Mazmuna geçiň

Äs-sälämu aleýkum

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Ässälämu aleýkum sahypasyndan gönükdirildi)
Arap kalligrafynda.
Arapça salam berlişi.
«Ās-sälämu aleýkum».
Salama jogap:
«Waleýkumus-säläm».

Ās-sälämu aleýkum (arap. اَلسَّلَامُ عَلَيْكُمُ‏‎‎‎ — gowluk size) arap dilindäki yslam salamy. Salam berlen adam salam berene (‏وَعَلَيْكُمُ ٱلسَّلَامُ‎ — waleýkumus-säläm) «Sizede gowluk bolsun!» diýmeli.

Salamda elleşmek (musafaha)

[düzet | çeşmäni düzet]

Musafaha musulmanlaryň arasynda mähir-muhabbeti görkezýän esaslardan biridir. Ymam Mäligiň «Muwatta» atly kitabyndaky «Elleşiň, kalbyňyzdaky kine aýrylsyn, sowgat beriň, biri-biriňize söýgi döresin, araňyzdaky duşmançylyk aýrylsyn» diýen hadysy muňa aýdyň mysaldyr. Pygamberimiziň: «Salamlaşmagyň soňy musafahadyr» (Suýuti, «Jamy'us-sagir») diýmegi salamlaşmakdan soň elleşmegiň gerekdigini görkezýär. Iki eliň bilen salamlaşmalydyr. Ýöne ýeke eliň bilen salamlaşylsa-da dürsdür.

Pygamberimiz (s.a.w) sahabalary bilen duşuşanda, juma we baýram namazlaryndan soň, şeýle hem bir mesele bilen baglanyşykly mübäreklände musafaha eder eken, (Buhary). Başga bir hadysda Pygamberimiz şeýle diýipdir: «Iki musulman duşuşan wagty musafaha edip, Aziz we Jelil bolan Allahdan biri-birine afuw edilmegi dileseler, entek aýrylmanka Allah Tagala olary bagyşlar», (Buhary, Ebu Dawud).

Aýallar bilen elleşmek ýalňyşdyr. Aýal ýaş we şehwete sebäp boljak ýagdaýda bolsa, onuň bilen elleşmek haramdyr. Ýöne garry aýallar bilen elleşmek bolýar.

Mesjidlerde diňe juma we baýram namazlaryndan soň elleşmek sünnet hasaplanypdyr. Emma mesjidde okalýan, beýleki adaty bäş wagt namazdan soň elleşmek dogry saýylmandyr. Çünki ilki duşuşyp salamlaşanyňdan soň elleşilýär. Häzirki döwürde hem mesjitdäki ähli kişi bilen elleşmek mümkin hem däldir. Emma ýanyňdaky elini uzatsa elleşmelidir.

Nahar iýlip oturylan bolsa, wajyp bir meseläniň maslahaty gidip duran ýerde ýeke-eke elleşip çykmak dogry däldir.

Salamlaşmak

[düzet | çeşmäni düzet]

Salam – duşuşan adamyňyza saglyk we esenlik arzuw etmek diýmekdir. Salam bermek sünnetdir, almak bolsa farzy-kifaýedir. Salam köpçülige berilse, olardan biri salamy alsa, şol farzyň ýerine ýetirildigi bolýar. Eger hiç biri almasa, hemmesi günäkär bolýar. Salam bermek Allahyň buýrugydyr. «Eý, iman edenler, kesekiniň öýüne eýesinden rugsat soraman we salam bermän girmäň», (Nur, 27). Pygamberimiz bolsa: «Iman etmeseňiz jennete girip bilmersiňiz. Biri-biriňizi söýmeseňiz kämil imana eýe bolup bilmersiňiz. Size biri-biriňizi söýdürjek bir zady öwredeýinmi? Araňyzda salamy ýaýyň», (Müslim) diýip ündäpdir.

Salamlaşmagyň iň gözel görnüşi «äs-sälämu aleýkum» diýmekdir. «Sälämun aleýkum» diýilse-de dürsdür. Munuň iki görnüşi hem Kurany Kerimde bardyr (ser. Ra'd, 24; Saffat, 79,130; Taha, 47; Merýem, 33). Salam berlen kişi «We aleýkum-selam» diýip jogap bermelidir. Kurany Kerimde «Salam berlen wagty siz ondan has gözeli bilen şol salamy alyň ýa-da edil şol derejede jogap beriň...», (Nisa, 86) buýrulýar.

