Mazmuna geçiň

Süýümiň uzynlygy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

1. Çig malyň häsiỳetnamasy. Uzynlyk.

2. Ştapel diagrammasy.

3. Süỳümiň inçeligi barada düşünje.

4. Süỳümiň berkligi barada düşünje.

1. Çig malyñ häsiýetnamasy. Uzynlyk.

Çig mal ýüplügiñ özüne düşýän gymmatynyñ 40-70 % tutýar. Şeýlelikde çig mal bu egirmeçiler üçin möhüm bir zatdyr. Adatça egirmeçiñ ýetmezçiliksiz kämil çig maly almaga mümkinçiligi ýok, sebäbi ol juda gymmata düşerdi. Emma juda arzan çig mal alnanda köplenç çykdajylar tersine köpelýär, sebäbi egirme kärhanalarda pes hilli material işlenende uly kynçylyklar ýüze çykyp bilỳär. Amatly bahada ýokary hilli çig maly saýlamak üçin materialyñ häsiýetlerini gowy öwrenmeli. Aşakda egirmeçi üçin möhüm bolan esasy hil görkezijiler we olaryñ özara gatnaşygy görkezilen.

Uzynlyk süỳümiň üç sany esasy häsiýetleriñ biridir. Ol täsir edýär:

· Egirmeklige bolan ukyba

· Ýüplügiñ berkligine

· Ýüplügiñ düzgünligine

· Öwüşgenlige

· Ýüplügiñ tüýlüligine

· Öndürijilige

Süýümiñ uzynlygy laýyk bolsa ol öndürijilige gowy täsir eder, sebäbi üzülmeleriñ sany azalar, galyndylaryñ mukdary we ýüplüge bermeli towlaryñ sany azalar, egirmekligiñ şertleri gowulanýar.

Süýümleriñ uzynlygy 4–5 mm çenli bolsa olar önümçilikde galyndy we tozan bolup ýitýärler. Uzynlygy 12–15 mm çenli bolan süýümler ýüplügiñ berkligine hiç ýardam etmeýärler, olar diñe ýüplügiñ içini doldurýarlar. Diñe şu görkezilenlerden ýokary uzynlykly süýümler ýüplügiñ häsiýetlerine peýdaly täsir edýärler.

Satyn alnan pursatyndaky süýümiñ uzynlugy önümçilikde kiçelýär. Darak maşynda işlenenden soñ süýümiñ kiçelip biljek uzynlygyny bilmek zerurdyr. Daramaklykdan soñ juda gysgalmaýan häsiýetli süýümleri saýlajak bolmaly.

Egirme önümçiliginde süỳümler öz uzynlygyna görä iki sany uly topara bölünýär:

· Gysga ştapel süýümler – uzynlygy 60 mm-den kiçi bolan sýümler. Bu topara degişli esasy süýüm pagtadyr. we süỳümler girýärler.

· Uzyn ştapel sqmler – uzynlygy 60 mm-den uly bolan süỳümler. Bu topara degişli esasy süýüm ýüñdir.

Himiki süýümler hem-de ýüpek galyndylardan alnan süỳümler öz kesgitli kesilen uzynlyklaryna baglylykda gysga-ştapelli we uzyn-ştapelli bolup bilerler. 

Işlenilýän süỳümileriñ görnüşine baglylykda egirme enjamlar we kärhanalar dürli bolýarlar. Gysga ştapel egirmede pagta we himiki sqmler bqn garyndylary işlenýär. Uzyn ştapel egirmede ýüñ we himiki süỳümler bilen garyndylary işlenýär.Ýüpek galyndylar uzyn-ştapel egirmede işlenilýär. 

2. Ştapel diagrammasy.

Tebigy süýümleriñ uzynlyklary başyndan biri-birinden tapawutly bolýar. Meselem pagta süýümiñ uzynlygy hatta gozañ içinde deñ bolmaýar, ýüñ we ýüpek süýümlerde bu tapawutlar has aýdyndyr. Süýümler ilkinji işlenip bejerilende köp süýümler ýenede gysgalýar (meselem arssalananda ýa-da pagta süýümi çigitden aýyrylanda). Netijede uzynlyk süýümleriñ iñ gaty üýtgäp biljek häsiýetine öwürilýär. Eger ele süýümleriñ bir bölejigi alynsa onuñ içinde iñ kiçi (2mm) hem-de iñ uzyn süýümleri tapyp bolar. Süýümiñ görnüşine baglylykda iñ uly uzynlyk pagta üçin 60 mm, yüñ üçin 200 mm, ýüpek üçin 1500 mm ýetip biler. Eger bu bölejigiñ süýümleri uzynlyklaryna görä saýlanyp tertipleşdirilse, göneldilse we uçlary bir tarapyndan deñleşdirilse nomerlik ştapel diagrammasy emele geler.

1-nji surat. Pagta süýüminiñ nomerlik ştapel diagrammasy.

L – süýümiñ uzynlygy;

Eger her uzynlyk toparynyñ agramy hasaba alynsa agram-esasly ştapel diagramma emele geler.

