Çingiz han

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Güýz paslyndaky Onon derýasy, ol ýerde Çingiz han dünýä inipdir we önüp ösüpdir

Çingiz han (mong. Çingis haan [tʃiŋɡɪs χaːŋ], 1155 ýa-da 116225 awgust 1227) — dagynyk mongol taýpalaryny birleşdiren, borjiginler taýpasyndan bolan mongol hanynyň gysga tituly.

Mongollaryň Hytaýa, Orta Aziýa we Gündogar Ýewropa bolan basybalyjylykly ýörişlerini guran goşun serkerdesi. Mongol imperiýasynyň düýbüni tutujy we onuň ilkinji beýik kagany.

Höküm sürdi: 1206 ý - 17.08.1227 ý. Özünden soñ: Ugedeý han. Aýallary: Börte Ujin, Gulan, Ýusuý, Ýusigen. Perzentleri: Juçi, Çagataý, Ugedeý, Tuluý. Doly ady: Timuçin (Demirçin). Hanedan: Börçigin. Kakasy: Ýesügeý. Ejesi: Höelin. Doguldy: 1162. Mongollar. Dülün-Boldak. Ölümi: 18.08.1227 (65 ýaşynda). Gubury: Belli däl (ýöne çak edilýän bir mazar onuñky). Dini Göktañryçylyk.

Çingiz han (Cenghis khan, Çinggis Han, Çiññiz han ýa-da hakyky ady: Temuçin (manysy Demirçi) ady bilen tanalan (Mongolça: Чингис хаан ýa-da Tengiz (manysy Deñiz) Parsça: چنگیز خان; d. (1155)1162 – ö. 18 Awgust 1227) mongollaryñ serkerdesi, hökümdary we Mongol hökümdarlygynyñ gurujusy bolan şahsyýetdir.

Umumy[üýtget | edit source]

Bitewi Mongol döwletini esaslandyryjy, serkerde. Ýesugeý batyryň urugyndan bolan maşgalalaryň birinde dogulýar. 1204-nji ýyla çenli Çingiz han häkimlik ugrundaky esasy bäsdeşlerini ýok edýär we ägirt giň territoriýany basyp alýar. 1206-nji ýylda sähra aristokratiýasynyň gurultaýynda ol mongol taýpalarynyň hemmesiniň beýik hany diýlip yglan edilýär. Çingiz han içeri syýasatda mongol taýpalaryny birleşdirmäge we feodallaşan urug-taýpa baýlarynyň bähbidini goraýan täze döredilen hökümeti dolandyrmagyň merkezleşdirilen usulyny üpjün etmäge aýratyn üns berýär. Ol 1206-njy ýylda ýörite karar bilen mongol taýpalaryny harby-administratiw birliklere bölýär. Çingiz han 10 müň adamly şahsy gwardiýa (keşig) döredýär, ol döwlete garşy närazylyklaryň ýüze çykan ýerlerindäki hereketleri basyp ýatyrmakda esasy güýç bolýar. Çingiz han daşary syýasatda öz häkimligindäki territoriýany maksimal giňeltmäge ymtylýar. 1207-1211-nji ýyllarda Çingiz han Sibiriň we Gündogar Türküstanyň halklaryny boýun egdirýär, 1211-nji ýylda bolsa Szin döwletiniň üstüne çozýar. Bu uruşlar döwleti güýçden gaçyrýar, XIII asyryň ahyrlarynda döwlet syýasy, ykdysady we medeni taýdan pese düşýär. Çingiz han 1226-njy ýylda Si-sýa döwletine garşy geçiren ýörişi wagtynda, şonuň territoriýasynda ölýär (Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 10)[1]. Çingiz han XIII asyryñ başynda Aziýadaky bütin göçme Mongol-tatar, Hun taýpalaryny birleşdirip, olaryñ başynda bolýar. Çingiz han 1206-1227-nji ýyllar aralygynda Demirgazyk Hytaýdaky, Günbatar Hia we Çyn hanedanyny, Günbatar Türküstandaky Garahytaý (Karakidaneý), Mawerannahr (Amyderýa, Syrderýa aralygy) Horezmşalar, Horasany, Eýrany, Kawkaziýany, Deşdi-Gypjak we Itil Bolgarlaryñ ýurtlaryny eýeläp Ýuwaş okendan Hazar deñzine çenli golaý aralykdaky topraklary basyp alýar we Mongollar hökümdarlygyny gurýar. Ol Sähraýy däbi boýunça gadymy Hun serdary Mode hanyñ onluk birleşmesini ulanyp meritokratik berk düzgün-nyzamly goşuny düzýär. Jansyzlyk sungatynda Seljuklardan we Haşhaşylardan soñ 3-nji orunda durjak şekilde jansyzlary ýetişdirýär. Jansyzlary goñşy döwletlerden habar getirip, ýurduñ ahwaly hakda aýdyp durar ekenler. Iñ ýakynyndan hem şübhe edip gezen şahsyýet bolupdyr. Şonuñ üçin ol kä wagt adylly bolup, kä ýerde gowşaklyk edip, ýüregine düşen wagtam rehimsiz-zalymlyk häsiýetleri, şol bir wagtyñ özünde, görelde bolar ýaly jezalandyrma ukyplary hem bolupdyr. Şonuñ üçinem bu şahsyýeti adyl, ýa zalym diýip baha bermek bolmaz. Goñşy döwletleri özüne birleşdirmegi, basyp almagy, gatnaşyk etmegi gowy görýär eken. Basypalyşlarynyñ soñunda birnäçe şäherler weýran edilip, talanypdyr we milýonlap adamlar zorluk-süteme sezewar edilipdir. Çingiz han Ýasasy ady bilen meşhur bolan kanunlarynda özüniñ maddalaryny düzdürýär[2]. Çingiz han mongollaryñ hat-ýazuwly bolmagy üçin Uýgurlardan mugallym, alymlary Garaguruma çagyrýar we Mongol dili üçin Uýgur elipbiýini çagalaryñ öwrenmegi üçin saýlap alýar. 1227-nji ýylda Demirgazyk Hytaýdaky Tangutlaryñ üstüne ýöriş eden wagty biynjalykdan ömür tanapyny kesdi. Gurduran hökümdarlygy häzirki Russiýa Federasiýasy ýaly geografik serhede eýe bolupdyr. Ölüminden soñ ogullary we agtyklary onuñ yzyny dowam etdiripdirler. Çingiz hanyñ ölüminden soñ adamzat taryhynda Hunlardan soñ beýik Mongol Hökümdarlygy gurupdyrlar.

