Üçünji Garagum urşy
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
Üçünji Garagum urşy
1929-njy ýylda zorluk astynda geçirilýän uçdan tutma kollektiwizasiýasynyň başlanmagy bilen ýene-de ýaraga ýapyşanlaryň sany köpeldi.
Basmaçy toparlarynyň uly birikmesine indi Şaltaý batyr ýolbaşçylyk edýärdi. Asla il arasynda aýdylyşyna görä Jüneýit han serhetden geçjek bolanda Şaltaý batyr gara kelläni togalaýmasalar atdan düşmejekdigine oňa kasam edipdir. Şonuň üçinem onuň goşunyna beýleki okurukdakylardan basmaçy toparlarynyň wekili-de gelip gidýärler.
1929-njy ýylyň Maý aýynyň 5-7-sinde de Owganystanyň Hyrat şäherinde ýerli feodal- klerikal hereketiniň baştutany Bäçe Sakannyň Jüneýit hanyň özara Buhara emiri Seýitaly hanyň hem-de Iňlis ofiserleriniň gatnaşmaklarynda maslahat bolup geçdi. Maslahatda şura hökümetine garşy göreşýän basmaçylara kömek bermek üçin üç sany topar döredildi. Şolaryň ikisi Türkmenistana ýagny, Lebaply döwlet serdaryň 75- atlysy Kerki Çärjewe Eşihanyň Mämmetaly hanyň 130 atlysy Tejene soňra Daşoguza iberildi. Emele gelen toparlar birnäçe gezek serhetden geçip tanbşyrygy berjaý etdiler.
1930-njy ýylda Şaltaý batyr Ýylanly etrabynyň Gökleňňer obasynda eden gyzgynçylygynda agyr ýaraglanýar we aradan çyýar.
Şaltaý batyr ölenden basmaçylardan soň Ahmet beg ýolbaşçylyk edýär. 1931-nji ýylda Türkmenistanda birleşen uly basmaçy toparlary emele geldi. Olar öz aralarynda Garagumyň merkezi guýulary arkaly gatnaşyk saklaýardylar. Ol toparlar raýon merkezlerine, obalara dökülip dürli sowet edaralaryny otlaýarladylar, kolhozyň mallaryny sürüp, “Kapyrlardan” öç alýardylar. Çarwa ilatyň arasynda ýykgynçylyk hasam güýçli boldy.
TK (b) PMK-sy we TSSR HKS garaguma ýagny basmaçlara garşy harby syýasy ekspidisiýa ibermegi karar etdi, ştab döwlet boýunça bäş müňe golaý atlyny özünde jemleýän basmacy toparlaryny gyryp, soňuna çykmagynyň planyny düzdi.
1931-nji ýylyň Sentýabr aýynyň başynda garagumda ýene-de uruş başlandy. Gyzyl Goşun bölümini bir wagtyň özünde Türkmenbaşydan, Bereket, Tejen, Mary, Hywa we Daşoguzdan basmaçlara garşy hüjüme gecdiler. 8-nji aýratyn türkmen atly brigadsasynyň beýleki goşun bölümleriniň esgerleri harby uçarlaryň kömegi bilen bary ýogy on güniň içinde basmaçy toparlarynyň derbi dagyn etdiler. Öňunde soňunda bolmadyk gyrgynçylyk boldy. Diňe basmaçylar däl eýsem olary penalan hökmünde gumly edaralarda gan ýutdylar. Şeýle keç ykbally obalarynyňam biir Keltegoňur bolmaly.
Keltegoňur gyrgynçylygynda 56 adam sehit boldy.
1931-nji ýylda garagumda gopan kyýamatdan soň basamçylar doly amala gelmedi. Eýýam 1932-nji ýylyň ahyrlarynda Türkmenistanda hersinde ortaça 20-25 atylysy bolan 28 sany basmacy toparlary herket edyärdi. 1933-nji ýylyň ortalaryna çenli olaram dargadyldy. Ýöňe şonda-da iň soňky basmaça çenli “Gyryp gutarmakly” bolşewikere başartmady. Olaryň käbir galyndylary soň – soňlaram tä 1935-1936 ýyllara çenli göreşi dowam etdirdi. Çünki halkkyň bir böleginde kapyrlaryň zulum zynjyryny gyrmaga, erkin howadan dem almaga ymtyluşy çäksiz güýçlidi. Şeýlelikde üçinji Garagum urşy hem basmaçylaryň ýeňilişi bilen tamamlandy.
Şu agzalýan döwür barada bolsa Mukaddes Ruhnama kitabynda şeýle diýilýär: “20-30-njy ýyllarda munuň özi bolşewikleriň we menşewikleriň arasyndaky sosializm ugrunda görkezmeler we ona garşy çykýanlaryň baýlar we gulaklar diýlip atlandyrylýanlaryň arasyndaky göreşdi” (270sah).