Salam bereniňde şu aýratynlyklara üns bermelidir:

  1. Ulagly pyýada, pyýada ýöräp barýan oturana, kiçi ula, azlyk köplüge salam bermelidir, (Buhary). Başga bir hadysda bolsa, «Adamlaryň arasynda Allahyň iň halany ilki salam berýänlerdir», (Ebu Dawud) diýilýär.
  2. Köpüň ýygnanan ýerine barlanda salam berlişi ýaly, gideniňde-de salam berilmelidir. Pygamberimiz: «Sizden biriňiz köpüň ýygnanan ýerine gelende salam berşi ýaly, gidende-de salam bersin... », (Ebu Dawud, Tirmizi) diýipdir.
  3. Salam musulmanyň şygarydyr. Tanasaň-tanamasaň salam bermek iň laýygydyr. Pygamberimiziň ýanyna bir adam gelip: «Yslamyň haýsy işi has gowudyr?» diýip soranda Pygamberimiz: «Tagam iýdirmek we tananyňa-tanamadygyňa salam bermekdir», (Buhary) diýipdir. Emma gynansagam, uly mähelleli ýerlerde muny berjaý etmek kyndyr. Şonuň üçin diňe tanaýanlaryňa, gatnaşyk saklaýanlaryňa salam berseň, bu sünnetiň ýerine ýetirildigi saýylýar.
  4. Aýallara, çagalara hem salam bermek dürsdür. Hezreti Enes (r.a) çagalara duş gelende salam berip: «Resulullah (s.a.w.) hem şeýle edýärdi» diýer eken. Ýezidiň gyzy Esma şeýle gürrüň berýär: «Birnäçe aýal bilen otyrdyk. Pygamberimiz deňimizden geçende, bize salam berdi», (Ebu Dawud). Bir kişä aýalynyň ýanyndaka salam bermek hem dürsdür. Çünki Pygamberimiz itikafdaka ýanyna gelen aýaly Safiýýäni öýüne äkidende, iki sany sahaba Pygamberimize salam beripdir, («Težpidi Saryh»). Diýmek, aýal erkege salam berip bilýär we salamyny hem alyp bilýär. Ýöne, salam berende we alanda aýallar diňe garyndaşyna ýa-da zerurlyk bolan ýagdaýda özgä-de salam bermelidir. Aýal ýolda ýöräp barşyna, her öňünden çykana salam bermegi dürs däldir. Bu pitne döredip biler. Şonuň üçin Hanefi alymlary «Aýal erkege, erkek aýala salam berip biler, ýöne, erkegiň ýaş aýala, ýaş aýalyň erkege salam bermegi mekruhdyr» diýip belläpdir. Telefonda gürleşilende-de şu kada saklansa has laýygydyr. Häzirki döwürde aýallar salamlaşanlarynda diňe «salam» ýa-da «salamälik» diýýärler.

Bolmalysy şu aşakdaky ýalydyr: Eger bir aýal bir aýala salam berjek bolsa: «Sälämu aleýki», birnäçe aýala salam berjek bolsa: «äs-sälämu aleýkunne», aýal-erkek garyşyk ýa-da diňe erkeklere salam berjek bolsa: «Äs-sälämu aleýkum» diýmeli.

  1. Bir kişi öz öýüne girende, öýde hiç kim bolmasa-da salam bermelidir. Pygamberimiz hezreti Enese (r.a) şeýle maslahat beripdir: «Oglum, öýüňe gireniňde salam ber. Şeýle etseň saňa we içeriňe bereket geler», (Tirmizi). Kurany Kerimde bolsa: «Öýe giren wagtyňyz biri-biriňize Allahdan feýiz, bereket, ýagşylyk, gözellik, esenlik bolan salamy beriň», (Nur, 61).
  2. Musulman däller bilen görşülende, Pygamberimiziň musulman däl döwlet ýolbaşçylaryna iberen çakylyk hatlaryndaky ýaly, şeýle hem Kurany Kerimde geçýän görnüşde «Dogry ýola eýerenlere salamatlyk bolsun!». (Taha, 47) diýip salam bermek iň laýygydyr. Eger şeýdip salam bermek olary ynjytjak bolsa, olaryň salam berşi ýaly salamlaşmak has laýygydyr.

Şu ýerlerde we şu kişilere salam berilmeýär:

  1. Hajathana we hammam ýaly hapa ýerdäkilere,
  2. Günä iş bilen meşgullanýana,
  3. Sözüni bölmezlik we ünsi çekmezlik üçin azan okaýana, namaz okaýana, Kuran okaýana, ylym bilen meşgullanýana, söhbet edip oturanlara.

Salgylanmalar

[düzet | çeşmäni düzet]