Awtobiografiýasy[üýtget | edit source]

Çingiz hanyñ häsiýetleri, sypatlary hakynda 1221-nji ýylda Çingiz hanyñ ýanyna gelen Song ilçisi, Çyn-Maçynly (Hytaý) serkerde Meng-hung we ony Horasanda gören adamlardan maglumat alan Eýranly Taryhçy Jüzjanynyñ eserinden başga eser ýokdyr. Meng-hung, onuñ uzyn boýly, giñ ýüzli we uzyn sakalynyñ bardygyny, we beýleki mongollara meñzemeýän ak saçly we pişik gözli (gyýyk göz) adam bolupdyr. Çingiz hanyñ duşmanlaryna we özüne haýynlyk, ikiýüzlilik edenlere garşy rehimsiz we gaty jezalandyryş çäreleri bolupdyr. Kiçiliginden başlap kynçylyk, agyr günleri görendigi üçin we şol kynçylykdan baş alyp çykany üçin özüne kömek edeni kim bolsa-bolsun, özüniñ jigsi we kakasy ýaly görýär eken. Hökümdar bolan soñ ýigitlik wagtynda ýanynda hemdem bolan kişileri gowy garşylar eken. Taýjiutlara ýesir düşen wagty gaçan wagty ony öýünde saklan Sorhan Şira we çagalara, ogurlanan atlaryny tapmak üçin at ogurlaryny yzarlan wagty tanyşan Bugurçy, Jamuka bilen söweşen wagty ýaralananda, onuñ ýarasyna melhem eden we aç-hor etmedik Jelme bilen Jamuka dagylary sylaglapdyr. Iñ ýigrenýäni hem duşman tarapdaky ikiýüzli adamdy. Çykgynsyz ýagdaýa düşen hojaýynlaryna ikiýüzlilik edip özüne ýaranjañ bolanlary ölüme sezewar eder eken. Duşmany bolan hökümdarlara soñky demine çenli gulluk edenleri bolsa öz gullukçysy ýa-da hyzmatkäri edip öz ýanyna alar eken. Öz hanlaryna haýynlyk edenleriñ bütin nesilleri bilen ýok etdirýär eken. Pekini basyp alan wagty, ýesirleriñ arasynda Jin hanedanyna gulluk eden Liýaso Tunglu şazada hem bardy. Ýe Liýu Çutsaý atly alym Çingiz hanyñ ünsüni çekipdir. Çingiz han ondan: Ýyllar boýy size duşman bolan bir hanedanlyga näme üçin gulluk edýäñ? diýip soranda Ýe Liýu Çutsaý: Kakam we maşgalamdan birnäçe adam olaryñ hyzmatynda bolan, indi menem şolaryñ dowamyny ýöredýän diýeninde Çingiz han onuñ bu jogabyna begenipdir we: Onda maña-da hyzmat edip bilersiñ diýipdir. Ýe Liýu Çutsaý Çingiz hana gulluk etjekdigi hakda ant içdi we ölýänçä onuñ ýanyndan aýrylmady. Çingiz han adamlary saýlap-seşme häsiýeti hem bolupdyr. Mukhualy, Jebe, Subutaý dagylary şeýle bir sadygy edipdir welin, olar hiç haçan Çingiz hana dönüklik etmediler. 1206-njy ýyldan soñ öleninden 21 ýyl içinde hiç kim hökümdarlyga geçmäge milt etmezdi. Çingiz han her dürli zowky-sapany örän gowy görer eken. Aw etiniñ aýak topugyny iýip lezzet alar eken. Içgi içip aýda iki-üç sapar serhoş bolýar eken. Owadan lybaslary geýmäge ýykgyn edenok eken. Her hili owadan lakamlar hödür edilende almazdy. Uýgurlaryñ beren lakamlaryny ulanmagy halamazdy.

