Çakyýew Mämmethan Berdimyradowiç
Çakyýew Mämmethan Berdimyradowiç | |
Doglan wagty we ýeri | 1977 Aşgabat şäheri |
---|---|
Käri | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary |
Milleti | Türkmen |
Çakyýew Mämmethan Berdimyradowiç - Türkmenistanyň döwlet işgäri.
Doglan senesi we ýeri
[düzet | çeşmäni düzet]1977-nji ýylda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Akkel geňeşliginde doguldy. Milleti turkmen.
Bilimi we hünäri
[düzet | çeşmäni düzet]Ýokary bilimli. 1997-nji ýylda Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutyny inžener-ykdysadyýetçi-menejer hünäri boýunça tamamlady. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň ýanyndaky Ýokary serkerdeler düzümi üçin akademiki fakulteti tamamlap, döwlet we harby dolandyryş hünärini ele aldy.
Zähmet ýoly
[düzet | çeşmäni düzet]Zähmet ýoluna 1998-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky «Ahalteke» atçylyk zawodynyň hasapçysy wezipesinde başlady.
1999-2008-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Hojalyk müdirliginde dürli wezipelerde - awtomatizirlenen hasaby toparynyň uly inžener-programmisti, material hasaby bölümçesiniň başlygy, merkezleşdirilen hasaphanasynyň baş hasapçysy, emläk-tehnika we harby üpjünçilik bölüminiň başlygy, hojalyk müdirliginiň başlygynyň orunbasary, hojalyk mü¬dirliginiň başlygy wezipelerinde işledi.
2008-2014-nji ýyllarda Türkmenistanynň Içeri işler ministriniň orunbasary.
2014-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary.
2016-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy.
06.2017-11.04.2018-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory.
11.04.2018-nji ýylda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi.
Döwlet sylaglary we atlary
[düzet | çeşmäni düzet]- «Birkemsiz gullugy üçin» medaly
- «Mälikguly Berdimuhamedow» medaly
- «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja»
- «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» ýubileý medaly
Çeşmeler
[düzet | çeşmäni düzet]Edebiýat
[düzet | çeşmäni düzet]- "Türkmenistan" gazeti, №91 (29027) 2018-nji ýylyň aprel aýynyň 12-si, S.2.