Togtamyş han

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle

Togtamyşyň hakyky ady Nasyreddin Togtamyş han (1342?-1405-08?. Tümen ýakynlary, günbatar Sibiriýa) 1380-1396-njy ýyllar aralygynda Altyn Orda hany bolupdyr. Ak Orda we Gök orda hanlyklaryny Altyn Orda döwletiniň saýasynda birleşdiripdir. Çingiz hanyň iň kiçi agtygy Orda hanyň neslinden gelip çykan. Juçynyň ogullaryndan Tuga Teýmiriň neslinden gelen Tüý Hojanyň ogludyr. Ak Orda hökümdary Urus han (hökümdarlygy 1369-1379) kakasyny öldürdip Samarkanda baryp Teýmiriň hyzmatynda durdy (1375). Teýmiriň hemaýaty bilen 1375-nji ýyldan başlap ilki Ak Orda hökümdary Teýmir Mäligi ýeňlişe sezewar edýär. Soňra gündogar Deşti-Gypçaga agalyk etdi (1377). 1378-nji ýylda Kalka söweşinde Günbatar Deşti-Gypjak hökümdary Kyýat Mamaý hany ýeňlişe sezewar edip Altyn Orda döwletini basyp aldy (1378) we dargan goşun birligini täzeden jemledi. Şonluk bilen Juçy ulusynyň Özbekler bilen birlikde Ak Orda we Altyn Orda gollaryny öz golastynda täzeden birleşdiren Togtamyş, garaşsyzlyk ugrunda jan edýän emirleri agzybir etdi. 1382-nji ýylda Moskwa şäher galasyny zabt etdi we Rus şazadalaryny Altyn Orda salgyt tölemeklerine mejbur etdi. Özüne baş göteren Rus şazadalyklary bilen Litwanýada agyr ýeňlişe ugratdy we bu ýerleri gol astyna aldy. Altyn Orda hanlygyny öňki kuwwatly ýagdaýyna getirip Seýhundan Turlaýa (Dniestr) Sygnak we Otrardan Kiýewe uzalan uly döwletiň hökümdary boldy.

Togtamyş bilen Teýmiriň aralygyndaky söweş[üýtget | edit source]

Ýokarda durup geçişimiz ýaly Teýmir Togtamyşa köp ýardamlar edipdi. Togtamyş bu edilen ýagşylyklary unudupdy we ony äsgermän başlapdy. Şunça başarnyklaryndan soňra Altyn Orda döwletiniň öňki serhetlerine bagly bolan Teýmire bagly bolan Horezmi yzyna gaýdyp almak isledi. Şol hem Teýmir bilen Togtamyşyň aralarynyň bozulmagyna getiripdir. Çozuşlar edip Teýmirli döwletiniň golastyndaky Azerbeýjana çozup girmekden çekinmedi (1387). 1388-nji ýylda Teýmiriň günbatar ýörüşlerinden peýdalanyp onuň ogly Omar Şeýhi ýeňip bütin Mawerannahra çozdy. Taýýarlyk görüp soňra Teýmire Gunduzja söweşinde ýeňilip bu sapar öz döwleti duşman kuwwatlary tarapyndan syndyryldy. Bu ýeňlişde Deşti-Gypjakdaky güýjini goraýan Togtamyş, Memluk soltany Berkuka ilçi ugradyp Teýmire garşy onuň bilen soýuzdaş boldy. Aryny almak üçin Teýmiriň Mardin we Diýarbekr üleklerine baran wagtlary Detbentden Şirwana bir sapar çozuş etdi we bütin halkyny gylyçdan geçirdi. Çozuşlary netijesinde ýykyp-ýakyşdyranyndan (1394) soňra, Altyn Orda ýörüşe çykan Teýmir bilen bolan Terek söweşinde (1395) hem ýene ýeňlişe sezewar bolýar. Ýeňilip Kazana (Gazan) janpenalary bilen sag-aman gaçyp gutuldy. Altyn Ordanyň paýtagty Saraý Berkäni basyp alan Teýmir, gaçan Togtamyşyň ýerine özüne gullukçy bolan emirlerden Teýmir Gutlugy hanlyga belläp bolýan ýerine gitdi. Teýmir çekilen wagty Togtamyş tagtyny täzeden ele alsa-da güýçli Nogaý emirlerinden Edige Mirzanyň goldawyny gazanan Teýmir Gutluga garşy turan meýdan söweşinde ýeňileninden soň tagty eýesine galdyryp Litwanýa şazadasy Wytauta sygynmaga mejbur boldy (1397). Golastyna berilen Litwanýa goşunynyň kömegi bilen Teýmir Gutluga we Edige Mirza garşy alyp baran ikinji söweşinde hem ýeňildi (1399) we Deşti-Gypjaga gaçdy. Günbatar Sibiriýada dost saýan käbir Gypjak emirleriniň ýanynda gizlinlikde ýaşamaga başlady. Timur Gutlug öleninden soňra (1401) täzeden ýerine geçmäge taýynlyk gören Edige Mirza tarapyndan Tümen ýakynlarynda tutulup öldürildi. Käbir çeşmeler Karaton derýada yzarlanyp öldürilendigini bildirýär. Togtamyş taryhda Altyn Orda döwletiniň toplanyp güýçlenmegine sebäp bolan, soňra Teýmir bilen jeň edip ýeňlişe sezewar bolan hökümdar diýlip tanalýar.

Çeşmeler[üýtget | edit source]

Ana Britannica, jilt 30, s. 100 (1994) Beýik Larousse, 22. Cilt, s. 11584