Abdulla Kadyry
Abdylla Kadyry (lakamy:Kadyry, Julkunbaý) - 1894-nji ýylyň 10-njy aprelinde Daşkentde dogulýar. Kadyry musulman mekdepde (1908-12), rus-tuzem mekdebinde (1916-17), Moskwadaky edebiýat kursunda (1925-26) okap bilim alýar.Ýaşlygyndan arap, pars we rus dillerini öwrenýär. Jahan edebiýatyny uly gyzyklanma bilen okaýar. Onuň "Öten günler", "Mährapdan içýan" ýaly dünýä meşhur romanlary bardyr.
Ömri we döredijiligi
[düzet | çeşmäni düzet]Maşgalasy garyplaşanlygy sebäpli çagalygyndan agyr zähmet çekmäge mejbur bolýar, dürli kespleri eýeleýär, ýerli söwdagärlere kätiplik edýär (1907-15). "Azyk işleri" gazetinde redaktory (1919), "Muştum" žurnalynyň esaslandyryjylarynyň biri we redaksiýasynyň agzasy bolup iş alyp barýar(1923-26).
Kadyrynyň türkmen edebiýatyna täsiri
[düzet | çeşmäni düzet]Eger A.Kadyry «Mährapdan içýan» romanyndäki baş gahrymanlary— Enwer we Rana obrazlary arkaly XIX asyr sosial düzümiň adalatsyzlygyny, baýlar, ruhanylar we kazylaryň parahorlygy we ikiýüzlemeçiligini, ahlaksyzlygy sebäpli Enwer we Rana meňzän ýaş ýürekleriň päk söýgüsi aýak asty edelendigini beýan etse, Hydyr Derýaýewiň «Tagdyr(Ykbal)» romanynda bu tema eseriň baş gahrymanlary Berdi we Uzugyň durmuş ýoluny beýan etmek fonunda öz aňlatmasyny tapdy. H.Derýaýew hem özbek ýazyjysy ýaly belli sosial synpyna degişli adamlar durmuşyny görkezip bermek arkaly XIX asyr feodalizm döwri, synpy göreşiniň iň ýiti wagtyndaky türmen halky taryhynda bolup geçen hadysalary giň teswirlemäge sezewar bolupdyr. Umuman alanymyzda, A.Kadyrynyň taryhy temada ýazylan eserleri Hydyr Derýaýewiň döredijiliginiň şekillenmeginde, onuň proza žanrynda ýokary mertebä göterilmeginde ussatlyk mekdebi wezipesini ýerine ýetirýär. Şol sebäpli Hydyr Derýaýew Abdulla Kadyryny halypa saýyp, onuň adyny horat bilen dile alýar.