Ýüplük

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ýüplük - bu inçe, çeýe, berk we kesgitli uzynlygy bolmadyk jisimdir.

Ỳüplügiň gurluşynyň esasy görkezijileriniň arasynda bu daşky görnüşidir. Ỳüplükleriň gurluşy gaty üỳtgeşik bolup biler. Şol üỳtgeşiklikler ỳüplügiň niỳetlenilişine görä ỳörite girizilip bilerler. Ỳöne köplenç olar işleniş usullaryna bagly bolỳar. Mysal üçin şu wagt ring ỳüplüge meňzeş ỳüplügi täze egirme usullar boỳunça öndürmek henizem mümkin däl. Şu wagta çenli ring ỳüplük nusga hökmünde standart ỳaly deňeşdirmeler üçin ulanylỳar. Ỳüplügiň gurluşy esasan çig mala, egirme usulyna, egirme ulgamyna, egriji maşynyň sazlanyşyna, towlulygyna we başgalara bagly. Ỳüplügiň gurluşy açyk/ỳapyk, uly göwrümli/dykyz, ỳylmanak/gödek/tüỳli, ỳumşak/gaty, tegelek/tekiz, inçe/ỳogyn we ş.m. boup biler.

Ỳüplügiň gurluşy diňe daşky görnüşine täsir etmeklik bilen çäklenmeỳär. Ol elläniňde ỳakymlylyga, berklige, süỳnmekligine, izolirleỳjilik ukybyna, örtme güỳjüne, garşylyk güỳjüne, sürtülmä bolan garşylygyna, boỳajylyk ukybyna, süỳümleriň uzynlygyna toplanmaga ukybyna, ulanmaklyga amatlylygyna we ş.m. ỳagdaỳlara täsir edỳär.

Egirme usulyna baglylykda ỳüplügiň şeỳle tapawutly gurluşy bolup biler.

Dürli egirme usullarynda ỳüplükleriň gurluş aỳratynlyklary.

Hil görkezji        
Ýüplügiñ hiline edýän täsiri

1. Ştapel uzynlyk

Egirijilik ukyby

2. Süýümiñ berkligi

Ýüplügiñ berkligi

Üzülmeler az bolýar

3. Inçelik

Has inçe ýüplükleri egirmäge ukyby

4. Ýetişikligi

Ýüplügiñ berkligi we birsydyrgynlygy

Has gowy boýajylyk ukyby

5. Özge maddalar (hapa)

Az galyndy

6, Deñölçeglilik gatnaşygy

has ýokary öndürijilik we birsydyrgynlyk

7. Uzalma

Has az üzülmeler bolýar

8, sürtülme

Ýüplükde süýümleriñ biri-birine ýapyşyp bitewi saklanmagy

9. synp (sort)

Ýüplügiñ daşky görnüşi

10.şirelik

Süýümleriñ ýelmeşip saralmasy, dykylmalar

Boýamakda meseleler

11. Rd ýagtylyk

Ýüplügiñ ýalpyldysy

12. +b sarylyk

Ýüplügiñ daşky görnüşi

13. nepsler

Ýüplügiñ nepsligi

14. Çyglyk

Egirme şertlerine täsir edýär.

Pagta üçin 8,5% çyglyk amatly

Süỳümleriň kämil ỳerleşdirilişiñ tertibi.

Süỳümleriň berkligini doly ulanmak üçin, ỳüplüginiň daşky görnüşini gowylandyrmak üçin we ỳüplügi elläniňde ỳakymly bolmagy üçin süýümlerde şu şertleri döretmeli:

- gowy göneltmeli (ugrukdyrmaly);

- gowy paralleleşdirmeli;

- süỳümleriň uçlary biri-birine görä tertipli ỳerleşer ỳaly etmeli (-nji b. surat);

- dürli uzynlykly süỳümleriň toparlary deň düşer ỳaly etmeli (-nji a. surat);

- tutuş süỳümi, ỳagny süỳümiň iki ujynam ỳüplügiň içine birleşdirmeli;

Ondan soň ỳüplük öndürilende hiç ỳelimleỳji maddalar ulanylmasa, süỳümleriň käbirleriniň spiral şekilli bolar ỳaly etmeli. Sebäbi ỳüplügiň ahyrky durnuklylygy we berkligi onuñ düzümindäki süỳümleriň ỳüplügiň içeri tarap edỳän basyşy bilen kesgitlenỳär. Şol ýagdaýy diňe tow bilen döredip bolỳar.


Süỳümleriň ỳüplügiň içinde bir ỳerden başga ỳere göçmesi.