2-nji surat. Pagta süýüminiñ agram-esasly ştapel diagrammasy.

L – süýümiñ uzynlygy;

Bu diagrammañ egri çyzygy nomerlik diagramma garañda has ýokarda ýerleşỳär, sebäbi uzyn süýümler gysga süýümlerden has agyr bolup diagramma has uly täsir edýärler. Agram esasly diagramma ýüplügiñ kese-kesiginde süýümleriñ ýerleşmegini gowy beýan edýär, şonuň üçin ony ýüplüge degişli hasaplamalarda ulanmak amatly.

Nomerlik diagrammasy bolsa, süýümleriñ düzümini gowy görkezýär, ýagny onda gysga süýümleriñ mukdary anyk görünýär. Şonuň üçin nomerlik diagramma seredip, süýümleriñ işleniş häsiýetleri barada baha bermek bolýar.

Nomerlik we agram-esasly diagrammalary özara şeýle gatnaşdyryp bolýar:

La = LN + s2/LN ; (1)

bu ýerde:

La

- agram-esasly diagrammasyndan alnan ortaça ştapel uzynlyk;

LN

- nomerlik diagrammasyndan alnan ortaça ştapel uzynlyk;

S

- süýümleriñ paýlanmasynyñ standart gyşarmasy;

Süýümleriñ materialyna baglylykda diagrammalaryñ esasy 5 sany şekili bolup biler.

3-nji surat. Göniburçluk ştapel.

Gönuburçlyk ştapel şekili diñe sintetik süýümler bilen mümkin bolup biler.Hemme süýüm deñ uzynlykly bolan üçin hiç hili uzynlyk üýtgemeleri ýok. Bular ýaly material kämil görünip bilerdi emma bu ýalñyş pikir. Materialyñ seyle deñligini soñuna, ỳagny ýüplüge çenli saklap bolanok, sebäbi süýümler egirme kärhanalarda işlenende gysgalýarlar (aýratynda darak maşynda). Beýleki tarapdan egirme maşynlar birmeñzeş süýümleri işlemäge ýaramaỳarlar.

Meselem: çekim abzallarda deñ uzynlykly süýümler hersi aýry däl, topar-topar bolup süýşerler. Netijede önümiň düzgünsizligi ýokary bolar.

4-nji surat. Üçburçluk ştapel.

Üçburçluk ştapel süỳümli materialy eýýäm işläp bolýar, emma onuñ düzüminde juda köp gysga süýüm bolar. Çekim abzallarda süýümler hereket edenlerde gysga süýümleri gözegçilik astynda saklamak gaty kyndyr.

Olar erkin hereket edip soñunda önümiň uly düzgünsizliklerine getirýärler. Soñ gysga süýümler ýüplügiñ içine gowy girmeýärler, daşyna çykýarlar, ýitýärler, maşynlarda we enjamlarda galyndylary we tozgalary köpeldýärler. Sapagyñ daşyna çykyp duran gysga süýümleriñ uçlary ýüplügiñ tüýlüligini artdyrýarlar.

5-nji surat. Trapesiýa şekilli ştapel.

Bu öndürijilik üçin iñ gowy ştapel görnüşi. Egri näçe tekiz bolsa, şonça-da gowy. Emma tekiz egri şekilli ştapeliñ bahasy köplenç gaty gymmata düşỳär (ỳokary hilli çig malyň bahasy ỳokary bolỳar).

6-njy surat. Basgançakly ştapel.

Eger dürli uzynlykly süýümli materiallar ýalñyşlyk bilen garyşdyrylsa basgançakly ştapel egrisi emele geler. Edil göniburçluk diagramma meñzeşlikde süýümler topar-topar bolup hereket ederler. Deňölçeglilige zyýanly täsir ediler.

7-nji surat. Fibrogramma.

Ştapel diagrammalardan daşary Fibrogramma hem ulanylýar. Ştapel diagrammada süýümler bir ujyndan deñleşdirilse, Fibrogrammada olar hiç tertipsiz, çeninden, bir çyzyk boýunça gysylýarlar. Ştapel diagrammada süýümleriñ tertipli, bir ahyryndan deñ bolan ýagdaýda ýerleşmesi emeli döredilen, bu ýagdaý durmuşda, öndürijilik şertlerinde hiç haçan duş gelmez. Emma Fibrogramma süýümleriñ silindrlerde gysylan ýagdaýyny gowy beýan edýär. Fibrogramma Digital-Fibrograph atly abzalda gurulýar. Fibrogrammadaky uzynlyklar geçen-uzynlyk ýaly kabul edilýär, ýagny belli aralykdan soñ alanan uzynlyk ýaly.

-nji surat. Süýümleriñ ştapeliniñ el bilen taýýarlanylyşy.

-nji surat. Pagta süýüminiñ el bilen taýýarlanan ştapeli.

-nji surat Ýüplügiñ kese kesiginde inçe süýümleriñ has köp sanynyñ ýerleşişi.

