Mazmuna geçiň

Agamuhammet han

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

AGAMUHAMMET HAN (145, 242)

Agha Mohammad Khan Qajar
Shahanshah of Iran
Portrait of Agha Mohammad Khan Qajar
Hökümdarlygy1789 – 17 June 1797
Dünýä inmegi1742, Gürgen, Eýran
Aradan çykmagy17 iýun 1797,Şuşa (55 ýaşynda)
MirasdüşeriFath-Ali Shah Qajar
DinastiýaGajar dinastiýa
KakasyMohammad Hasan Khan Qajar
Dini ynanjyŞiý Yslam

Eýranda Gajarlar şanesliniň ilkinji şasy, Gajar türkmenleriniň döwletini esaslandyryjy bolup, ol 1742-1797-nji ýyllarda ýaşap geçipdir.

XVIII asyryň ikinji ýarymynda Nedir şa aradan çykandan biraz soňra ýurt çaýkanyp, Eýranda döwlet dagynyklygy başlandy. Bu döwürde Gajarlardan Agamuhammet han, Owşarlardan Nedir şanyň kör agtygy Şahruh, Abdallardan Nedir şanyň öňki serkerdesi Ahmet şa, Zendlerden Kerim han tagt ugrunda göreşipdirler. Sanalanlaryň arasynda has güýçlileri Agamuhammet han hem-de Kerim han Zendi bolupdyrlar. Bu ikisiniň arasyndaky göreşde Agamuhammet han ýeňip, tagty eýeleýär. Ol 1784-nji ýylda Tähran ýurduň paýtagty diýip jar edýär. Onuň sebäbi Eýranyň owganlar tarapyndan tozdurylan günortasy, ykdysady merkez däldi, indi ol ýerler öňki ähmiýetini ýitiripdi, galyberse-de Agamuhammedi goldajak türkmen taýpalary ýurduň demirgazygynda ýaşaýardylar.

Zendleriň garşylygyny syndyrandan soňra Agamuhammet han Gürjüstana garşy ýörişe taýýarlyk görüp başlaýar. 1795-nji ýylyň ýazynda başlanan harby ýöriş onuň üçin üstünlikli geçipdi. 1795-nji ýylyň Ruhnama aýynda Agamuhammediň esgerleri Tbilisiniň golaýyna gelýärler we şäheri basyp alýarlar. Ozüniň bu ýörişini ol «din ugrunda uruş» diýip atlandyrypdy. 1796-njy ýylda Eýranyň ähli ýerlerini diýen ýaly birleşdirip, Eýranyň şasy boldy. 1796-nji ýylda Eýranyň iri welýatlarynyň biri bolan Horasana ýöriş guraýar. Horasany bu döwürde Nedir şanyň agtygy Şahruhyň ogly Nedir mürze dolandyrýardy. Nedir şanyň Hindistana ýoriş döwründe eýelän hazynasy şol sanda dünýä meşhyr uly göwher Nedir mürzededi.

Agamuhammediň goşunlary Maşadyň golaýyna gelende Nedir mürze şäherden çykyp, Owganystana gaçyp gidýär. Kawkaza ikinji gezek ýöriş döwründe dildüwşik netijesinde 1797-nji ýylyň Magtymguly aýynda Şuşada öz goşunynyň bir harby serkerdesi tarapyndan öldürilýär.