Häsiỳetleri tapawutly bolan süỳümler ỳüplügiň içinde dürli ýerleşiş ỳagdaỳlaryny alỳarlar. Bir ỳerde ỳygnanmaklyk hadysasy köplenç çekimde bolup geçỳär. Şonda uzyn süỳümler köplenç önümiñ içinde süýşüp içräkde ỳerleşỳärler. Sebäbi olaryň sürtülmesi ỳokary bolỳar. Çekim bolup geçende olar öz sürtülme güỳji bilen çekime garşylyk berỳärler we önüm süýndürilende içräkde galỳarlar. Gysga süỳümler bolsa köplenç ỳüplügiň daşyna göçüp ỳerleşỳärler. Bu ỳagdaỳa süỳümleriň göçmesi (bir ỳerden başga ỳere geçmegiñ hadysasy ) goşmaça täsirini edỳär. Çünki süỳümler sapagyñ içinde mydamada ilki başda duran ỳerlerinde galmaỳarlar. Daşky gatlaklardaky güỳçli süỳnen süỳümler beỳleki az süỳündirilen süỳümleri içine gysỳarlar. Göçmegiň ugry daşyndan içe we ters taraplara bolup geçer. Bular ỳaly göçme hadysasy elbetde ỳüplügiň emele gelmeginiň dowamynda kän ỳüze çykỳar, ỳöne buña meñzeş ỳagdaỳ ỳüplük emele gelenden soň hem ỳüze çykyp biler. Haçanda ỳüplüge az güỳç bilen agram salynsa, ỳagny ỳüplük bükülende, süỳündirilende we şoňa meňzeş ỳagdaỳlarda ỳüplügiň içindäki süỳümler süỳündirilỳär, bu bolsa olaryň göçmegine getirỳär. Meselem: gysga süỳümler daşyna çykmaga ymtylỳarlar. Daşyna çykanlaryndan soň, olar köplenç sürtülende bölünip aỳrylỳarlar, ýitýärler. Käbir süỳümler ỳüplügiň içinde göçenlerinde öz spiral şekilli ỳerleşiş tertibini ỳitirỳärler. Süỳümler näçe gysga bolsalar we tertipsiz ỳerleşseler bu ỳagdaỳ has anyk ỳüze çykỳar.

Ỳüplügiň içinde süỳümleriň göçmesi uzynlykdan başga maỳyşgaklyga, gatylyga, inçelige we eplenmegine baglydyr. Gysga, gödek we gaty süỳümler ỳüplügiň içinden daşky gatlaklaryna çykỳarlar. Şol bir wagtda uzyn, inçe we çeỳe süỳümler içine tarap hereket edỳärler. Gaty eplenen süỳümler köplenç daşky gatlaklarda ỳerleşỳärler, sebäbi olar ỳüplügiň içine mäkäm birleşdirilmegine has uly garşylyk görkezỳärler. Süỳümleriň göçmesini garyndylar düzülende hökman hasaba alynmaly.

Önüme berklik bermek.

Aỳry süỳümlerden durỳan ỳüplügiň berkligini üpjün etmek üçin her bir süỳümiň berkligi başga süỳüme geçer ỳaly etmeli. Onuň iki sany ỳoly bar: ỳelimlemek we tow bermek.

Süỳümiň öz berkliginiñ doly ulanmagyny üpjün etmek üçin diňe ỳelimleỳji maddalary ulanmaly bolỳar. Bu usul meselem Twilo-Prosesinde ulanylỳar. Ỳelimlemek üçin ỳelimi ỳa-da ỳapyşdyryjy süỳümleri ulanmaly. Bu usuly diňe bazaryň kiçijik bir bölegi üçin niỳetlenen ỳüplükler öndürilende ulanylyp biler. Şonuň üçin süỳümlere tow bermek şu wagt hem geljekde berklik bermegiň esasy usuly bolup galar.

Süỳümler towlananda süỳnỳärler we ỳüplügiň içine basyş edỳärler. Basyş ỳokarlananda süỳümleriň arasyndaky sürtülme güỳçleri köpeler, netijede süỳümler ỳüplügiň içinde biri-birine talaba laỳyk berk birleşdiriler.

Emma önümiň içindäki süỳümler ỳelimlenip ỳapyşdyrylmasa, her aỳry süỳümiň berkligi doly ulanylmaz. Ỳüplügiň içinde tow arkaly birleşdirilen süỳümleriň diňe 30-70 % berkligi peỳdalanylỳar.

Towuň ugry çepe we saga edilip bilỳär. Towuň ugry Z ỳa-da S harpy bilen bellenilỳär. Gysga ştapel egirmede köplenç Z towy ulanylỳar.

Tow we berklik.

Aỳry we kesgitli uzynlykly süỳümleri towlamak arkaly alynan sapagyň berkligi towuň ulalmasy bilen bilelikde ulalỳar. Towlaryň sany bilen ỳüplügiň berkliginiň arasyndaky aragatnaşyk aşakdaky -nji suratda görkezilen.

