Tigir sürmek sporty

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Taryhy[düzet | çeşmäni düzet]

Sportuň bu görnüşi boýunça ilkinji çekeleşikli ýaryşyň 1868-nji ýylda Fransiýanyň paýtagty Parižiň golaýyndaky ajaýyp Sen-Klu seýilgähinde geçirilendigini taryhy çeşmeler habar berýär. Bu sport ýaryşy 2 müň metr aralyga guralypdyr. Angliýaly J. Mur ýeňiji bolan Aslynda bolsa, tigiri ilkinji bolup 801-nji ýylda Russiýaly Ýefim Artamonow agaçdan ýasapdyr. Ilkinji tigir megerem häzirkilere garanyňda has sada bolandyr, emma şol döwürde bu waka ullakan öňegidişlik hökmünde kabul edilipdir hem-de köpleriň ünsüni özüne çekmegi başarypdyr.[Çeşme zerur]


“Welosiped” adalgasynyň özüniň bolsa latyn dilindäki “velos” sözi çalasyn we pes aýak diýen manyny berýändigini bellemelidiris.[Çeşme zerur]


Türkmenistandaky taryhy[düzet | çeşmäni düzet]

Tigir sürmegiň welotrek görnüşinde 1973-1974-nji ýyllarda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aktawian Nikolaýçugyň şägirtleri abraýly sport ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri bilen öz janköýerlerini begendirmegi başarýarlar. Bütindünýä çempionatynda öňe saýlanan Wýaçeslaw Kuthiniň, SSSR döwletleriniň arasynda absolýut çempion diýen ada eýe bolan Wladimir Romansowyň, SSSR-iň dürli ýyllardaky çempionlary Oraz Ataýewiň, Grigoriý Danilowyň atlary türkmen sportunyň şöhratly taryhynyň sahyplaryna baky ýazylandyr.