Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň torunda gün energiýasyny elektrik energiýasyny öwüriji ulgamlar giňden ornaşdyrylyp başlady. Ýurdumyzyň iň çetki künjeklerinde we gum obalarynyň birnäçesinde gün energiýasyny elektrik energiýasyna öwüriji ulgamyň kömegi bilen iberiji we kabul ediji enjamlary işe girizildi. Ulgamlar esasan 10 kilowata çenli kuwwatlylygy bermek bilen tutuş enjamlar toplumlaryna elektrik togy bilen üpjün edip enjamlara tehniki goldaw berkmekde we dolandyrmakda uly ýeňillikleri döredýär. Şunuň bilen barmasy kyn bolan obalarda az sanly ilatly nokatlarda garagumyň jümmüşinde ýerleşýän gum obalarynda öýjükli aragatnaşyk we internet hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik döredildi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ulag-logistika ulgamyny ösdürmek baradaky atalyk aladalary netijesinde Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ugrunda iň kämil enjamlar gün energiýasyny elektrik energiýasyna öwüriji ulgamyň kömegi arkaly ulanyşa göýberilip aragatnaşyk ulgamynyň tutuş zolaklarynyň üznüksizligi ýola goýuldy. Munuň özi awtomobil sürüjilere ýolagçylara awtomobil ýollarynyň ähli ýerlerinde öýjükli aragatnaşyk ulgamyndan arasy üzülmezden yzygider peýdalanmaklyga mümkinçilik berýär. "Altyn Asyr" Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny kämilleşmegi ugrunda yhlasly zähmeti bilen halkymyza hyzmat edip Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň galkynyşy döwründe öňe barýar.