Nedir şa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Nedir şa —18nji asyrda Eýranda şahlyk süren Nedir 1688nji ýylda dünýä inýär. Ol gelip çykyşy boýunça Türkmenleriñ awşar taýpasynyn Garakly tiresindendir. Nediriñ ýaşlygy Abywert—Deregez etraplarynda geçýär.

1711-nji ýylda kakasy Ymamguly han ýogalanan soñ, Nedir kerwnlere talaýan garakçylara baştutanlyk edip başlaýar, şeýle hem ol Abywedyñ häkimi Babaly begiñ hyzmatynda bolup, Türkmenleri hem-de Kürtleri özüne tabyn etmek üçin bir näçe harby ýörişleri geçiripdir. Şeýlelikde, Nediriñ şan-şohraty kem-kemden giñ gerim alyp ugraýar.

1723nji ýylda Maşadyñ häkimi Mälik Mähmidiñ goşun serkerdesi bolansoñ, Nediriñ şohraty has-da artyp, onuñ ady bütün Horasana ýaýraýar.

Nedir 1726nji ýyldaT ahmasp şahyñ goşun serkerdesi hökmünde gullaga başlaýar. Ol öz bäsdeşlerini kem-kemden ýok edip, esasy serkerde öwrülýär.

1732nji ýylda Tahmasp şahy tagtdan agdaryp, häkimligi öz eline alýar. Şondan soñ 1736nji ýylda Mugan çölliginde Nedri dabaraly ýagdaýda Şah diýip yglan edip, bşayna täç geýdirýärler. Şeýlelikde, Nedir şah zalymlygyny has-da güýçlendirip başlaýar. Sähel göwnüne ýaramadyk adamlary ýok etdirýär. Hatda öz uly ogly Rezaguly hanyñ hem gözüni oýdyrýar.

Nedir şah Kafkaza, Dagystana, Bagdada, Hyrada, Gandahara, Hindistana, Buhara, Hiwa harby ýörişler geçirip, ägirt Uly emperiýa döredýär. Nedir şahyñ asly Türkmen bolsa-da onuñ Türkmenler barada ýöreden syýasaty Eýranyñ öñki Şahlardan tapawotlanmandyr

Ol Türkmenleri boýun egdirmek üçin olara örän rähimsizlik we zalymlyk bilen darapdyr. Şu ýagdaýlar bilen baglanşykly Eýran taryhçasy mürze mehdi han Astrabady özüniñ "Taryhe Naderi" (Nediriñ taryhy) atly kitabynda Türkmenler dogabitdi, tebigi petneçi, gozgalañçy adamlar hökmünde nädogry baha berpdir. Nedir şah Horasan we Hiwa Türkmenlerniñ üstüne telim gezek gandöküşikli harby ýörişleri geçiripdir.

Ol ilki bada Abiwert töwereklerindäki gallalary basyp alýar. Ondan soñ Nedir Mara tarap ugraýar, ýöne Tejen derýasyndan geçip bilmän, Sarahsa tarap sowulýar we ony eýeleýär. Sarahsy alandan soñ, Durana gelip gozgal- añ eden Türkmenleri gyrgyna berýär. Soñra ýene-de Mara ýöriş edip, ol ýerdäki "Tatarlaryñ" (Türkmenleriñ bir tiresi) üstüne hüjüm edip, şähri basyp alýar.

Nedir şah Amyderýa boýunda ýaşan Türkmenlerede gün bermändir. Onuñ Marydaky goşunlary Kalbaly hanyñ baştutanlygynda Çärjew, Kerki Türkmenleriniñ üstüne çozup, gyryp, malgaralaryny talapdyr. Şeýle-de bolsa, Türkmenler Nedire boýun egmändir. Yzygydyrly gozgalañ turuzyp durupdyrlar. Salgydy hem doly tölemändirler.

Halk arasynda ýaýran gürrüñlere görä, dag etek Türkmenleriniñ Nedir şanyñ zulmyna garşy herketlerine keýmir kör ýolbaşçylyk edipdir. Keýmir kör özüniñ örän akyllylygy, ugurtapyjylygy, batyrlygy, delewarlygy bilen tapawotlaypdyr.

Ol akyl paýhas bilen öz halkyny köp sanly pyjygaly wakalardan, gyrgynçylykdan aman saklamagy başarypdyr. Şoña görä-de, Keýmir kör hakyndaky rowaýatlar, gürrüñler halk arasynda biziñ günlerimize çenli dowam edip gelýär.

Nedir şah hytaýy basyp almak üçin ýörişe taýýarlanyp ýörkä, dildüwşük netijesinde öz afşar garyndaşlary tarapyndan 1747nji ýylyñ iýun aýynda Maşadyñ golaýynda öldürülýär.

Netijede, Nedir şanyñ şeýle gysga möhletde, çaltlyk bilen guran emperýasy özi öldürlendensoñ, öñkisi ýaly çyltlyk bilen darganýar.