3. Süỳümiň inçeligi barada düşünje.

Inçelik hem süýümleriñ üç sany esasy häsiýetleriñ biridir. Inçelik ýüplükleriñ kese kesiginde näçe sany süýüm sygyp bilýändigine täsir edýär. Kese kesikde näçe köp süýüm bolsa, şonça-da berklik ýokary bolar. Ýüplügiñ kese kesiginde azyndan 30 sany süýüm bolmaly, ýöne adatça olaryñ sany ýüzden ýokary bolýar. Täze egirme usullaryñ hemmesi üçin kese kesikde bir ýüz sany süýüm rugsat edilen aşakky çägidir. Şonuň üçin geljekde süýümleriñ inçelik häsiýetiniñ ähmiýeti has artar.

Süýümleriñ inçeligi şu aşakdaky hil görkezijilere uly täsir edỳär:

· Ýüplügiñ düzgünligi;

· Ýüplügiñ dolylygy;

· Egirmeklige bolan ukyplylygy;

· Ýalpyldy;

· Öndürijilik;

Süýümler inçe bolanda üzülmeler azalýar, ýüplüge bermeli towlaryñ sany azalýär, umuman egirmekligiñ şertleri gowulanýar. Şonuň üçin ỳalpyldysy hem artar.

Deň däl hilli süýümler garylanda bir zady ýatdan çykarmaly däl: egirilende has inçe süýümler ýüplügiñ içinde merkeze golaý ýygnalýar, gödek süýümler bolsa tersine daşynda, ýüplügiñ ýüzüne golaý ỳygnalỳar. Eger ýüpek, pagta, wiskoza ýaly inçe süýümler gödek sintetik süýümler bilen garylsa çykarylýan ýüplügiñ häsiýetleri daşyndan sintetik önüme meñzär.

Inçeligiñ ölçegi hökmünde süýümiñ diametri alynyp bilerdi, emma dokma senagatda bu ölçeg ulanylmaýar, sebäbi süýümleriñ kese kesigi tegelek däl we ony ölçemek gaty kyndyr. Adatça inçelik agramyñ uzynlyga bolan gatnaşygy ýaly kesgitlenýär.

4. Süýümiñ berkligi barada düşünje.

Berklik köplenç iň esasy häsiýet bolup durýar. Tebigatda süýümleriñ tükeneksiz görnüşi we sany bar, emma olaryñ köpüsi dokma önümçilik üçin ýaramaýar sebäbi olaryñ berkligi ýeterli däl. Dokma süýüm üçin iñ kiçi berklik takmyn 6 cN/tex deñ bolmalydyr. Süýümler ýüplügiñ içinde tow arkaly birleşdirilýär şonuň üçin ýüplükler materialyñ berkliginiñ diñe 30-70% ulanýarlar. Şeýlelikde ýüplügiñ iñ az berkligi takmyn 3 cN/tex deñ bolmalydyr.Ýüplügiñ berkligi süýümiñ berkligi bilen göni baglylykda üýtgeýär. Süýümleriñ berkliginiñ ähmiýeti geljekde artar sebäbi köne usullara garañda täze egirme usullaryñ köpüsi materialyñ berkligini has pes derejede ulanýarlar.

1-nji jedwel. Esasy möhüm üzülme berklikleriñ bahalary.

Poliester (poliefir)/poliamid

30-70 cN/tex

Zygyr

50-70% cN/tex

Ýüpek

25-35%cN/tex

Pagta

15-40 cN/tex

Ýüñ

12-18 cN/tex

Poliesterden daşary hemme süýümleriñ berkligi çyglyga bagly. Muny önümçilikde we tejribehanalarda bilmek zerurdyr. Süýümiñ çyglygy amatly howa şertlerine we şol howada näçe wagt saklanýandygyna bagly bolỳar. Şonuň üçin dokma önümçilikde howa ỳelijiredilỳär (kondisionerlenýär). Pagtañ, zygyryñ we ş. m. süýümleriñ berkligi çyglyk bilen artýar. Wiskozañ, poliamid süýümiñ, ýüñüñ we ýüpegiñ berkligi bolsa çyglygyñ artmagy bilen tersine kiçelýär.

Tekstil barada turkmence web-site linkler:

Okuw web-site - http://www4.ncsu.edu/~bovezmu/ Archived 2016-03-05 at the Wayback Machine

Pagta barada - "http://tk.wikipedia.org/wiki/Pagta"

[1]

Edebiýatlar - References W.Klein, Short-staple spinning series 1995 Миловидов Н.Н., Фаминский П.П., Шишкунова Е.Н. Проектирование хлопкопрядильных фабрик. М.: Легкая и пищевая промышленность 1983 Справочник по хлопкопрядению. М.: Легкая индустрия 1987 Власов П.В., Сурнина Н.Ф. Проектирование ткацких фабрик. М.: Легкая индустрия 1983 Бадалов К.И., Жоховский В.В., Осьмин Н.А. Прядение хлопка и других текстильных волокон. Москва 1980. Bülent Gemici. Pamuk iplikçiligi ders kitabı. Bornova/İzmir 1999