Wikipediýa:Wikipediýa näme däldir

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Wikipediýa onlaýn ensiklopediýadyr. Wikipediýa, garşylyklaýyn sylag bilen ýokary hilli ensiklopediýa emele getirmegi maksat edinen ynsanlaryň jemgyýetidir. Şeýlelikde, Wikipediýanyň asla öz içine almaýan ýagdaýlary bardyr.

Tär we biçim

Wikipediýa kagyz üstüne çap edilen ensiklopediýa däldir, Wikipediýa elektron ensiklopediýadyr we munuň netijesinde Wikipediýa Ýörelgelerinden daşary Wikipediýanyň öz içine alyp biljek mowzuklarynda çäk ýokdur. Şonda-da, näme edilip bilinjekdigi we näme edilmegi gowy boljakdygy arasynda tapawut bardyr. Munuň netijesinde, Wikipediýa ýazyljak zatlar ensiklopedik maglumat bolmalydyr. Wikipediýanyň ummasyzlygy ähli zada ejaza berýän bir ýörelge däldir: Wikipediýa ýazyljak makalalar Wikipediýanyň 5 sütünine jaýdar bolmalydyr.

Ensiklopedik mazmun

Dogry bolmagy ýa-da peýdaly bolmagy materialyň Wikipediýa girmegine ýeterlik sebäp däldir. Bu diýmek, haýsydyr bir material diňe bir dogrudygy ýa-da peýdalydygy sebäpli Wikipediýa ýazylmaly däldir. Wikipediýa makalalary mowzugy baradaky ähli we islendik maglumaty öz içine almak üçin däldir, bu baradaky ykrar edilen maglumatlary okyja üpjün etmek üçindir. Wikipediýanyň nämeleri öz içine almaly däldigi barada birnäçe gowy hilli mysallar aşakda üpjün ediler.

Wikipediýa sözlük däldir

Wikipediýa sözlük däldir we köçe diline bolan gollanma däldir. Şu abzasyň aşagynda görkezilen maddalar Wikipediýa makalasy däldir:

  1. Wikipediýa makalalary tanyşdyryş däldir, umumy maglumat däldir. Wikipediýa makalalary umumy maglumat bilen, tanyşdyryş bilen başlamalydyr emma diňe bir tanyşdyryş ýa umumy maglumat bilen çäklenen makalalar giňeldilmelidir. Eger olary gysgaça tanyşdyryşdan daşary uzaltmaga elýeter material ýok bolsa bu diýmek bu mowzuk Wikipediýada özbaşyna sahypa bolmaga mynasyp däldir.
  2. Wikipediýa makalalary sözlük ýazgysy däldir. Ensiklopediýa makalalary şahsyýetler baradadyr, bir topar baradadyr, bir waka ýa-da nämedir bir zat baradadyr we ş.m.
  3. Wikipediýa gürleşme gollanmasy däldir. Diller we şiweler (dialektler) görnüşleri barada suratlandyryjy maglumatlar gereklidir emma haýsydyr bir sözüň ýa-da retorikanyň nirede nähili ulanyljakdygy barada gollanma ýeri däldir Wikipediýa.

Wikipediýa öz zähmetleriňiz üçin ýer däldir

Wikipediýa siziň öz derňewleriňizi, pikirleriňiz, netijä barmalaryňyzy paýlaşmak üçin bir sosial saýt ýa forum däldir, Wikipediýa beýle blog hem däldir. Wikipediýa öz bilýän geň maglumatlaryňyzy paýlaşma ýeri hem däldir. Wikipediýa:Elin gözleg gadagan ýörelgämiz geregi aşakda görkezilen maddalary Wikipedýiada neşir etmäň:

  1. Elin tezisiňiz: Ygtybarly çeşmä esaslanýan hem bolsa öz baran netijäňiz, çözgüdiňiz, jemlemäňiz we ş.m. paýlaşmaň Wikipediýada. Akademiki dissertasiýa hem ýazan bolsaňyz ony Wikipediýada neşir etmäň, ony ylmy žurnallarda, onlaýn ylmy saýtlarda we ş.m. ygtybarly çeşmelerde paýlaşyň, ondan soňra oňa Wikipediýada ýer berilip biliner.
  2. Öz döredijiligiňiz: Siz küşt oýnamagyň täze wariantyny döretdiňizmi? Täze adalga döretdiňizmi? Ýa-da breýk tansynda täze hereket tapdyňyzmy? Roman ýazdyňyzmy? Bular we muňa meňzeş zatlaryň hiç biri Wikipediýada neşir edilmäge mynasyp däldir. Mynasyplyk talaplaryny berjaý edenden soňra siziň döredijiligiňize Wikipediýada ýer berip bolar.
  3. Şahsy düzmeler: Belli bir mowzuk barada öz pikirleriňizi ýa-da 'ylmy dissertasiýaňyzy' Wikipediýada neşir etmäň. Wikipediýada belli ugur üstündäki hünärmentler sitata edilip bilner
  4. Belli bir mowzukda çekeleşik: Wikipediýa ensiklopedik maglumatlar ýazylmalydyr, meselem bir futbolçy X gol urdy şeklinde. X futbolçy Y futbolçysyndan has gowudyr ýaly çekeleşik pikirleri Wikipediýada neşir edilmeli däldir.

Wikipediýa mahabathana ýa-da ýaýbaňlandyrma ýeri däldir

Wikipediýa Propoganda, mahabat, önüm tanyşdyryş, önüm ýaýbaňlandyrma ýaly maksatlar üçin ulanylmaly däldir. Bu düzgün diňe bir makala sahypalary çäklenmän eýsem kategoriýalar, ulanyjy atlary, faýllar, çekişme sahypalary, pikir alyşma sahypalary şablonlar we ulanyjy sahypalarynda hem ýörgünlidir.

Wikipediýa çelgiler, faýllar we çeşmeler ambary däldir

Ýüklenilýän suratlar, sitata edilýän çeşmeler we çelgiler, makala mazmunlary ählisi ensiklopedik aýratynlykda bolmalydyr we bir mowzuk barada maglumat berýän bolmalydyr. Kimdir biriniň portredi ýa-da bir ahwalatyň pursady ýaly suratlar maglumat üpjün ediji äheňde Wikipediýa ýerleşdirlip bilner emma suratlar albomy kolleksiýasy we ş.m. Wikipediýada orun berilmeli däldir.

Wikipediýa blog saýty däldir, sosial saýt we hatyra saýty däldir

Feýsbuk, Twitter ýaly saýtlar hökmünde ulanylmaly däldir Wikipediýa. Wikipediýa üstünden öz şahsy bloguňyzy ýöredip bilmersiňiz, öz cloud maglumat ambaryňyzy hem ýöredip bilmersiňiz. Bu zatlar Wikipediýa taglymatyna tersdir we gadagandyr. Wikipediýa aşakda görkezilen maddalar boýunça ulanylmaly däldir:

  1. Ulanyjy sahypalary: Wikipediýa ulanyjylarynyň öz hasabyna degişli sahypalary bardyr emma bu sahypalar ulanyjynyň Wikipediýadaky taglymatyna degişlilikde maglumat üpjün etmek üçin ulanylmalydyr. Ulanyjy sahypalarynda Çäkli biografiýa rugsat edilýär emma ondan daşary blog ýa-da pursat paýlaşma ýeri hökmünde ulanylmaly däldir.
  2. Faýl ambary: Wikipediýa surat, ses we hat-da wideo faýl hem ýüklemek mümkindir emma bular ensiklopedik maglumat beriji äheňde bolmalydyr. Ýokarda belläp geçilişi ýaly, Wikipediýa Leonel Messiniň portredi ýa-da belli bir ahwalatdaky pursady ýüklenip biler degişli maglumatlar üpjün edilmegi bilen emma onuň pursatlaryny jemleýän fotoalbomlaryna Wikipediýada orun berilmeli däldir.
  3. Ýar gözlegi: Wikipediýa ýar gözlegi ýa gatnaşyk gözlegi üçin jaýdar ýer däldir. Jynsyýetiňizi belli etmekden öte maglumatlar (blondinkalar bilen gyzyklanýan ýaly) kabul edilip bilinmez.
  4. Hatyra ýeri: Wikipediýa ýazyljak makalalar Mynasyplyk kadalaryny berjaý etmelidir. Wikipedýia Wikipediýa:Mynasyplyk talaplaryna gabat gelmeýän ölen dostlaryňyz, itiňiz, pişigiňiz we ş.m-leriň hatyrasy dikiljek ýer däldir.

