Wadim Kazinow
Wadim Kazinow — Görnükli rus tankytçysy we edebiýatçysy Wadim Walerianowiç Kožinow 1930-njy ýylyň 5-nji iýulynda Moskwada dünýä indi. 1948-nji ýylda orta mekdebi tamamlap, Moskwa uniwersitetiniň filologiýa bölümine okuwa girýär we ony 1954-nji ýylda tamamlaýar. Soňra Moskwadaky Dünýäedebiýaty institutynyň aspiranturasyndaokaýar. 1957-nji ýyldan başlap, ömrüniň ahyryna çenli şol institutyň edebiýat nazaryýeti bölüminde zähmet çekýär. Wadim Kožinowyň esasy işleri rus edebiýatynyň nazaryýetiniň meselelerine, on dokuzynjy asyr rus edebiýatyna, öz döwrüniň edebi durmuşyna bagyşlandy. Ol 1963-nji ýylda M.M. Bahtiniň «Dostoýewskiniň poetikasynyň meseleleri», 1965-nji ýylda bolsa «Fransua Rabläniň döredijiligi» atly işleriniň neşir edilmegine uly goşant goşdy.
Onuň galamyna «Sungatyň görnüşleri» (1960); «Dostoýewskiniň «Jenaýat we jeza» romany», «Pomanyň gejip çykyşy» (1963); «Goşgy nähili ýazylýar.Şahyrana döredijiligiň kanunlary hakda» (1971; 1980; 2001) ýaly 30-dan gowrak eser degişlidir. Wadim Kožinow 2001-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Moskwada aradan çykdy.