Suratdan görnüşi ỳaly egri çyzygyň aşakky böleginde berklik diňe typma sürtülme bilen saklanỳar, ỳagny bu ỳerde sapak süỳündirilende süỳümler typyp açylarlar. Ỳapyşdyrma sürtülmesi egri çyzygyň ỳokardaky böleklerinde ỳüze çykỳar. Bu ỳerde süỳünme we basyş has ỳokary bolỳar. Şeỳlelikde has az sanly süỳüm biri-biriniň üstünden typỳarlar, has köp süỳüm üzülỳär. Bu ỳagdaỳ belli derejä çenli dowam edỳär. Şol derejä ỳeten ỳagdaỳynda her aỳry süỳümiň berkligi iň amatly şekilde ulanylỳar. Bu ỳerde bolýan towa kritiki tow diýilýär. Kritik tow derejesinden geçenden soň, berklik pese düşüp başlaỳar. Çyzgydan görnüşi ỳaly şol iň ỳokary dereje (C) ỳagny kritiki tow ulanylýan çig mala baglydyr.

F – berklik, T/m - ỳüplügiň 1 metrinde towlaryň sany, Co – pagta üçin, Pes – poliester.

Adatça ỳüplüklere kritiki towdan azrak mukdarda tow berilỳär (A – örme trikotaž ỳüplügi üçin, B – eriş ỳüplügi üçin). Diňe krep ỳaly ỳörite ỳüplüklere kritiki towdan has uly mukdarda tow (D) berilỳär.

Iň ỳokary berklik berỳän towuñ derejesinden pes towy saỳlajak bolmaly, sebäbi olar ỳaly ỳokary berklik köplenç gerek däl. Beỳleki tarapdan önüme juda köp tow berilse, ol gaty bolar, egirme maşynyň öndürijiligi hem pese gaçar. Onuň sebäbi şu aňlatmadan çykỳar:

Ỳüplügiň towy = igiň aỳlaw tizligi [aỳl/min]/çykyş tizligi [m/min];

         Ikleriň tizligi häzirki zaman egirme önümçiliginde şonsuzam iň ỳokary derejede. Şonuň üçin towy köpeltmek üçin diňe çykaryş tizligi azaltmaly bolỳar, netijede öndürijilik azalỳar.
Tow berlende ýüplügiň uzynlygynyň we ininiň üỳtgemesi.
         Ỳüplüge tow berlende süỳümler beỳleki süỳümleriň daşynda spiral görnüşde bükülmeli bolỳarlar. Şonuň üçin süỳümler süỳünỳärler. Süỳümler süỳnende maỳyşgaklyk güỳçler olary öňki ỳagdaỳyna getirjek bolýarlar. Bu bolsa öňki ỳagdaỳyna gaỳtmagyna ymtylỳan süỳümlerde sapagyñ içine tarap ugrukdyrylan basyşy döredỳär. Içere bolan basyş ỳüplügiň merkezlerinde has ỳokarydyr. Ol süýümleriñ güỳçli gysyşyna we ỳüplügiň ỳokary dykyzlygyna sebäp bolỳar. Gysyjy güỳçler ỳüplügiň diametriniň kiçelmegine getirỳär. Diametr bolsa towa ters proporsional bolỳar. Süỳümler ỳüplügiň ok ugruna görä ỳapgyt ỳerleşen we güỳçli gysylan ýagdaýda bolandygy üçin ỳüplügiň uzynlygy hem kiçelỳär. Egirme prosessiň dowamynda ỳüplügiň uzynlygynyň gysgalmak hadysasyna towdan gysgalma (ukrutka, twisting-in) aỳdylỳar. Bu ỳerden çykarylỳan ỳüplügiň uzynlygy hiç haçan egriji maşynyň çykaryş tizligine (metr minutda) deň bolmaỳar. Towdan gysgalma derejesi çig mala we towlaryň sanyna baglydyr.
         4. Towuň aňlatmasy.
         Süỳümler ỳüplügiň içinde spiral şekilli ỳerleşdirilip, oka görä belli ỳapgytlyk burçy bilen gyşararlar. Ỳüplügiň içindäki towly süỳümiň ỳapgytlyk burçy näçe ỳokary bolsa, şonçada berklik ỳokary bolar, bu ỳerden şeỳle gatnaşygy alyp bolar:

bu ỳerde:

α

- towuň koeffisiỳenti;

N

- ỳüplügiň nomeri;
         Towuň koeffisiỳenti we nomeri biri-birine gabat gelmeli. Dürli ölçeg ulgamlarda tapawutly görkezijiler ulanylỳar. Meselem: iňlis we metrik nomerler, Teks ulgamlary üçin  degişlilikde αe ,αm ,αT ulanylmaly.

Tekstil barada okuw web-site link: http://www4.ncsu.edu/~bovezmu/ Archived 2016-03-05 at the Wayback Machine

Edebiýatlar - References W.Klein, Short-staple spinning series 1995 Миловидов Н.Н., Фаминский П.П., Шишкунова Е.Н. Проектирование хлопкопрядильных фабрик. М.: Легкая и пищевая промышленность 1983 Справочник по хлопкопрядению. М.: Легкая индустрия 1987 Власов П.В., Сурнина Н.Ф. Проектирование ткацких фабрик. М.: Легкая индустрия 1983 Бадалов К.И., Жоховский В.В., Осьмин Н.А. Прядение хлопка и других текстильных волокон. Москва 1980. Bülent Gemici. Pamuk iplikçiligi ders kitabı. Bornova/İzmir 1999