Ulanyjy sahypaňyz size degişli däldir, ulanyjy sahypaňyz beýleki Wikipediýaçylar we siziň araňyzda kordinasiýa gurnap bilmegi aňsatlaşdyrmak maksatly size aýrylan orundur.

Wikipediýa gollanma däldir

  • Belli bir zadyň nähili amala aşyrylýandygyny paýlaşmak üçin ýer däldir Wikipediýa. Belli bir zadyň ulanylyş usulyny düşündirmek üçin hem ýer däldir Wikipediýa.
  • Kimdir biriniň şejere daragtyna saklamak, paýlaşmak we ş.m. üçin ýer däldir Wikipediýa. Diňe gerekli halatynda belli bir makalada ýer berilip bilner şejere daragtyna.
  • Kimdir biriniň ýa-da haýsydyr bir zadyň habarlaşma maglumatlary, ýerleşýän salgysy we ş.m.-leriň hasaby tutulýan ýer däldir Wikipediýa. Bu maglumatlara degişli makalada gerekli ýagdaýda ýer berilip bilner.

Wikipediýa gazet däldir

Wikipediýa habar beriş serişdesi däldir. Wikipediýa mümkingadar iň soňky we iň täze maglumatlary ulanmalydyr emma birinji şahys gözünden beýanlar paýlaşmaly däldir. Wikipediýa başga ygtybarly çeşmelere salgylanmalydyr.

Jemgyýetçilik

Ýokarda beýan edilen düzgünler Wikipediýa mazmuny üçindir. Nobatdaky düzgünler Wikipediýa jemgyýeti näme däldigi baradadyr.

Wikipediýa söz azatlygyny kepillendirýän forum däldir

Wikipediýa erkin we garaşsyz ensiklopediýadyr emma syýasy ýa-da jemgyýete degişli çekeleşiklerde tarap bildirmek, garaýyş bildirmek, o mamla bu bimamla ýaly pikir beýan etmek üçin ýer däldir. Wikipediýa bu ýagdaýlary çäklendirýär.

Wikipediýa köpçülik demokratiýasy däldir

Wikipediýa demokratiýa ýa-da başga bir syýasy ulgam boýunça hereket edýän barlyk däldir. Wikipediýanyň karar alma mekanizmasy konsensuslar arkaly özgerişik we gapma-garşylygy çözmekdir, ses sanawy däldir (ses sanawy diňe Arbitr saýlamak ýaly meselelerde ulanylýar).

Wikipediýa býurokratiýa däldir

Jemleme

Nämäniň Wikipediýa mazmuny ýa-da makalasy bolmalydygy ýa-da däldigi barada oýlanýan bolsaňyz özüňize kimdir biriniň oýlanýan temaňyz barada ensiklopediýada nämä garaşjakdygyny soraň.

Ýokarda görkezilen düzgünler bozulandygy barada karara gelseňiz şulary berjaý etmek barada pikirleniň:

  • Makalanyň mazmunyny özgertmek (adaty redaktirleme).
  • Sahypa geçmişini gorap saklamak bilen makalany ugrukdyrma öwürmek
  • Öçürme syýasatyna gabat gelýän bolsa sahypany öçürilmeli sahypalar sanawyna hödürlemek.