Çingiznama[üýtget | edit source]

Çingiznamalar Kazan Tatarlary we Orta Aziýanyñ kyssaçylary tarapyndan düzülen Çingiz han hakdaky dessanlardyr. XVI asyrda galama alynyp ýazylmaga başlaýar. 1551-nji ýylda Utamyş Hajy atly Gazak tarapyndan Çagataýça ýazylan Çingiznama, Çingiz han dessanynyñ ilkinji golýazmasydyr. Bulardan başga-da Depderi Çingiznama eseri hem XVII asyra degişlidir we ol Kazan tatarlary tarapyndan ýazga geçirlipdir. Ol golýazma Parižiñ kitaphanasynda, Berliniñ döwlet kitaphanasynda we Britaniýa muzeýinde saklanylýar. 1882-nji ýylda Ybraýym tarapyndan neşir edilen bu dessan Orta Aziýada Başgyrtlar, Gyrgyz-Gazaklar, Ýakutlaryñ arasynda ýaýylypdyr. Çingiz hanyñ neslinden bolan Özbek Hanlyklaryndan Hywa hanlygynyñ hökümdary Abulgazy Bahadur hanyñ XVII asyrda ýazga geçiren Şejereýi Türk we Şejereýi Teräkime atly eserlerinde Çingiznamanyñ 17-nji warýantyndan peýdalanandygy çak edilýär. Çingiznamalar Çingiz hanyñ we ogullarynyñ taryhy hekaýatlary hakynda, olaryñ taýpalary hakynda gidýär.

Maşgalasy[üýtget | edit source]

Aýallary: Börte, Ýesüý Ýigrimi ýyl boýunça özüne gyz sowgat edilmegine garamazdan iñ gowy gören hatynlary Börte we Ýesüý eken. Ogullary: 1. Juçy 2. Çagataý 3. Ugedeý 4. Tuluý Bular Çingiz hanyñ Börte atly heleýinden dogulan ogullarydy. Başga heleýlerinden we gyrnaklaryndan ogullary bolsa-da esasy şol dördüsini olardan aýry tutupdyr. Gyz(lar)y: Alaltyn Çingiz hanyñ Börteden bolan iki gyzy bar eken. Emma onuñ olardan başga köp gyzy bolupdyr we olaryñ atlary belli däldir.

Çeşme[üýtget | edit source]

[1] gollanma.com/cingiz-han.html

[2] paywand.com